Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 24.09.2010

Türkmenistanyň Gümrük kodeksi

Последний известный официальный текст до 2010-09-25

Обновлено на портале · 12.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Gümrük kodeksi

2011-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň Gümrük kodeksi Türkmenistanyň 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabryndaky № 137-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitirýär.

TÜRKMENISTANYŇ

GÜMRÜK KODEKSI

Şu Kodeks gümrük işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ol Türkmenistanyň ykdysady taýdan özygtyýarlylygyny we ykdysady howpsuzlygyny goramaga, graždanlaryň, hojalyk ýörediji subýektleriň hem-de döwlet organlarynyň gümrük işi barasyndaky hukuklaryny üpjün etmäge we borçlaryny berjaý etmäge gönükdirilendir.

1 BÖLUM

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Gümrük syýasaty we gümrük işi

Türkmenistanda ýeke-täk gümrük syýasaty durmuşa geçirilýär.

Harytlary, transport serişdelerini Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirmegiň tertibi hem şertleri, gümrük töleglerini töletdirip almak, gümrük taýdan resmileşdirmek, gümrük kontrollygy hem-de gümrük syýasatyny ýöretmegiň beýleki serişdeleri gümrük işini ybarat edýär.

2-nji madda. Gümrük işi hakyndaky kanunlar

Gümrük işi hakyndaky kanunlar şu Kodeksden, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlaryndan, şeýle hem gümrük işi barasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň kabul edýän normatiw aktlaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Türkmenistanyň gümrük territoriýasy we gümrük serhedi

Türkmenistanyň gümrük territoriýasy Türkmenistanyň territoriýasyndan, territorial we içerki suwlardan hem-de şolaryň üstündäki howa giňişliginden ybarat bolup. Tükmenistanyň gümrük territoriýasy Türkmenistanyň ykdysady zonasynda ýerleşen hem-de gümrük işi babatynda Türkmenistanyň aýratyn ýurisdiksiýasynda durýan adalaryň, desgalaryň we enjamlaryň territoriýasyny hem öz içine alýar.

Türkmenistanyň gümrük territoriýasynyň çäkleri Türkmenistanyň gümrük serhedi hasaplanýar.

4-nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kodeksde ulanylýan düşünjeler aşakdakylary aňladýar:

harytlar- graždanlaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, şeýle hem daşary ykdysady aragatnaşygyň gaýry subýektleriniň eýeliginde durýan hem-de satyn almak-satmak, çalyşmak, hakyna tutmak ýa-da başga bir ykdysady geleşik etmek predmeti hökmünde Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän zatlar;

transport serişdeleri - ýolagçylary we harytlary, halkara gatnawy boýunça gatnatmak-daşamak üçin ulanylýan her bir serişde, şol sanda hem konteýnerler hem-de beýleki transport enjamlary;

zatlar -Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän her bir zat, şeýle hem graždanlaryň şahsy ulanýan zatlary, şol sanda hususy ulanylýan transport serişdeleri;

walýuta we gymmatlyklar - Türkmenistanyň territoriýasynda dolanyşykda bolup, Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän pul, daşary ýurt walýutasy, Türkmenistanyň kanunçylyk aktlarynda sanawy kesgitlenýän gaýry walýuta gymmatlyklary we beýleki gymmatlyklar;

miras galdyrylan emläk - daşary ýurtda ýa-da Türkmenistanda ýüze çykan mirasyň düzümine girýän hem Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän zatlar;

halkara, daşary ýurt guramalarynyň we wekilhanalarynyň emlägi - daşary ýurt döwletleriniň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasyndaky şolaryň ýanyndaky halkara guramalarynyň we daşary döwlet wekilhanalarynyň resmi ýagdaýlarda ýa-da gullukda peýdalanmaklary üçin niýetlenilip, Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän emläk;

predmetler - Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän islendik predmetler;

gümrük kontrollygynyň zonasy - Türkmenistanyň gümrük territoriýasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, onda harytlar we başga zatlar diňe Türkmenistanyň gümrük organlarynyň ygtyýar bermegi esasynda we şolaryň kontrollygy astynda geçirilýär. Gümrük kontrollygy zonasynyň araçäklerini gümrük edaralary araçäk kontrollygy organlary bilen ylalaşyp belleýärler;

gümrük taýdan resmileşdirmek - harytlary we transport serişdelerini belli bir gümrük düzgüninde ýerleşdirmek hem-de şu Kodeksiň talaplaryna we düzgünlerine laýyklykda şol düzgüniň hereketini tamamlamak çäresi (prosedurasy);

gümrük kontrollygy - Türkmenistanyň kanunlarynyň we Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin hem-de Türkmenistanyň gümrük organlarynyň üstüne şolaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek borjy ýüklenen bolsa, şeýle gözegçilik etmek maksady bilen, Türkmenistanyň gümrük organlarynyň amala aşyrýan çäreleriniň bütin jemi;

Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirmek -harytlaryň ýa-da başga zatlaryň Türkmenistanyň gümrük territoriýasyna islendik usul bilen, şol sanda hem truboprowod transportynyň we elektrik toguny geçiriji liniýalaryň ulanylmagy bilen getirilmegi, şol territoriýadan äkidilmegi ýa-da Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden tranzit (üstaşyr) geçirilmegi;

Türkmenistanyň gümrük serhedinden goýbermek - harytlaryň we başga zatlaryň gümrük organyna berlen zaýawkada görkezilen maksatlar üçin Türkmenistanyň gümrük territoriýasynda ýa-da onuň çäklerinden daşarda ulanylmagy üçin geçirmäge gümrük organlarynyň rugsat bermegi;

erkin çemeleşmek - Türkmenistanyň gümrük territoriýasynda ýa-da onuň çäklerinden daşarda Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilen harytlara we başga zatlara şu Kodeksde bellenen tertipde gümrük kontrollygy edilmezden erk edilmegi;

Türkmenistanyň gümrük territoriýasyna wagtlaýyn getirmek we Türkmenistanyň gümrük territoriýasyndan wagtlaýyn äkitmek - Türkmenistanyň gümrük territoriýasyna harytlaryň we başga zatlaryň şol territoriýadan yzyna äkitmek şerti bilen getirilmegi hem-de Türkmenistanyň gümrük territoriýasyndan harytlaryň we başga zatlaryň şol territoriýa yzyna getirmek şerti bilen äkidilmegi;

Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden üstaşyr (tranzit) geçirmek- harytlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň iki nokadynyň arasynda Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden gümrük kontrollygy astynda geçirilmegi;

Türkmenistanyň gümrük organlary- Türkmenistanyň islendik derejedäki gümrük organlary;

taraplar - Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň kärhanalary, birleşikleri, edaralary hem-de beýleki guramalary, fiziki taraplar, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridiki hem fiziki taraplary gatnaşýan bilelikdäki kärhanalar;

deklarant - Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän harytlar we başga zatlar hakynda maglumat berýän ýuridiki we fiziki taraplar;

zat daşaýjy - harydy hakykat ýüzünde geçirýän ýa-da ulag serişdesiniň ulanylyşyna jogapkär bolan adam.

II BÖLÜM

GÜMRÜK IŞINE ÝOLBAŞÇYLYK ETMEK.

TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK ORGANLARY WE OLARYŇ ESASY WEZIPELERI

5-nji madda. Gümrük işine ýolbaşçylyk etmek

Gümrük işine Türkmenistanyň Ministrler kabineti umumy ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanda gümrük işine gös-göni ýolbaşçylyk edýän organ Türkmenistanyň D öwlet gümrükhanasydyr.

6-njy madda. Türkmenistanyň gümrük organlary

Gümrük işini Türkmenistanyň birbitewi sistemasyny ybarat edýän gümrük organlary gös-göni amala aşyrýarlar, şol sistema bolsa aşakdakylar girýär:

Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy;

gümrükhanalar;

gümrük postlary;

gümrük goýberiş punktlary, rugsathanalary we Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy tarapyndan döredilen beýleki struktura bölümleri.

7-nji madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň esasy wezipeleri we borçlary

Türkmenistanyň gümrük organlarynyň esasy wezipeleri we borçlary aşakdakylardan ybaratdyr:

gümrük işi hakyndaky kanunçylyk aktlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek;

özleriniň ygtyýarlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramagy üpjün etmek;

gümrük-tarif mehanizmini işläp taýýarlamak we ulanmak, harytlary we başga zatlary getirmäge we äkitmäge rugsat beriş sistemasynyň berjaý edilişine kontrollyk etmek, gümrük pajyny, salgytlary we gümrük ýygymlaryny töledip almak;

gümrük kontrollygyny amala aşyrmak we ony resmileşdirmek, harytlaryň, başga zatlaryň we ýolagçylaryň Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden çalt geçirilmegine ýardam edýän şertleri döretmek;

kontrabanda garşy hem-de gümrük kadalarynyň beýleki bozulmalaryna garşy şu Kodeksde we beýleki kanunçylyk aktlarynda bellenen tertipde çäre görmek, şol meseleler boýunça baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda beýleki döwletleriň gümrük organlary bilen hyzmatdaşlyk etmek;

getirilýän harytlary alyjylaryň bähbidini goramaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek;

gümrük işine degişli meseleler baradaky halkara hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň gatnaşmagyny üpjün etmek;

gümrük organlarynyň işi hakyndaky hasabatlary we esasy statistiki maglumatlary Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde bermek;

döwlet organlaryny, kärhanalaryny, guramalaryny hem-de graždanlary gümrük meseleleri baradaky maglumat bilen üpjün etmek;

gümrük işine degişli meseleler barada spesialistleri taýýarlamak, olaryň hünärini artdyrmak;

Türkmenistanyň hukuk goraýjy organlary hem-de Serhet goşunlary bilen hyzmatdaşlyk etmek;

Türkmenistanyň gümrük işine degişli bolan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek.

III BÖLÜM

TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK ORGANLARYNYŇ WEZIPELI ADAMLARY. TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK ORGANLARYNYŇ IŞGÄRLERINI HUKUK TAÝDAN GORAMAK

8-nji madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň wezipeli adamlaryna bildirilýän talaplar

Türkmenistanyň gümrük organlarynda gulluk etmäge meýletin şertnama esasynda Türkmenistanyň graždanlary kabul edilýär, özem olaryň öz wezipelerine laýyk gelýändigi attestasion komissiýa tarapyndan ykrar edilen bolmalydyr.

Türkmenistanyň graždanlary gümrük organlaryna gulluk etmäge girenlerinde, olar Türkmenistana wepalydyklary barada kasam kabul edýärler. Kasamyň teksti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar. Kasam kabul etmegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy tarapyndan kesgitlenýär.

Gümrük organlarynyň wezipeli adamlary üçin personal atlar bellenilýär. Gümrük organlarynyň personal atlary hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Gümrük organlarynyň wezipeli adamlary gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde degişli suratda tapawutlandyryş nyşanly formaly lybas geýýärler, onuň nusgasyny Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär, lybasy geýmegiň tertibini bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy belleýär.

Türkmenistanyň gümrük organlarynyň wezipeli adamlarynyň hukuklary we borçlary şu Kanun bilen hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary bilen hem-de Düzgün-nyzam ustawy bilen kesgitlenýär.

Etmiş edip, sud edilen adamlar gümrük organlaryna gulluk etmäge kabul edilip bilinmez.

Gümrük organlarynda gulluk etmegiň daşyndan kärhanalarda işlemäge, şeýle hem daşary ykdysady iş bilen baglanyşykly bolan telekeçilik bilen meşgullanmaga rugsat edilmeýär.

(1995-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 2, 17–nji madda)

9-njy madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň wezipeli adamlaryny hukuk taýdan goramak

Türkmenistanyň gümrük organlarynyň wezipeli adamlary özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde olar döwlet häkimýetiniň wekilleri hasaplanýarlar we döwletiň goragy astynda durýarlar.

Gümrük organlarynyň wezipeli adamlarynyň kanuny talaplary graždanlaryň hem-de wezipeli adamlaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.

Türkmenistanyň gümrük organlarynyň wezipeli adamlary öz üstlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirýän mahalynda diňe kanuny gollanýarlar, kanunyň

çäklerinde hereket edýärler hem-de diňe özleriniň gös-göni naçalniklerine boýun egýärler.Ygtyýarly edilen adamlardan baga hiç kimiň Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärleriniň alyp barýan kanuny işine gatyşmaga haky ýokdur.

10-njy madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň wezipeli adamlarynyň yörite serişdeleri we ýaragy saklamagy, ýanynda götermegi hem-de ulanmagy

Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy tarapyndan kesgitlenýän, Türkmenistanyň gümrük organlarynyň aýry-aýry kategoriýaly wezipeli adamlaryna kanunlar tarapyndan bellenen tertipde ýörite serişdeleri we ýaragy saklamaga, ýanynda götermäge hem-de ulanmaga hukuk berilýär.

Türkmenistanyň gümrük organlarynda ulanylýan ýörite serişdeleriň, ýaragy we ok-därileriň görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

11-nji madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärlerini hukuk taýdan goramak

Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärleri kanunyň goragy astynda durýarlar. Gümrük organlarynyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň janyny, saglygyny, ar-namysyny, mertebesini, emlägini jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan hem-de kada-kanuna ters gelýän gaýry hereketlerden goramak kanun arkaly kepilendirilýär.

Türkmenistanyň gümrük organynyň işgäriniň kanuny buýrugyna ýa-da talabyna boýun egilmezligi, gümrük organynyň işgäri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda onuň göwnüne degilmegi ýa-da oňa haýbat atylmagy Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekilmegine eltýär.

12-nji madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgarlerine garşy gönükdirilip edilen düzgün bozmalar hakyndaky işleri ýöretmek

Şu Kodeksiň 11-nji maddasynyň ikinji abzasynda görkezinlen düzgün bozmalar, ýagny Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärlerine garşy gönükdirilip edilen düzgün bozmalar hakyndaky işlere Türkmenistanyň gümrük organyň wezipeli adamynyň düzen protokoly esasynda Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda sud tarapyndan ýa-da administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş sudýasy tarapyndan seredilýär.

IV BÖLÜM

TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK ORGANLARYNYŇ IŞGÄRLERINI SOSIAL TAÝDAN GORAMAK

13-nji madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärlerini maddy we sosial taýdan üpjün etmek

Türkmenistanyň gümrük organlarynyň personal ady bolan wezipeli adamlaryň iş haky wezipe aýlyklaryndan, olaryň personal ady üçin, köp ýyllap gulluk edenligi, daşary ýurt dillerini bilýänligi üçin tölenýän goşmaça hakdan (nadbawkalardan) ybaratdyr.

Türkmenistanyň gümrük organlarynyň personal ady bolan wezipeli adamlaryna degişli gümrük organynyň iş alyp barýan regionynda gulluk şaýatnamasy esasynda ulagyň ähli görnüşinden (taksiden başga) mugt gatnamak hukugy berilýär.

14-nji madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärlerini sosial taýdan goramak

Döwlet Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärleriniň sosial taýdan goralmagyny kepillendirýär.

Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärine hökmany döwlet strahowaniýesi degişli edilýär. Strahowaniýe etmegiň tertibini hem şertlerini Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär.

Gümrük organynyň önümçilikde heläkçilik çeken işgärlerine ýetirilen zyýan üçin döwletiň maddy taýdan çekýän jogapkärçiligi Türkmenistanyň "Zähmeti goramak" hakyndaky Kanunyna laýyklykda kesgitlenilýär.

V bölüm

TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK ORGANLARYNYŇ WE OLARYŇ WEZIPELI ADAMLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGI

15-nji madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň jogapkärçiligi

Türkmenistanyň gümrük organlary özleriniň kada-kanuna ters gelýän kararlary, hereketleri ýa-da herekesizligi netijesinde, şeýle hem özleriniň wezipeli adamlarynyň we beýleki işgärleriniň öz gulluk ýa-da zähmet borçlaryny ýerine ýetirende kada-kanuna ters gelýän kararlary, hereketleri ýa-da herekesizligi netijesinde adamlara we olaryň emlägine ýetirilen zyýan ýa-da zelel üçin jogapkärçilik çekýärler.

Zyýanyň ýa-da zeleliň öwezi Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan tertipde tölenilýär.

16-njy madda. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň wezipeli adamlarynyň we beýleki işgärleriň jogapkärçiligi

Kada-kanuna ters gelýän kararlar, hereketler ýa-da hereketsizlik üçin Türkmenistanyň gümrük organlarynyň wezipeli adamlary hem-de beýleki işgärleri Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda düzgün-nyzam, administratiw, jenaýat jogapkärçiligini ýa-da gaýry jogapkärçiligi çekýärler.

VI bölüm

HARYTLARY WE BAŞGA ZATLARY TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK SERHEDINIŇ ÜSTÜNDEN GEÇIRMEGIŇ TERTIBI

17-nji madda. Harytlary we başga zatlary Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden Türkmenistana getirmek we Türkmenistandan äkitmek hukugy

Hemme adamlara harytlary we başga zatlary Türkmenistana getirmekde hem-de Türkmenistandan äkitmekde, şol sanda hem şu Kodeksde görkezilen tertipde daşary ykdysady işi amala aşyrmakda deň hukuk berilýär

Şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlarynda bellenen tertibe laýyklykda, gümrük serhediniň üstünden islendik haryt we başga zatlar, ýagny Türkmenistanyň territoriýasyna getirmek we Türkmenistanyň territoriýasyndan äkitmek hem-de Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden üstaşyr (tranzit) geçirmek gadagan edilmedik harytlar we başga zatlar geçirilip bilner.

Harytlar we başga zatlar Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden gümrük kontrollygy astynda hem-de gümrük organynda degişli resmileşdirmek arkaly geçirilýär.

Harytlaryň we başga zatlaryň aýry-aýry görnüşleriniň Türkmenistanyň territoriýasyna getirilmegini we olaryň çäklerinden daşarky ýerlere äkidilmegini, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden üstaşyr (tranzit) geçirilmegini Türkmenstanyň Ministrler kabineti gadagan edip ýa-da çäklendirip biler.

18-nji madda. Transport serişdelerini Türkmenistanyň gümrük serhetinden geçirmegiň tertibi

Transport serişdeleri (şol sanda hususy peýdalanylýan transport serişdeleri) Türkmenistanyň gümrük serhedini kesip geçenlerinde şol serhetdäki gümrük organlarynyň ýerleşýän yerinde goýberiş punktunda durup geçýärler.

Transport serişdeleriniň şeýle punktlarda durmaly wagtynyň dowamlygy gümrük kontrollygyny etmegiň we ony resmileşdirmegiň zyýanyna gysgaldylyp bilinmez.

Transport serişdeleri şeýle ýerlerden gümrük organlarynyň we Türkmenistanyň araçäk kontrolygy organyň rugsat bermegi esasynda ugradylýar.

19-njy madda. Walýutany, gymmatlyklary Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirmegiň tertibi

Walýuta, gymmatlyklar Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk we normatiw aktlarynda bellenen tertipde geçirilip (Türkmenistanyň gümrük territoriýasyna getirilip we şol territoriýadan äkidilip) bilner.

20-nji madda. Harytlary we başga zatlary Türkmenistanyň gümrük serhetiniň üstünden üstaşyr (tranzit) geçirmegiň tertibi

Harytlar we başga zatlar Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan döwletara ylalaşyklary esasynda Türkmenistanyň gümrük territoriýasynyň üstünden üstaşyr geçirilýär.

21-nji madda. Zatlary Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirmegiň tertibi

Graždanlaryň Türkmenistana getirmek we Türkmenistandan äkitmek gadagan edilen ýa-da çäklendirilen, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden üstaşyr geçirmek gadagan edilen zatlardan başga islendik zady Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden päsgelsiz geçirmäge haky bardyr.

Türkmenistanyň Ministrler kabineti zatlaryň aýry-aýry görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirmek üçin mukdar we baha çäklendirmeleri, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden şeýle zatlary geçirmek üçin gerek bolan esaslary belläp biler.

Şu maddanyň birinji we ikinjii böleginiň düzgünleri graždanlara degişli bolup, üstaşyr (tranzit) gatnaw serişdeleri arkaly Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden geçirilýän hem-de halkara aeroportynyň tranzit zonasynda durmaýan zatlar (el goşundaky we bagaždaky) barada hem ulanylýar.

VII BÖLÜM

GÜMRÜK PAJY WE GÜMRÜK ÝYGYMLARY

22-nji madda. Harytlardan we başga zatlardan gümrük pajyny almak

Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän harytlardan we başga zatlardan gümrük pajy Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda alynýar.

23-nji madda. Gümrük ýygymlary

Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden ýany adamsyz äkidilän bagaž bilen, halkara poçta hat-habarlary arkaly ýa-da ýük bilen geçirilýän transport serişdeleriniň (şol sanda hem hususy peýdalanylýan transport serişdeleriniň), harytlaryň we miras galdyrylan emlägiň başga zatlarynyň, şeýle hem zatlaryň gümrük taýdan resmileşdirilendigi üçin, şeýle hem harytlaryň we başga zatlaryň gümrük organynda saklamaga kabul edilenligi üçin, gümrük organynyň ýerleşýän ýerinden başga ýerde ýa-da onuň üçin bellenen iş wagtyndan başga wagtda olaryň gümrük taýdan resmileşdirilenligi üçin gümrük ýygymlary alynýar. Gümrük ýygymlarynyň möçberini Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär. Gümrük ýygymlaryny almagyň tertibini Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy kesgitleýär.

24-nji madda. Gümrük töleglerini hasaplamak üçin esaslar

Harytlaryň we başga zatlaryň gümrük gymmaty gümrük tölegleriniň hasaplamak üçin esas bolup hyzmat edýär.

25-nji madda. Gümrük töleglerini töleýjiler

Gümrük töleglerini deklarant töleýär.

Eger harytlary we başga zatlary geçirýän adam deklarant däl bolsa, onda şol adam gümrük tölegleriniň tölenilmegi üçin deklarant bilen şärik jogapkärçilik çekýär.

Harytlar we başga zatlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden bikanun geçirilende gümrük tölegleriniň tölenilmegi üçin şärik jogapkärçiligi şol harytlary we başga zatlary bikanun geçirýän adamlar, şolaryň bikanun geçirilmegine gatnaşýan adamlar (eger olar şolaryň bikanun geçirilmegi hakynda bilen bolsalar ýa-da bilmeli bolan bolsalar) çekýärler, harytlar we başga zatlar getirilende bolsa şol bikanun getirilen harytlary we başga zatlary öz eýeçiline alan-eýelik etmäge alan adamlar (eger olar şolary öz eýeçiligine alan-eýelik etmäge alan pursatynda şolaryň bikanun getirilendigini bilen bolsalar ýa-da bilmeli bolan bolsalar) çekýärler.

26-njy madda. Gümrük töleglerini tölemegiň möhletleri

Gümrük tölegleri gümrük deklarasiýasynyň kabul edilmeginden ozal ýa-da kabul edilen pursatynda töleniýär.

Eger gümrük deklarasiýasy bellenilen möhletde berilmedik bolsa, onda gümrük töleglerini tölemegiň möhleti gümrük deklarasiýasyny bermegiň möhletiniň geçen gününden beýläk hasaplanylýar.

27-nji madda. Gümrük tölegleriň tölemegiň tertibi

Gümrük tölegleri Türkmenistanyň gümrük organyna tölenilýär, halkara poçta hat-habarlary bilen iberilýän harytlar we başga zatlar üçin bolsa aragatnaşyk kärhanasyna tölenilýär, aragatnaşyk kärhanasy bolsa şol görkezilen tölegleri Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde kesgitleýän tertibinde Türkmenistanyň gümrük organlarynyň sçýotlaryna geçirýär.

28-nji madda. Gümrük töleglerini tölemegi gaýra süýşürmek we olary böleklere bölüp tölemek

Aýratyn halatlarda töleg töleýjä gümrük tölegleriň tölemegi gaýra süýşürip ýa-da olary böleklere bölüp tölemek ygtyýary berlip bilner.

Gümrük töleglerini tölemegi gaýra süýşürmegiň ýa-da olary böleklere bölüp tölemegiň möhleti bir aýdan artyk bolup bilmez.

Gümrük tölegleriň tölemegiň gaýra süýşürmek ýa-da böleklere bölüp tölemek ygtyýary berlende Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen stawkalar boýunça prosentler töledilip alynýar.

Gümrük tölegleriniň tölenmegini gaýra süýşürmäge ýa-da olary böleklere bolüp tölemäge ygtyýar bermek hakyndaky karary Türkmenistanyň gümrük taýdan resmileşdirmek işini geçirýän gümrük organy kabul edýär.

29-nji madda. Gümrük tölegleriniň tölenmegini üpjün etmek

Gümrük tölegleriniň tölenmegi bankyň kepil geçmegi bilen ýa-da harytlaryň we başga zatlaryň girew goýulmagy bilen üpjün edilip bilner.

Girew goýlanda şol girew goýlan harytlar we başga zatlar, eger Türkmenistanyň gümrük organy başga hili karar kabul etmese, girew goýujyda galýar.

Girew goýujynyň Türkmenistanyň gümrük organynda razylyk alman, şol girew goýlan zatlara ygtyýar etmäge haky ýokdur.

Girew Türkmenistanyň "Girew hakyndaky" Kanunynda kesgitlenilen tertipde resmileşdirilýär.

30-njy madda. Gümrük töleglerini töletdirip almak

Tölenilmedik gümrük tölegleri Türkmenistanyň gümrük organy tarapyndan Türkmenistanyň Graždan kodeksine laýyklykda töletdirlip alynýar.

Berginiň dowam edýän wagty üçin penýa töletdirilip alynýar, onuň möçberini bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşyp belleýär.

Gümrük töleglerini tölemekden boýun gaçyryljak bolnup synanyşylanda Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy Türkmenistanyň gümrük organynyň ýazyp beren teklipnamasy esasynda şol tölegiň hakyky tölenen pursatyna çenli töleg töleýjiniň sçýotlary boýunça operasiýa geçirmegi togtatmak hakynda banklar üçin hökmany bolan karar kabul etmäge haklydyr.

31-nji madda. Artyk tölenen ýa-da töletdirilip alnan gümrük töleglerini gaýtaryp bermek

Gümrük tölegleri näçe manat artyk tölenen ýa-da töletdirilip alnan bolsa, şol pul ygtyýarly edilen adamyň talap etmegine görä, şol tölegleriň tölenen ýa-da töletdirilip alnan pursatyndan beýläk bir ýylyň dowamynda yzyna gaýtarylyp berilmelidir.

Gümrük tölegi gaýtarylyp berlende prosent tölenilmeýär.

Artyk tölenen ýa-da töletdirilip alnan gümrük töleglerini gaýtaryp bermegiň tertibini Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşyp kesgitleýär.

VIII bölüm

TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK

SERHEDINDEN GOÝBERMEGIŇ TERTIBI

32-nji madda. Harytlary we başga zatlary Türkmenistanyň gümrük serhedinden goýbermek tertibiniň umumy düzgünleri

Harytlaryň we başga zatlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden goýberilmegine gümrük organlarynyň rugsat bermegi esasynda şu aşakdakylar üçin ýol berilýär:

Türkmenistanyň gümrük territoriýasynda ýa-da onuň çäklerinden daşarda erkin çemeleşilmegi üçin;

Türkmenistanyň gümrük territoriýasyna wagtlaýyn getirmek ýa-da onuň çäklerinden daşarky ýerlere wagtlaýyn äkitmek maksady bilen;

Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden üstaşyr (tranzit) geçirmek üçin.

Harytlar we başga zatlar gümrük kontrollygy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň gümrük serhedinden rugsatnamada näçe möçberde görkezilen bolsa, şol möçberde goýberilýär.

Gümrük ýeňillikleri berlen harytlar we başga zatlar diňe şol ýeňillikleriň niýetlenilen maksatlary üçin ulanylyp bilner. Olaryň başga maksatlar üçin ulanylmagyna diňe degişli gümrük rugsatnamasy resmileşdirilenden soň berilýär.

Türkmenistanyň gümrük serhedinden şu aşakdaky harytlary we başga zatlary goýbermäge rugsat berilmeýär:

Türkmenistana getirmek, Türkmenistandan äkitmek, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden üstaşyr daşamak gadagan edilen;

gümrük kontrollygyndan geçirilmedik;

Şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlarynda bellenen tertip berjaý edilmezden, Türkmenistanyň gümrük serhedinden goýberiljek bolunýan harytlar we başga zatlar.

Ссылается на