Türkmenistanda baýramçylyklar we däp-dessurlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda çykaran 302-nji Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.07.1995 ý. çykaran № PP-1578 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.01.2008 ý. çykaran № PP-4992 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanda baýramçylyklar we däp-dessurlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda çykaran 302-nji Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 7, 2655-nji madda)
Türkmenistanyň kanunlaryny tertipleşdirmek we sistemalaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:
«Türkmenistanda baýramçylyklar we däp-dessurlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda çykaran 302-nji Permanyny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:
«1. Türkmenistanda dynç alyş gününi bermek bilen, şu aşakdaky seneleri baýramçylyk hökmünde bellemeli we Hatyra gününi belläp geçmeli:
Täze ýyl – 1 ýanwar
Hatyra güni – 12 ýanwar
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy -19 fewral
Halkara aýallar güni – 8 mart
Nowruz baýramy - 21 mart
Ýeňiş Güni – 9 maý
Galkynyş we agzybirlik güni – 18 maý
Gurban baýramy - Gurban baýramy baýramçylygynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bellenilýär
Ýatlama güni - 6 oktýabr
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27 - 28 oktýabr
2. Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksiniň 66 maddasyna şu Permanyň 1 maddasyndan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmeli.
3. Türkmenistanyň bütin territoriýasynda şu aşakdaky seneleri belläp geçmeli:
«Suw damjasy - altyn dänesi» baýramçylygyny - apreliň birinji ýekşenbesi
Türkmen bedewiniň baýramçylygyny - apreliň soňky ýekşenbesi
Magtymgulynyň poeziýasynyň baýramçylygyny – 19-njy maý (dynç alyş güni berilmezden)
Türkmen halysynyň baýramçylygyny – maýyň soňky ýekşenbesi
Türkmen gawunynyň baýramçylygyny - awgustyň ikinji ýekşenbesi
Türkmen bagşysynyň baýramçylygyny - sentýabryň ikinji ýekşenbesi
Talyp ýaşlaryň gününi – 17 noýabr (talyplar üçin dynç alyş gününi bermek bilen)
Hasyl baýramçylygyny - noýabryň soňky ýekşenbesi
Goňşyokara gününi - dekabryň birinji ýekşenbesi».
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
1995-nji ýylyň 10-njy iýuly.
№ PP-1578.