Zapasdaky ofiserleri Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna hakyky harby gulluga çagyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Zapasdaky ofiserleri Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna hakyky harby gulluga çagyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2619-njy madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasyna hem-de 57 -nji maddasynyň 3-nji punktuna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Serhet goşunlary uprawleniýesi tarapyndan kesgitlenilen mukdarda 30 ýaşa çenli bolan zapasdaky ofiserleri 2 ýyl möhlete 1995-nji ýylyň iýunda-iýulda hem-de noýabrynda-dekabrynda Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna hakyky harby gulluga çagyrmaly.
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi görkezilen ofiserlerine çagyrylmagyny Türkmenistanyň Serhet goşunlary uprawleniýesi bilen bilelikde gurnamalydyr.
2. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri:
Şu Permanyň 1-nji punktuna laýyklykda zapasdaky ofiserleri Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna çagyrylmagyna ýardam etmelidir;
ofiserlere we olaryň maşgala agzalaryna gulluk ýerine gelen gününden başlap 3 aýdan gijä galman Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunlarynyň normalary boýunça ýaşaýyş jaýyny bermelidir.
3. 1993-nji ýylda çagyrylan, harby gullugyň bellenilen möhletini gulluk eden Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ofiserini hakyky harby gullukdan boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 13-nji iýuny
№ PP-1556