Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 30.03.2012

Migrasiýa hakynda

Последний известный официальный текст до 2012-03-31

Обновлено на портале · 12.08.2026

Migrasiýa hakynda

«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen № 290-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Migrasiýa hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2005 ý¸ № 3¸ 4, 29 -madda)

(Türkmenistanyň 23.10.2008 ý. № 232-III, 10.05.2010 ý. № 110-IV we 26.03.2011 ý.

№ 185-IV Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň, onuň çäginde bolmagynyň we Türkmenistandan gitmeginiň tertibini belleýär, Türkmenistanda migrasiýa ýagdaýlarynyň çygryndaky hukuk gatnaşyklaryny, Türkmenistanda migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ygtyýarlygyny kesgitleýär.

I bölüm. Umumy düzgünler

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Migrasiýa - şahsy adamlaryň Türkmenistandan beýleki döwletlere we beýleki döwletlerden Türkmenistana, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan ýerini üýtgetmek maksady bilen ondan-oňa geçmegi;

wiza - daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ykrar edilen, Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge rugsat berýän pasportynda ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynda bellik (degişli döwlet edaralarynyň möhüri basylan ýörite stiker);

ýaşamak üçin ygtyýarnama - daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamaga hukuk berýän resminama;

daşary ýurt raýaty - Türkmenistanyň raýaty bolmadyk we haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bolan adam;

raýatlygy bolmadyk adam - Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişli däldigini ýa-da onuň şol ýagdaýyny tassyklaýan degişli resminamasy bolan adam;

üstaşyr migrasiýa - daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäkleriniň üstünden beýleki döwletleriň çäklerine ondan-oňa geçmegi;

zähmet migrasiýasy - Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan şahsy adamlaryň Türkmenistanyň çäklerinden daşary, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan we Türkmenistanyň çäklerine gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň işlemek maksady bilen kanuny esasda meýletin ondan-oňa geçmegi;

dolandyryş tertibinde çykarmak - Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň onuň çäklerinden daşary Türkmenistanyň Döwlet serhedinden mejbury we gözegçilik edilýän ýagdaýda ondan-oňa geçmegi;

emigrant - Türkmenistanyň çäklerinden daşary beýleki döwletiň çäklerine hemişelik ýaşamak üçin gidýän Türkmenistanyň raýaty;

emigrasiýa - Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäginden çykyp hemişelik ýaşamak üçin beýleki döwletiň çäklerine gitmegi;

migrant - ýaşaýan ýerini hemişelik ýa-da wagtlaýyn üýtgetmek maksady bilen Türkmenistanyň çäklerinde bir ýerden beýleki ýere dürli sebäpler boýunça ondan-oňa geçen Türkmenistanyň raýaty;

ilat baradaky bitewi maglumatlar toplumy - Türkmenistanyň raýatlarynyň şahsy maglumatlarynyň ýeke-täk hasabyny ýöretmegiň ulgamy;

ýaşalýan ýer - adamyň hemişelik ýa-da köp wagtlap ýaşaýan ýeri;

bolunýan ýer - adamyň wagtlaýyn ýaşaýan ýeri.

2-nji madda. Şu Kanunyň esasy wezipeleri

Şular şu Kanunyň esasy wezipeleridir:

Türkmenistanda migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek we durnuklylaşdyrmak;

migrantlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek;

bikanun migrasiýanyň öňüni almak we oňa ýol bermezlik;

Türkmenistanyň ilat baradaky bitewi maglumatlar toplumyny ýöretmek;

migrasiýa degişli ýagdaýlaryň ösýän şertlerinde milli howpsuzlygyň üpjün edilmegine we döwletiň bähbitleriniň berjaý edilmegine ýardam bermek;

migrasiýa degişli ýagdaýlary hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň usulyny kämilleşdirmek.

3-nji madda. Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunçylygy

1. Türkmenistanda migrasiýa degişli ýagdaýlar Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

2. Şu Kanunyň täsiri Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmek, dikeldilmek we raýatlygyndan çykmak hakynda towakga eden raýatlara, şeýle hem bosgunlaryň derejesini alan ýa-da şol derejäni almak hakynda towakganama bildiren adamlara degişli däldir.

4-nji madda. Türkmenistanda migrasiýa meselelerini düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri

Türkmenistanda migrasiýa meselelerini düzgünleşdirmek şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

adamyň ýaşaýan ýerini, işini we kärini erkin saýlap almaga, hereket etmek azatlygyna bolan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hukuklaryny üpjün etmäge;

gelip çykyşyna, jynsyna, teniniň reňkine, milletine, diline, dini ynanjyna, syýasy we dini garaýşyna salgylanylyp ýa-da beýleki sebäpler boýunça şahsyýetiň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kemsidilmegine ýol bermezlige;

migrasiýa babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge;

Türkmenistanda özakymlaýyn we tertipsiz migrasiýanyň öňüni almaga;

ygtyýarly döwlet edaralarynyň daşarky migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmäge gatnaşmagyna;

migrantlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna sarpa goýmagyna we ony berjaý etmegine;

içerki migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek çygrynda ygtyýarly döwlet edaralarynyň hyzmatdaşlyk etmegine, jemgyýetçilik guramalary bilen arkalaşykly hereket etmäge.

5-nji madda. Ygtyýarly döwlet edaralary

1. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we migrasiýa meseleleri bilen meşgullanýan beýleki döwlet edaralary migrasiýa babatda Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary bolup durýar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler.

II bölüm. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegi, onda bolmagy we ondan gitmegi

6-njy madda. Daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga we ondan gitmäge rugsat bermek

1. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup biler.

Türkmenistana ýaşamak üçin gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň gelmegi we onda bolmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanda ýaşamak üçin berlen ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar.

2. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çägine girenden soň ýa-da ýurduň çäginde bolýan ýerini üýtgedip, barmaly ýerine barandan soň, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, şu Kanun arkaly bellenilen tertipde alnan wizalar we ýaşamak üçin ygtyýarnamalar esasynda üç iş gününiň dowamynda hasaba durmaga borçludyrlar.

3. Türkmenistanda işlemek üçin daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerinde işlemäge rugsatnamasy bolmalydyr.

4. Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň wizany, ýaşamak üçin berlen ygtyýarnamany we işlemek üçin rugsatnamanyň möhletini uzaltmak hakynda towakga etmäge haky bardyr.

5. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň wizalarynyň, ýaşamak üçin berlen ygtyýarnamalarynyň hereket möhletleri tamamlananda, wizany uzaltmak hakyndaky towakganamalary kanagatlandyrylman galdyrylanda, şeýle hem olaryň ýurduň çäginde bolmaly möhleti gysgaldylanda ýa-da olara berlen ýaşamak üçin ygtyýarnamalary ýatyrylan halatlarynda olar Türkmenistandan çykyp gitmäge borçludyrlar.

7-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegi we ondan gitmegi

1. Daşary ýurt raýatlary degişli wizalary bar mahaly Türkmenistanyň Döwlet serhedinde halkara gatnawlary üçin açylan gelip-gidýänlere gözegçilik bölümleriniň üsti bilen ýaşyna garamazdan özlerine aýrybaşga resmileşdirilen hakyky daşary ýurt pasportlary boýunça, raýatlygy bolmadyk adamlar bolsa, özleriniň hemişelik ýaşaýan ýurtlarynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen we şahsyýetine güwä geçýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistana gelýärler hem-de Türkmenistandan gidýärler.

2. "Türkmenistanyň hormatly raýaty" diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary "Türkmenistanyň hormatly raýaty" diýen ady berlen şahadatnamany görkezip, hakyky daşary ýurt pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminama esasynda Türkmenistana gelýärler we ondan gidýärler. Olar Türkmenistana wizasyz gelip bilerler.

3. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň we gitmeginiň başgaça tertibi Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda bellenilip bilner.

4. Daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistana şu aşakdaky esaslar boýunça gelmäge rugsat berilmeýär:

1) eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň Türkmenistana gelmegi çäklendirilen bolsa;

2) hakyky wizasy, pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy bolmadyk halatynda;

3) milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ýa-da jemgyýetçilik hukuk tertibini goramagyň bähbitleri üçin;

4) eger onuň gelmegi Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanda ýaşaýan beýleki adamlaryň saglygyna, hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wehim salýan bolsa;

5) eger öň gelen wagty Türkmenistanyň kanunçylygynyň gödek bozulmagynyň halatlary bellenilen bolsa;

6) eger Türkmenistana gelmek hakynda towakganama beren mahaly özi barada galp maglumatlar habar berlen ýa-da galplaşdyrylan resminamalar berlen bolsa;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar boýunça.

5. Türkmenistana gelmäge wizasy bar bolan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana girmegiň gadagan edilendigi barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wezipeli adamy tarapyndan habar berilýär. Daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana girmegiň gadagan edilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.

6. Daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama şu aşakdaky halatlarda Türkmenistandan gitmäge ygtyýar berilmeýär:

1) eger onuň garşysyna jenaýat işini gozgamaga esaslar bar bolsa - iş boýunça önümçilik tamamlanýança;

2) eger oňa jenaýat edendigi üçin iş kesilen bolsa - jeza möhletini çekýänçä ýa-da jezasyny çekmekden boşadylýança;

3) eger şol adamyň gitmegi milli howpsuzlygyň bähbitlerine garşy gelýän bolsa, onuň gitmegine päsgel berýän ýagdaýlar aradan aýrylýança;

4) eger ol kazyýet tarapyndan üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa - borçnamalary ýerine ýetirýänçä;

5) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen we onuň gitmegine päsgel berýän başga bir ýagdaýlar bar bolsa.

8-nji madda. Wizalary bermek

1. Daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmek üçin wizalar:

Türkmenistanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli bölümleriniň üsti bilen;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen berilýär.

2. Wizalaryň derejeleri we görnüşleri, şeýle hem olary resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

9-njy madda. Wizalary bermek we olaryň hereket möhletini uzaltmak üçin esaslar

1. Şular daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin Türkmenistana gelmäge we Türkmenistandan gitmäge wizalary bermek hem-de wizalaryň hereket möhletini uzaltmak üçin esas bolup durýar:

1) daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik, konsullyk edaralarynyň we şolar bilen deňleşdirilen wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň işgärleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen daşary ýurt žurnalistleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary üçin, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen wekilçilik şahadatnamasy we şol wekilhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň ýazmaça ýüztutmalary;

2) Türkmenistanyň kabul ediji guramalarynyň we hemişelik daşary ýurt wekilhanalarynyň ugry boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin, şol guramalaryň hem-de wekilhanalaryň ýazmaça ýüztutmalary;

3) gulluk we işewür maksatlar bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin, saparyň gulluk we işewür häsiýetlerine güwä geçýän zerur resminamalary goşmak bilen kabul ediji guramalaryň ýazmaça towakganamasy;

4) işlemek maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan berlen Türkmenistanyň çäginde işlemäge hukuk berýän rugsatnamasy;

5) hususy işler boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin, şahsy adamlaryň bellenilen görnüşdäki çakylygy ýa-da daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň ýazmaça towakganamasy;

6) Türkmenistana ýaşamaga gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin, olaryň arzasy boýunça wizalaryň berlişine gözegçilik baradaky toparyň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň berýän rugsatnamasy;

7) Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin, barylýan ýurduň wizasy bolan geçiş resminamasy goşulan şahsy arzasy;

8) syýahatçylyk maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin, şahsy arzasy ýa-da kabul edýän syýahatçylyk guramasynyň ýazmaça towakganamasy.

9) okamak maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň ýazmaça towakganamasy;

10) lukmançylyk barlagyndan geçmek we bejeriş üçin Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin şahsy arzasy we saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen hem-de şol adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň zerurlygyny tassyklaýan resminamalar;

11) daşary ýurtlaryň halkara gatnawynda ýolagçylary gatnadýan we ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň ekipažlarynyň düzümine girýän fiziki şahslaryň şahsy arzasy ýa-da kabul edýän guramanyň ýazmaça towakganamasy;

12) daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam wizany resmileşdirmezden Türkmenistana gelen we onuň çäklerinde bolýan halatynda, şeýle hem wizanyň ýatyrylmagy ýa-da hereket edýän möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşykly şol adamlaryň çykyş wizasynyň berilmegi baradaky şahsy arzasy.

2. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanda kabul edýän guramalar we hemişelik daşary ýurt wekilhanalary bellenilen görnüşdäki ýazmaça ýüztutmalary resmileşdirýärler we olary wiza ýüztutmasy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberýärler.

3. Ýüztutmalaryň görnüşleri we ýüztutma goşulýan resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.

10-njy madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba alynmagy

1. Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba alynýar.

Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üç iş gününiň dowamynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralarynda hasaba durmaga borçludyrlar.

Üç iş gününden köp möhlet bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar gelen ýerinde hasaba alynmalydyr. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak Türkmenistanyň kabul edýän edara görnüşli taraplarynyň we şahsy adamlarynyň ýazmaça ýüztutmalary esasynda geçirilýär.

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň şu aşakdaky düzüm birliklerinde: Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasion gözegçilik postlarynda we Gullugyň welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki düzüm birliklerinde (mundan beýläk - hasaba alyş gullugynyň edaralary) hasaba alynýar.

Ýönekeýleşdirilen tertipde Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasion gözegçilik postlarynda hasaba alynýar we olaryň bolmaly möhletleri hökümetara ylalaşyklary bilen kesgitlenilýär. Olar Türkmenistana gelen ýerindäki Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasion gözegçilik postunyň üsti bilen gitmelidir.

Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger olaryň Türkmenistanda bolýan möhleti bäş günden geçmeýän bolsa, diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasion gözegçilik postlarynda hasaba alynýar.

2. Şular bolýan ýerlerinde hasaba alynmakdan boşadylýar:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çakylyklary boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurt döwletleriniň, parlamentleriniň we hökümetleriniň baştutanlary, döwlet, parlament we hökümet, şeýle hem hökümetara we halkara guramalarynyň agzalary, şonuň ýaly-da şol wekiller toparlarynyň işgärleri we sanalyp geçilen adamlaryň maşgala agzalary;

2) bellenilen tertipde Türkmenistana gelen daşary ýurt harby gämileriniň we howa gämileriniň ekipažlarynyň agzalary;

3) daşary ýurt harby däl deňiz (derýa) gämileriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar, Türkmenistanyň deňiz menzillerinde we deňiz menzilleri bolan şäherlerinde bolýan mahaly;

4) halkara howagatnawlarynyň raýat howa gämileriniň ekipažlarynyň, halkara demir ýol gatnawlarynyň otlularynyň brigadalarynyň düzümine girýän adamlar;

5) «Türkmenistanyň hormatly raýaty» diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary.

11-nji madda. Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hasaba almak

1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary ýurt raýatlarynyň halkara goragyndan peýdalanýan we aýratyn hukuk derejesi bolan şu aşakdaky toparlary hasaba alynýar:

1) daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň baştutanlary, diplomatik işgärler, konsullygyň wezipeli adamlary, diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň dolandyryş-tehniki we hyzmat edýän işgärleri, harby attaşeleriň hem-de söwda wekilhanalarynyň edarasynyň işgärleri we olaryň ýanýoldaşlary, çagalary, görkezilen adamlaryň eklenjinde bolan ata-eneleri, şeýle hem daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň baştutanlarynyň myhmanlary, eger şol myhmanlar şolaryň ýaşaýan ýerinde ýa-da görkezilen wekilhanalaryň we edaralaryň çäklerinde ýaşaýan bolsa;

2) daşary ýurtlaryň daşary syýasy edaralarynyň gulluk işleri boýunça Türkmenistana gelen we diplomatik ýa-da gulluk pasporty bolan işgärleri hem-de olaryň maşgala agzalary;

3) daşary ýurt döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna gulluk iş sapary bilen gelen daşary ýurt raýatlary we olaryň maşgala agzalary;

4) halkara guramalarynyň gulluk işleri boýunça Türkmenistana gelýän wezipeli adamlary, görkezilen guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurtlaryň halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanda ştab-kwartirasy bolan, şol guramalaryň tertipnamalaýyn resminamalaryna ýa-da degişli halkara şertnamalaryna laýyklykda diplomatik artykmaçlyklardan we goragdan peýdalanýan işgärleri, şonuň ýaly-da olaryň maşgala agzalary;

5) Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen pasportlar boýunça Türkmenistana gelen adamlar, eger olaryň Türkmenistanda bolmaly möhleti bäş günden geçýän bolsa;

6) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan wekilçilik şahadatnamasy berlen daşary ýurt žurnalistleri we olaryň maşgala agzalary.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi görkezilen adamlara wekilçilik şahadatnamalaryny berýär ýa-da pasportlarynda hasaba alnandygy hakynda ýazgy ýazýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi zerur halatlarda, ýagny bu barada diplomatik wekilhanalar ýa-da konsullyk edaralary, şeýle hem halkara guramalary we beýleki kabul edýän guramalar towakga edende, daşary ýurtlaryň Türkmenistana gelen jemgyýetçilik işgärlerini we olaryň maşgala agzalaryny hasaba alýar. Şeýle halatlarda görkezilen daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba alynmakdan boşadylýar.

12-nji madda. Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy ýok adamlary hasaba almak

Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň edaralarynda hasaba alynýar.

12-nji maddanyň ikinji tesimi Türkmenistanyň 26.03.2011ý. № 185-IV Kanuny esasynda aýyrylan.

13-nji madda. Hasaba almagyň hereket möhletini uzaltmak

1. Daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň hereket möhleti wizanyň ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket möhleti uzaldylandan soň uzaldylýar.

2. Şu Kanunyň 11-nji we 12-nji maddalarynda görkezilen ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hasaba alnan we hasaba almagyň hereket ediş möhleti uzaldylan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hakynda maglumatlary ýigrimi dört sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.

3. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralarynda şu Kanunyň 11-nji we 12-nji maddalarynda görkezilmedik daşary ýurt raýatlary hasaba alynýar.

III bölüm. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama

14-nji madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnama

1. Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almaga isleg bildirýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna degişli towakganama berýärler.

2. Ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak üçin esaslar:

1) milletiniň türkmen bolmagy;

2) Türkmenistanyň raýaty bilen nika baglaşylmagy;

3) Türkmenistanyň raýaty bolup durýan ýakyn hossarlarynyň (är-aýalynyň, ata-enesiniň, erkek doganynyň, uýasynyň, çagalarynyň, şol sanda ogullyga-gyzlyga alnan çagalarynyň, agtyklarynyň, babasynyň we mamasynyň) Türkmenistanda ýaşamagy;

4) Türkmenistanyň raýatlaryna hossarlygyň we howandarlygyň bellenen tertipde resmileşdirilmegi;

5) Türkmenistanyň ykdysadyýetine azyndan 500 müň amerikan dollary möçberinde maýa goýulmagy;

6) dürli hünärlerde ýokary hünäriniň, şeýle hem ylym, medeniýet, sungat we sport babatda gazanan uly üstünlikleriniň bolmagy, şolaryň Türkmenistanyň bähbitleri üçin peýdalanylyp bilinmegi;

7) GDA-nyň ýurtlaryndan gelen, GDA-nyň ýurtlaty bilen wiza düzgüni girizilýänçä Türkmenistanda ýazga alnan GDA-nyň ýuıtlarynyň raýatlary ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlar bolmagy.

Türkmenistanyň Prezidenti aýratyn halatlarda şu maddanyň ikinji böleginde görkezilmedik esaslar boýunça hem ýaşamak üçin ygtyýarnama berip biler.

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üznüksiz ýagdaýda iki ýyldan az bolmadyk möhletde Türkmenistanyň çäginde ýaşandan soň ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak üçin ýüz tutup bilerler.

3. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolýan we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almaga isleg bildirýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna degişli towakganama berýär. Şol towakganama Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna garamak üçin iberilýär.

4. Kämillik ukyby bolan, 18 ýaşy dolan daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak hakynda towakga etmäge hukugy bardyr.

Ata-enelere ýa-da olaryň birine berlen ýaşamak üçin ygtyýarnama 16 ýaşyna ýetmedik (şol sanda perzentlige alnan) çagalaryna hem degişli edilýär. Ol çagalara 16 ýaşyna ýetmegi bilen ata-enelerinden biriniň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen arzasy esasynda ýaşamak üçin ygtyýarnama wizalaryň berlişine gözegçilik baradaky topar bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär.

Ýaşamak üçin ygtyýarnama möhletleýin berilýär.

Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da berilmeginden ýüz dönderilendigi hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy kabul edilýär.

5. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň karary kabul edilenden soň on gün möhletde Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigi hakyndaky çözgüdi arza berijiniň dykgatyna ýetirýär.

6. Ýaşamak üçin ygtyýarnama migrasiýa gullugynyň edaralarynyň üsti bilen resmileşdirilýär we Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara gowşurylýar.

7. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen resmileşdirilýär.

8. Ýaşamak üçin ygtyýarnama Türkmenistanyň çäklerinde daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy bolup durýar we pasport ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy bilen bilelikde Türkmenistana gelmäge wizany almazdan, Türkmenistanyň Döwlet serhedinden köp gezek geçmäge hukuk berýär.

9. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň nusgasy, ony resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.

141-nji madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak

1. Daşary ýurt raýaty we raýatlygy bolmadyk adam ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna arza bilen ýüz tutýar. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmagy degişli barlaglardan soň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy amala aşyrýar.

2. Şu Kanunyň 15-nji maddasynda görkezilen esaslar boýunça daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz dönderilip bilner.

3. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz dönderilendigi baradaky çözgüt arza berene şeýle çözgüt kabul edilen pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda habar berilýär.

142-nji madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň çalşyrylmagy

1. Zerur halatlarda daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň arzasy boýunça ýaşamak üçin ygtyýarnama çalşyrylyp bilner. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň çalşyrylmagy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ýaşamak üçin ygtyýarnama şu halatlarda çalşyrylýar:

daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsy maglumatlarynyň üýtgemegi netijesinde onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy çalşyrylsa ýa-da şol resminama üýtgetme girizilse;

ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;

ulanmaga ýaramsyz ýagdaýda bolanda;

bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar gutaranda.

15-nji madda. Wizany we ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek üçin esaslar

1. Şu halatlarda daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama wizany we ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermekden ýüz dönderilip bilner:

1) eger ol adamzada garşy jenaýat eden bolsa;

2) eger oňa agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin iş kesilen bolsa;

3) eger ol barasynda jenaýat işi gozgalan bolsa, iş boýunça önümçilik tamamlanýança;

4) eger onuň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşamagy Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine ters gelýän, jemgyýetçilik hukuk tertibini bozup ýa-da döwletiň ilatyna ahlak taýdan zelel ýetirip biljek bolsa;

5) eger ol Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän kesel (AIW ýokuşmasy) bilen kesellän, weneriki kesellerden, neşekeşlikden ýa-da Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň ilatynyň saglygyna zyýan ýetirýän keselleriň sanawyna girizilen başga keselden ejir çekýän bolsa;

6) eger ol wiza we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak üçin görnetin ýalan maglumatlary habar beren bolsa;

7) eger öň ol barasynda Türkmenistana gelmäge çäklendirme ulanylan bolsa, çäklendirme möhleti tamamlanýança;

8) eger ol administratiw tertipde Türkmenistandan çykarylan bolsa, administratiw tertipde çykarmagyň möhleti tamamlanýança;

9) eger ol Türkmenistanda bikanun bolýan bolsa ýa-da başga bir daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanyň çäklerine bikanun aralaşmaga ýardam beren bolsa;

10) eger ol terrorçylyk, döwlete garşy, ekstremistik ýa-da gaýry jenaýatçylykly guramanyň agzasy ýa oňa dahylly adam bolsa.

2. Wizany we ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermekden ýüz dönderilendigi baradaky çözgüt arza berene şeýle çözgüdiň kabul edilen pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda habar berilýär.

16-njy madda. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany ýatyrmak

Daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin berlen ygtyýarnamasyny ýatyrmak üçin şu halatlar esas bolup biler, eger ol:

1) ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hakynda towakganama berlen mahaly galp maglumatlary beren bolsa;

2) kazyýetiň hökümi esasynda agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty eden diýlip ykrar edilse;

3) milli howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini we ahlaklylygy üpjün etmegiň bähbitlerine ters gelýän hereketleri etse;

4) terrorçylyk, döwlete garşy, ekstremistik ýa-da gaýry jenaýatçylykly guramanyň agzasy ýa-da oňa dahylly adam bolsa;

5) Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýda daşary ýurt döwletiniň harby ýa-da beýleki döwlet gullugyna giren bolsa;

6) narkologik edarada hasapda durýan bolsa;

7) Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak maksadyna eýerip, Türkmenistanyň raýaty bilen galp nikada durýan bolsa;

8-nji bendi - Türkmenistanyň 23.10.2008ý. № 232-III Kanuny esasynda aýyrylan;.

9) zähmet gatnaşyklary esasynda Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama alyp, şol zähmet gatnaşyklarynyň arasyny kesen bolsa;

10) bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýaty bilen duran nikasyny bozsa we şol nikadan çagalary ýok bolsa, eger bu nika Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almaga esas bolan bolsa;

11) degişli resminamalar bilen tassyklanylan esasly sebäpler bolmazdan, alty aýdan köp wagtlap üznüksiz ýagdaýda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşan bolsa;

12) eger administratiw tertipde Türkmenistanyň çäginden çykarylsa;

13) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilse;

14) aradan çyksa.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 13-nji we 14-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny ýatyrmak barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy çözgüt kabul edýär.

Aradan çykan daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýatyrylan halatynda, onuň 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan olaryň 16 ýaşyny doldurmagy bilen ýaşamak üçin ygtyýarnamany almaga hukugynyň bardygy barada kepilnama berilýär. Kepilnamanyň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.

17-nji madda. Wizany ýatyrmak we Türkmenistanda bolmaly möhleti gysgaltmak

1 Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň wizasyny ýatyrmak we Türkmenistanda bolmak möhletini gysgaltmak üçin şu halatlar esas bolup biler:

eger ol Türkmenistanda bolmagyň bellenilen tertibini bozsa;

eger ol Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol berse;

eger ol jemgyýet üçin howp döretse ýa-da durmuşda özüni ahlaksyz alyp barsa;

eger onuň Türkmenistanda mundan beýläk bolmagy üçin esaslar aradan aýrylan bolsa;

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Kabul edýän tarapyň we beýleki döwlet edaralarynyň towakganamasy boýunça hem daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň wizasy ýatyrylyp we Türkmenistanda bolmaly möhleti gysgaldylyp bilner.

3. Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamynyň wizasyny ýatyrmak we Türkmenistanda bolmaly möhletini gysgaltmak baradaky çözgüdi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy kabul edýär.

18-nji madda. Türkmenistandan çykmak hakynda tabşyryknama we dolandyryş tertibinde Türkmenistanyň çäklerinden çykarmak

1. Türkmenistanda bolmaly möhleti tamamlanan ýa bolmasa wizasy ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýatyrylan daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama hasaba alyş gullugynyň edaralary Türkmenistandan çykmaga tabşyryknama berýärler. Daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam ýurduň çäginden çykmak hakyndaky tabşyryknamada görkezilen möhletde Türkmenistanyň çäklerinden çykmaga borçludyr.

2. Ýurduň çäginden çykmak baradaky tabşyryknama ýerine ýetirilmedik halatda daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam dolandyryş tertibinde Türkmenistandan çykarylmaga degişlidir.

3. Daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam şu halatlarda dolandyryş tertibinde ýurtdan çykarylyp bilner:

1) eger onuň hereketleri milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ýa-da jemgyýetçilik hukuk tertibini goramagyň bähbitlerine ters gelse;

2) eger munuň özi ilatyň saglygyny we ahlaklylygyny goramak, Türkmenistanyň raýatlarynyň we beýleki adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur bolsa;

3) eger ol Türkmenistanyň kanunçylygyny ençeme gezek ýa-da gödek bozan bolsa.

Dolandyryş tertibinde ýurtdan çykarmak hakyndaky çözgüdi toplanan maglumatlaryň esasynda hasaba alyş gullugynyň edaralary kabul edýär.

4. Ýurtdan çykmak ýa-da dolandyryş tertibinde ýurtdan çykarmak hakynda tabşyryknama bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn ýa-da hemişelik gadagan etmek bellenilip bilner.

5. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary dolandyryş tertibinde Türkmenistandan çykarmak hasaba alyş gullugynyň edaralary we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Ссылается на