1996 ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
1996 ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 5, 4055-nji madda)
Magtymguly adyndaky Halkara baýragy baradaky komitetiň çözgüdine laýyklykda, karar edýärin:
Şu aşakdakylara 1996 ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli:
1. Ege uniwersitetiniň türk dilini öwreniş merkeziniň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Türkmen Fikrete (Türkiýe Respublikasy) - türkmen halkynyň Beýik akyldary Magtymguly-Pyragynyň goşgularyny, beýleki türkmen klassyk şahyrlarynyň eserlerini türk diline terjime edenligi, türkmen edebiýatyny türki halklaryň arasynda wagyz edenligi üçin.
2. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýylgaý Durdyýewe, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewe - milli galkynyşyň ruhy genji-hazynasyna goşan uly döredijilik goşandy, garaşsyzlyk ideýalaryny çeperçilik taýdan çuňňur beýan edenligi, bitarap Türkmenistanyň şu günki üstünliklerini wasp edýän hem-de öz garaşsyz Watanynyň ykbalynyň eýesi bolan merdana türkmen halkynyň zähmet we watançylyk joşgunyny şöhratlandyrýan eserleri döredenligi üçin.
3. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramanyň awtory Gylyçmyrat Kakabaýewe, Türkmenistanyň halk artisti, spektakly goýujy režissýor Täçmämmet Mämmetweliýewe, spektakly goýujy hudožnik Şadurdy Alowowa, Türkmenistanyň halk artisti Sona Myradowa, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowa, Türkmenistanyň halk artisti Nurmyrat Annamyradowa, Türkmenistanyň halk artisti Oraznazar Arrykowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ruhy galkynyşyna goşan ajaýyp goşandy we «Gala» dramasyny hem-de spektaklda gahryman türkmen halkynyň wepaly ogullarynyň ajaýyp obrazlaryny döredendikleri üçin.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 3-nji maýy
№ PP-1809