Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Nebitgaz kompleksini dolandyrmagy kämilleşdirmek we mineral-çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Nebitgaz kompleksini dolandyrmagy kämilleşdirmek we mineral-çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Nebitgaz kompleksini dolandyrmagy kämilleşdirmek we mineral-çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 7, 5055-nji madda)

Türkmenistan deňi-taýy bolmadyk tebigy serişdelere we nebitiň, gazyň, mineral çig malyň dünýäde iň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hemişelik bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan garaşsyz döwlet hökmünde ykdysady ösüşi çaltlandyrmak we halkyň hal-ýagdaýyny ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklere we şertlere eýedir.

Geologiýa-gözleg işleriniň tebigy çig malyň gorlarynyň derejesine laýyk ösdürilmegi we tebigy gazyň, nebitiň çykarylýan möçberleriniň üzül-kesil artdyrylmagy we olaryň düýpli gaýtadan işlenilmegi ýurduň milli ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy şerti bolup durýar.

Emma dolandyrmagyň häzirki sistemasy gözleg-agtaryş işlerini kada laýyk guramagy we nebit-gaz känlerini ulanmagy, nebiti we gazy çykarmagy bökdeýär.

Döwlet üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan nebitgaz kompleksiniň gurluşyndaky we ony dolandyrmakdaky kemçilikleri aradan aýyrmak, täze känleri gözlemek we ulanmak baradaky işleriň gerimini giňeltmek, nebiti, gazy we mineral çig maly çykarmagy artdyrmak, şu programmalary maliýe serişdeleri bilen ünjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrligini ýatyrmaly.

2. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini döredip, mineral-çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak, analitik işi geçirmek we mineral-çig mal bazasyny ösdürmegiň, nebiti we gazy, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlary çykarmagyň we olary gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmagyň perspektiw planlaryny we umumydöwlet programmalaryny taýýarlamak boýunça döwlet dolandyryş organynyň wezipelerini onuň üstüne ýüklemeli.

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi känleri işlemek bilen baglanyşykly meselelerde ýeke-täk döwlet we tehniki syýasaty ýöretmegi üpjün etmelidir, kärhanalaryň operatiw hojalyk işine gatyşmaga ýol bermeli däldir.

3. «Balkannebitgazsenagat» konserniniň esasynda Nebitdag şäherinde ýerleşýän «Türkmennebit» döwlet konsernini döredip, Türkmenistanyň ähli territoriýasynda nebit känlerini işlemek we nebiti çykarmagy guramak üçin jogapkärçiligi onuň üstüne ýüklemeli.

4. Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň gaz çykarýan kärhanalarynyň esasynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Türkmengaz» döwlet konsernini döredip, Türkmenistanyň ähli territoriýasynda tebigy gazyň känlerini işlemek we tebigy gazy çykarmagy we gaýtadan işlemegi guramak üçin jogapkärçiligi onuň üstüne ýüklemeli.

Gaz çykarmak boýunça welaýat birleşiklerini ýatyrmaly.

5. Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň gurluşyk trestleriniň we guramalarynyň esasynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän, Nebit we gaz känlerini enjamlaşdyrmak baradaky «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernini döredip, «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň we nebitgaz kompleksiniň beýleki kärhanalarynyň zakazlaryny ýerine ýetirmegi onuň üstüne ýüklemeli.

6. «Türkmennebit», «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleri Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyn bolan döwlet kompaniýalary hökmünde hereket edýärler we önümçiligi we hojalyk işini operatiw dolandyrmagyň meselelerinde doly özbaşdaklyga eýedirler diýip bellemeli.

Konsernleriň başlyklary we olaryň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň nebiti we tebigy gazy çykarmak baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi üçin onuň öňünde jogapkärçilik çekýärler.

Nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň programmalaryny maliýeleşdirmek konsernleriň öz alýan peýdasynyň we Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmek we mineral serişdeler baradaky döwlet fondunyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

7. Ýurtda çykarylýan nebiti we tebigy gazy has-da netijeli peýdalanmak, olary düýpli gaýtadan işlemek, ilatyň we halk hojalygynyň ýangyç serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün etmek we nebitiň, gaz kondensatynyň we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmak maksady bilen, «Türkmennebitgaz» döwlet söwda korporasiýasyny döretmeli. Korporasiýanyň başlygy we onuň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär.

Nebit önümlerini öndürmek we tebigy gazy gaýtadan işlemek;

Türkmenistanyň ilatyny, kärhanalaryny we guramalaryny tebigy we suwuklandyrylan gaz hem-de nebit önümleri bilen üpjün etmek;

daşary söwda kontraktlaryny baglaşmak we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylan möçberlerde tebigy gazyň, gaz kondensatynyň, nebitiň we nebit önümleriniň eksportyny guramak;

tebigi gazyň eksporty üçin tölemek boýunça kliriň hasaplaşyklarynyň hasabyna harytlaryň we önümleriň iberilmegini üpjün etmek we önümleri, harytlary sarp edijiler we iberijiler, hyzmatlardan peýdalanýanlar we olary edýänler bilen özara hasaplaşyklaryny sazlamak baradaky işi guramagy hem-de munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň öňündäki jogapkärçiligi «Türkmennebitgaz» döwlet söwda korporasiýasynyň üstüne ýüklemeli.

Tebigy gazyň we nebit önümleriniň eksportyndan, nebit önümleriniň artyk mukdarlaryny erkin kommersiýa nyrhlary boýunça ýerlemekden alnan ähli girdeji Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmek we mineral serişdeler baradaky döwlet fondunyň ýörite sçýotlaryna gowuşýar hem-de býujet we iberijiler bilen hasaplaşyklar geçirilenden soň, Fonduň maksatlary üçin ulanylýar diýip bellemeli.

8. Geologiýa-gözleg işleri baradaky «Türkmengeologiýa» önümçilik birleşigini ýatyrmaly.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyny döredip, ozal Geologiýa-gözleg işleri baradaky «Türkmengeologiýa» önümçilik birleşigine hem-de Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň düzümine giren geologiýa, meýdan geofizikasy we çuň gözleg burawlaýyş kärhanalaryny we guramalaryny onuň düzümine birleşdirmeli.

Geologiýa-gözleg işlerini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmek we mineral serişdeler baradaky döwlet fondunyň serişdeleriniň hasabyna, ol tarapdan tassyklanylan programmalar we «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň, beýleki kärhanalaryň we guramalaryň zakazlary boýunça amala aşyrylýar diýip bellemeli.

Halk hojalygynda zerur bolan nebitiň we gazyň, ýerasty suwlaryň, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, himiýa senagatynyň we gurluşyk industriýasynyň hajatlary üçin gymmat bahaly, gara we reňkli metallaryň, çig malyň täze känlerini ýörite gözlemegi we öwrenmegi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň üstüne ýüklemeli.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hasabat berýär we tamamlanan geologiýa-gözleg işleriniň ahyrky netijeleri, känleriň senagat taýdan özleşdirmäge berilmegi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde jogapkärçilik çekýär. Korporasiýanyň başlygy we onuň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär.

Döwlet üçin möhüm ähmiýeti bolan känleriň awtorlaryna we olary ilkinji bolup açanlara uly sylaglary bermegiň sistemasyny bellemeli.

9. Türkmenistanyň Nebit-gaz senagatyny ösdürmek baradaky döwlet fonduny Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmek we mineral serişdeler baradaky döwlet fonduna öwürmeli.

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrini, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmennebitgaz» döwlet söwda korporasiýasynyň, «Türkmennebit», «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň başlyklaryny Fonduň Geňeşiniň düzümine girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 1-nji iýuly

№ PP-1848