Türkmenistanyň Serhetçiler gününi döretmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 15.08.2008 ý. çykaran № PP-5148 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.04.2019 ý. çykaran № PP-492 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Serhetçiler gününi döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 8, 468-nji madda)
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini, howpsuzlygyny goramakda, goňşy ýurtlar bilen aralykdaky dostluk-doganlyk serhediniň ygtybarly bolmagyny üpjün etmekde bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutup hem-de 1992-nji ýylyň 11 -nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň döredilmegi mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Serhetçiler gününi döretmeli we ony her ýylyň 11-nji awgustynda belläp geçmeli.
2. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy Türkmenistanyň Serhetçiler gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2008 ý. awgust aýynyň 15-i.
№ PP-5148