Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 28.08.2013

Diplomatik gulluk hakynda

28.08.2013 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Giriş maglumatlary

«Diplomatik gulluk hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen № 426-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

DIPLOMATIK GULLUK HAKYNDA

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2000 ý.¸ № 3-4¸ 36 -madda )

Şu Kanun Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň daşary syýasat ugrunyň esasy pikirine laýyklykda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň guralyşynyň we hereketiniň hukuk esaslaryny belleýär.

I BAP. ESASY DÜZGÜNLER

1 madda. Diplomatik gulluk diýen düşünje

1. Diplomatik gulluk munuň özi döwlet gullugynyň görnüşi bolup, ol Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek boýunça ygtyýarlyklary ýerine ýetirmek, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik etmek hem şolary goramak bilen baglanyşyklydyr.

2. Konsullyk gullugy Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň bir bölegi hasaplanýar.

2 madda. Diplomatik gullugy hukuk esasy

Diplomatik gullugynyň hukuk esasyny şular düzýär:

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu kanun, Türkmenistanyň beýleki kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary.

3 madda. Diplomatik gullugynyň ulgamy

1. Diplomatik gullugyynň ulgamyna şular girýär:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalary, Türkmenistanyň çäginde Daşary işler ministrliginiň wekillikleri.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi daşary syýasat işini alyp barýan we Türkmenistanyň diplomatik gullugy ulgamyna ýolbaşçylyk edýän merkezi ýerine ýetiriji edara hasaplanylýar.

4 madda. Diplomatik gullugynyň wezipeleri

Diplomatik gullugyna şu wezipeler ýüklenilýär:

1) Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara tekliplerini durmuşa geçirmek;

2) Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny, ýurt bitewiligini, onuň beýleki döwletler bilen we halkara äleminde özara gatnaşyklarynda syýasy, söwda - ykdysady we özge bähbitlerini goramagy diplomatik serişdeler we usullar arkaly üpjün etmek;

3) Türkmenistanyň bitaraplygyny berkitmek, ähliumumy we sebit meselelerini çözmekde halkara bileleşiginiň agzasy hökmünde onuň roluny ýokarlandyrmaga ýardam etmek;

4) Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny ösdürmek boýunça teklipleri işläp düzmek we Türkmenistanyň Prezidentine garamak üçin hödürlemek;

5) Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we edara görnüşli taraplarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak;

6) daşary döwletler we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk gatnaşyklaryny amala aşyrmak;

7) dünýädäki syýasy we ykdysady ýagdaýy, halkara gatnaşyklarynyň ösüş meýillerini, daşary döwletleriň daşary we içeri syýasatyny, halkara guramalarynyň işini seljermek;

8) daşary we içeri syýasaty amala aşyrmak üçin zerur maglumatlar bilen Türkmenistanyň döwlet edaralaryny üpjün etmek;

9) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri amala aşyrmak.

5 madda. Diplomatik gullugynyň borçlary

Diplomatik gullugyna şu borçlar ýüklenilýär:

1) daşary döwletler we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynda wekilçilik;

2) daşary döwletler we halkara guramalary bilen gepleşikleri geçirmegi we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmegini guramak;

3) halkara şertnamalaryny baglaşmak, tassyklamak, ýerine ýetirmek, hereketini togtatmak we mälim etmek hakynda teklipleri taýýarlamak, şeýle hem şolara goşulmak hakynda we Türkmenistanyň Prezidentine garamagyna girizilmek üçin degişli teklipleri taýýarlamak;

4) daşary döwletler we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça teklipleri Türkmenistanyň Prezidentine bellenilen tertipde hödürlemek;

5) Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalarynyň, ýygnaklarynyň, maslahatlarynyň, giň wekilçilikli ýygnaklarynyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagyny üpjün etmek;

6) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine synlamagy we gözegçiligi amala aşyrmak;

7) beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralary, daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary bilen hemişelik aragatnaşyklary saklamak;

8) daşary döwletler we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň söwda -ykdysady we maliýe taýdan aragatnaşyklaryny, ylmy-tehniki, medeni taýdan we gaýry ugurlardaky hyzmatdaşlyk işini ösdürmek we giňeltmek boýunça çäreleri işläp düzmäge gatnaşmak;

9) halkara gatnaşyklaryny hukuk taýdan üpjün etmek babatynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ony Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyk getirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;

10) ýokary, hökümet we parlament derejelerinde döwletara hyzmatdaşlyk işini protokol taýdan üpjün etmek;

11) diplomatik we konsullyk artykmaçlyklarynyň we aýratyn hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;

12) halkara-hukuk kadalary we Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan düzgünleşdirilen konsullyk borçlaryny Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda amala aşyrmak;

13) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny bellige almagyň, hasaba almagyň we saklamagyň bitewi döwlet ulgamynyň hereket etmegini üpjün etmek;

14) Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň işlemegine ýardam etmek;

15) Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty, ýurduň durmuş-ykdysady, medeni we ruhy durmuşy hakyndaky habaryň daşary ýurtlarda ýaýradylmagyna ýardam etmek;

16) Türkmenistanyň diplomatik gullugyny kadrlar bilen üpjün etmegiň meselelerini çözmek, diplomatik gullugynyň kadrlaryny taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we hünärini ýokarlandyrmagy guramak;

17) öz ygtyýarlyklarynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara hereket etmek;

18) halkara ýagdaýy we Türkmenistanyň daşary syýasaty barada döwlet edaralaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini habarly etmek;

19) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňüne tutulan beýleki borçlary amala aşyrmak.

II BAP. DIPLOMATIK GULLUGYNYŇ GURAMAÇYLYK ESASLARY

6 madda. Diplomatik gullugyny guramak

1. Diplomatik gullugyny guramak diplomatik gullugynyň bitewi ulgamyny döretmek we ösdürmek arkaly amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ministrligiň wekillikleriniň düzümleýin gurluşyny tassyklamak Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalaryny açmak Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilýär.

7 madda. Diplomatik gullugynyň işini guramak

Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalaryny, Türkmenistanyň çäginde Daşary işler ministrliginiň wekilliklerini guramak Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

III BAP. DIPLOMATIK GULLUGYNYŇ KADRLARY

8 madda. Diplomatik wezipeler

1. Diplomatik gullugynyň kadrlarynyň düzümine ştatda diplomatik wezipelerde bolýan diplomatik işgärler girýärler.

2. Halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Aýratyn tabşyryklar baradaky ilçi diplomatik wezipesi bellenilýär.

3. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasy we onuň Türkmenistanyň çägindäki wekillikleri üçin aşakdaky diplomatik wezipeler bellenilýär:

1) daşary işler Ministri;

2) daşary işler ministriniň birinji orunbasary;

3) daşary işler ministriniň orunbasary;

4) Daşary işler ministrliginiň işi diplomatik gullugynyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek bilen gös-göni baglanyşykly düzümleýin kiçi bölüminiň ýolbaşçysy;

5) Türkmenistanyň çäginde Daşary işler ministrliginiň wekilliginiň ýolbaşçysy;

6) geňeşçi;

7) birinji sekretar;

8) ikinji sekretar;

9) üçünji sekretar;

10) attaşe.

Şu maddanyň üçünji böleginiň 4 we 5 bentlerinde görkezilen wezipeleriň atlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüm gurluşyna laýyklykda kesgitlenýär.

4. Daşary ýurtlarda Tükmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalary üçin aşakdaky wezipeler bellenilýär:

1) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, halkara guramasynyň ýanynda Hemişelik wekil;

2) Iberilen wekil;

3) Işleri ynanylan wekil;

4) Baş konsul;

5) Geňeşçi-iberilen wekil, halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliň orunbasary;

6) geňeşçi;

7) konsul;

8) birinji sekretar;

9) konsulyň orunbasary;

10) konsullyk agent;

11) ikinji sekretar;

12) üçünji sekretar;

13) attaşe.

5.Diplomatik wezipeleri eýeleýän şahslara “Diplomatik derejeler hakynda” Türkmenistanyň kanuny bilen kesgitlenýän tertipde diplomatik derejeler dakylýar.

9 madda. Diplomatik gullugy ulgamynda wezipelere bellemek

1. Diplomatik wezipelere ýokary bilimi bolan, daşary ýurt dilini bilýän, hünäri bolan we diplomatik gullugynda işlemek üçin zerur ýörite bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary bellenip bilner.

2. Diplomatik wezipelere bellemek şertnama (kontrakt) esasynda geçirilýär. Şertnama esasynda bellenilýän diplomatik wezipeleriň sanawy, şeýle hem şertnama esasynda diplomatik gullugyny geçmegiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan tassyklanýan diplomatik gullugyny geçmegiň şertnamalaýyn görnüşi hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenýär.

3. Daşary işler ministri, daşary işler ministriniň birinji orunbasary, daşary işler ministriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Aýratyn tabşyryklar baradaky ilçi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şol wezipelere bellenilýär we wezipelerden boşadylýar.

4. Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekil, Iberilen wekil, Işleri ynanylan wekil, geňeşçi-iberilen wekil, halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliň orunbasary, konsul* (*Şu kanunyň maksatlary üçin ulanylýan “konsul” adalgasy “Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň kanunynyň 1 maddasynda görkezilen manyda ulanylýar) Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şol wezipelere bellenilýär we wezipelerden boşadylýar.

5. Diplomatik gullugy ulgamyndaky beýleki wezipelere bellemek Türkmenistanyň daşary işler ministri tarapyndan geçirilýär.

10 madda. Diplomatik gullugynyň kadrlar rezerwi

1. Diplomatik wezipelerde işlemek üçin kadrlaryň rezerwi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan düzülýär.

Diplomatik gullugynyň kadrlar rezerwiniň düzümine şular goşulýar:

1) diplomatik wezipeleriň we borçlaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri eýeleýän Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň ýokary edaralarynyň işgärleri;

2) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan halkara guramalaryna işe ýa-da ýokary okuw jaýlaryna, aspirantura, doktorantura okuwa iberilen diplomatik gullugynyň işgärleri;

3) beýleki döwlet edaralaryna, edaralara we guramalara, şeýle hem ylmy we ýokary okuw jaýlaryna işe geçirilen diplomatik gullugynyň işgärleri;

4) diplomatik gullugy edaralarynda bellenen tertipde synaglaýyn işi geçen we diplomatik gullugyny geçmek üçin teklip edilen şahslar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenýän tertipde beýleki şahslar.

2. Kadrlar rezerwini düzmegiň tertibi we işini guramak Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň kadrlar rezerwi hakyndaky Düzgünnama bilen düzgünleşdirilýär.

11 madda. Wezipeden wezipä geçirmek, diplomatik wezipeleri çalşyrmak

1. Diplomatik gullugynyň işgärlerini bir wezipeden başga wezipä geçirmek gulluk işiniň zerurlygyna laýyklykda işgärleriň kärini, hünär taýýarlygyny, kadrlaryň aýlanyş we ýöriteleşdiriliş ýörelgelerini nazara almak arkaly amala aşyrylýar.

2. Diplomatik wezipeleriniň boş orunlaryna bellemek düzgün hökmünde diplomatik gullugynyň kadrlar rezerwi esasynda geçirilýär.

12 madda. Diplomatik işgärleriniň aýlanyşygy

1. Türkmenistanyň diplomatik gullugy ulgamynda diplomatik işgärleriniň aýlanyşygy amala aşyrylýar.

Diplomatik işgärler aýlanyşygyň çäklerinde hünär taýýarlygyny we ýöriteleşdirilişini göz öňüne tutmak bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna, halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalaryna iberilip bilner, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynda, şonuň ýaly-da onuň Türkmenistanyň çägindäki wekilliklerinde öz işlerini amala aşyryp bilerler.

2. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalarynda diplomatik gullugynyň işgärleriniň üznüksiz iş möhleti üç ýyldan artyk bolmaly däldir. Görkezilen möhlet gulluk zerurlygyna görä we diplomatik gullugynyň işgäriniň razylygy bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri tarapyndan bir ýyla çenli möhlete uzaldylyp bilner.

3. Şu kanunyň 9 maddasynyň 4 bölegi tarapyndan bellenen tertipde diplomatik wezipelere bellenilýän şahslaryň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalarynda üznüksiz iş möhleti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

13 madda. Diplomatik gullugy ulgamynda synaglaýyn iş

1. Diplomatik gullugyny geçmek üçin zerur bolan hünär taýdan taýýarlygyň we ýörite bilimleriň derejesini kesgitlemek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi diplomatik gullugynda synaglaýyn iş geçmegi guraýar.

2. Synaglaýyn iş geçmegiň möhletleri we tertibi Türkmenistanyň daşary işler ministri tarapyndan bellenilýär.

14 madda. Diplomatik gullugynda bolmak bilen baglanyşykly çäklendirmeler

1. Diplomatik işgärleriniň şulara hukugy ýokdur:

1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga, beýleki hak tölenilýän iş bilen meşgullanmaga;

2) özüniň ýa-da ynanylan adamlarynyň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;

3) daşary döwletleriň, halkara we daşary ýurt guramalarynyň sylaglaryny, hormatly we ýörite atlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň razyçylygy bolmasa almaga.

2. Diplomatik gullugy ulgamynda ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlygynda durýan adamlara (ene-atalar, är-aýal, doganlar, uýalar, ogullar, gyzlar, şeýle hem är-aýalyň doganlary, uýalary, ene-atasy we çagalary), eger şolaryň işi biriniň beýlekä gös-göni tabynlygy ýa-da gözegçiligi bilen baglanyşykly bolsa, onda olaryň bilelikde işlemegine ýol berilmeýär.

15 madda. Diplomatik gullugynyň işgärlerini yzyna çagyrmak

1. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalarynda işleýän diplomatik işgärler özleri ýa-da olaryň maşgala agzalary tarapyndan masgaralaýjy etmişleri ýa-da gulluk ygtyýarlyklaryny mundan beýläk ýerine ýetirmekde ýaramaz netijelere getirip biljek hereketleri eden halatynda möhletinden öň, Türkmenistana yzyna çagyrylyp bilner.

2. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalarynda dolandyryş-tehniki we hyzmat ediş işgärleriniň düzüminde Türkmenistanyň raýatlaryndan wezipeleri eýeleýän işgärlere hem şu maddanyň birinji böleginiň hereketi degişlidir.

16 madda. Diplomatik gullugynyň bes edilmegi

Diplomatik gullugynyň bes edilmegi üçin şular esas hökmünde hasaplanýar:

1) öz islegine görä işden boşadylmagy barada arza bermegi;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada göz öňüne tutulan esaslar boýunça şertnama möhletiniň dolmagy ýa-da şertnamanyň bozulmagy;

3) Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan başga esaslar.

IV BAP. DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ HUKUKLARY, BORÇLARY, HÖWESLENDIRILMEGI WE DÜZGÜN-NYZAM JOGAPKÄRLIGI

17 madda. Diplomatik işgärleriniň hukuklary

1. Diplomatik gullugynyň işgärleri öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda şulara hukuklydyr:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary tarapyndan kepillendirilen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga;

2) diplomatik gullugynyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri seretmäge we çözmäge gatnaşmaga;

3) gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan habary, resminamalary we maglumatlary bellenen tertipde almaga;

4) diplomatik gullugynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna teklipleri girizmäge;

5) biliminiň, hünär taýdan taýýarlygynyň we käriniň derejesi nazara alnyp, diplomatik gulluk boýunça ösdirilmäge;

6) hünär taýdan gaýtadan taýýarlanylmaga we ony ýokarlandyrmaga, şol sanda daşary ýurtlara iş saparlaryna gitmek arkaly;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Diplomatik gullugynyň işgärleri daşary ýurtlarda işlän döwründe diplomatik gullugynyň edaralarynyň işgärleri üçin halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda bellenilen artykmaçlyklardan we aýratyn hukuklardan peýdalanýarlar.

18 madda. Diplomatik gullugynyň işgärleriniň borçlary

1. Diplomatik gullugynyň işgärleri öz ygtyýrlyklaryny ýerine ýetirende şulara borçludyr:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge;

2) halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we edara görnüşli taraplarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmegi we goramagy üpjün etmäge;

3) Türkmenistanyň çäginde, şonuň ýaly daşary ýurtlarda döwlet eýeçiliginiň goralmagyny üpjün etmäge;

4) özlerine ýüklenilen wezipeleri we borçlary sap ýürekden amala aşyrmaga, beýleki döwletler we halkara guramalary bilen gatnaşyklarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge;

5) diplomatik gullugy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çykaran buýruklaryny we emrlerini ýerine ýetirmäge;

6) döwlet we zähmet düzgün-nyzamyny, şeýle hem diplomatik etikanyň kadalaryny berjaý etmäge;

7) öz hünär derejesini we kärini ýokarlandyrmaga;

8) Türkmenistanyň kadalaýjy hukuk namalary bilen göz öňüne tutulan başga borçlary ýerine ýetirmäge.

2. Diplomatik gullugynyň işgärleri daşary ýurtlarda işlän döwründe özleriniň bolýan ýurdunyň kanunlaryny, düzgünlerini, däplerini we dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.

19 madda. Diplomatik işgärleri höweslendirmek

1. Diplomatik gullugynyň işgärleri üçin höweslendirişiň aşakdaky görnüşleri bellenilýär:

1) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglamak;

2) gymmatly sowgat bilen sylaglamak;

3) diplomatik wezipesinde ösdürmek;

4) diplomatik derejesini möhletinden öň ýokarlandyrmak.

Diplomatik gullugynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan göz öňüne tutulýan beýleki höweslendiriş çärelerine hem mynasyp bolup bilerler.

2. Diplomatik gullugynyň işgärleri Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmaga hödürlenip bilner.

20 madda. Diplomatik gullugynyň işgärleriniň düzgün-nyzam jogapkärçiligi

1. Öz borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da ýeterlik derejede ýerine ýetirmedik halatynda diplomatik işgärlere aşakdaky düzgün-nyzam temmileri ulanylýar:

1) käýinç;

2) berk käýinç;

3) öz gulluk borjuna doly laýyk gelmeýändigi barada duýduryş;

4) nobatdaky diplomatik derejäniň berilmegini ýa-da has ýokary wezipä bellenilmegini bir ýyla çenli gaýra goýmak;

5) wezipesini ýa-da diplomatik derejesini peseltmek;

6) diplomatik derejeden mahrum etmek;

7) işden boşatmak;

8) diplomatik derejeden birwagtda mahrum etmek bilen işden boşatmak.

2. Diplomatik işgärleri düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmegiň esaslary, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginde görkezilen düzgün-nyzam temmilerini ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan diplomatik işgärleriniň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky Düzgünnama bilen bellenilýär.

V.BAP. DIPLOMATIK GULLUGYNYŇ ÜPJÜNÇILIGI

21 madda. Diplomatik gullugyny maliýeleşdirmek we maddy-tehniki taýdan üpjün etmek

1. Diplomatik gullugyny maliýeleşdirmek Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaýjy hukuk namalary bilen peýdalanylyş tertibi kesgitlenilýän konsullyk ýygymlaryndan alynýan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Diplomatik gullugynyň edaralarynyň işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda gozgalmaýan we başga emläge diplomatik gullugynyň edaralary tarapyndan eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýar etmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

22 madda. Diplomatik gullugy ulgamynda aragatnaşygy, arhiwi, howpsuzlygy guramak

1. Diplomatik gulluk öz işinde teledesgalaryň bar bolan setini we öz çaparçylyk gullugyny ulanýar.

2. Diplomatik gullugynyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary saklamak maksady bilen diplomatik gullugynyň arhiwi döredilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arhiwinde saklaýjy hökmünde bolan ministrlikde halkara şertnamalarynyň asyl nysgasy, Türkmenistanyň başga halkara şertnamalarynyň hakyky göçürilen nusgasy, şeýle hem ministrligiň merkezi edarasynyň we diplomatik gullugynyň beýleki edaralarynyň işi bilen baglanyşykly resminamalar we beýleki maglumatlar saklanylýar.

Diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalarynyň, şeýle hem döwletiň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekillikleriniň arhiwleri özleriniň işini amala aşyrmak üçin zerur resminamalary saklaýarlar.

Diplomatik gullugynyň arhiwini guramagyň we ýöretmegiň tertibi arhiw işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

3. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýän tertipde diplomatik gullugynyň howpsuzlyk ulgamyny guraýar.

23 madda. Diplomatik işgärlerini maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjün etmek

1. Diplomatik işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjünçiligi diplomatik gullugyny geçmegiň şertlerini we aýratynlyklaryny nazarda tutup berilýär.

2. Diplomatik işgärleriniň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjünçiliginiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan diplomatik işgärlerini maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjün etmek hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenýär.

24 madda. Daşary ýurt gulluk iş saparlary

1. Diplomatik gullugy ulgamynda işleýän şahslar, şeýle hem beýleki döwlet edaralarynyň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri diplomatik gullugyna ýüklenilen wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmek maksady bilen daşary ýurt gulluk iş saparlaryna iberilip bilner.

2. Daşary ýurt gulluk iş saparlaryna ibermegiň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýan diplomatik gullugynyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly daşary ýurt gulluk iş saparlary hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenýär.

25 madda. Diplomatik gullugynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek

Diplomatik gullugynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary şu kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaýjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

2000-nji ýylyň 19-njy dekabry

№ 50-II

Salgylanýar