Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 19.03.2017

Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda

Последний известный официальный текст до 2017-03-20

Обновлено на портале · 12.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Giriş maglumatlary

«Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2017-nji ýylyň 20-nji martynda kabul edilen № 520-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 16-njy madda)

(Türkmenistanyň 09.11.2013 ý. № 451-IV Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun medeni-aň-bilim işiniň möhüm ugrunyň - kitaphana işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem Türkmenistanda kitaphanalaryň döredilmegi we olaryň hereket etmegi boýunça gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

I BOLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

1 madda. Kitaphana

Kitaphana-munuň özi çap neşirlerini we gaýry maglumatlary toplamak, ulgamlaşdyrmak, saklamak we ýaýratmak arkaly raýatlaryň ruhy we habara bolan talaplarynyň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýän medeni aň-bilim we habar edarasydyr.

Kitaphana telekeçilik guramasy däldir.

2 madda. Kitaphana işi

Kitaphana işi-munuň özi habar we medeni aň-bilim işiniň pudagydyr, onuň esasy wezipeleri kitaphanalaryň gerimini döretmek we ösdürmek, olaryň hazynalaryny döretmek we işläp taýýarlamak, kitaphana, habar, maglumat beriş-bibliografik hyzmatyny guramak, kitaphana işgärleriniň işgärlerini taýýarlamak, kitaphanalaryň öşüsini ylmy we usuly taýdan üpjün etmekden ybaratdyr.

3 madda. Kitaphanalaryň işiniň we kitaphana işiniň çygryndaky milli syýasat

Kitaphanalaryň we kitaphana işiniň çygryndaky milli syýasatyň esasy ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:

- kitaphana işini ösdürmek we kitaphanalaryň işiniň netijeliligi üçin ykdysady, durmuş, guramaçylyk, hukuk we beýleki şertleri üpjün etmek;

- kitaphanalaryň habar we medeni aň-bilim işine bolan talaplaryň zerur iň pes derejesini belleýän kitaphana işiniň ýeke-täk döwlet ölçeglerini kesgitlemek;

- ýeke-täk döwlet ulgamy boýunça kitaphanalaryň bellige alynmagy barada iş alyp barmak;

- kitaphana hazynalaryny saklamak, olary toplamak we maddy – tehniki taýdan üpjün etmek üçin şertler döretmek;

- kitaphana işgärleriniň işgärlerini taýýarlamagyň we hunärini ýokarlandyrmagyň ýeke-täk ulgamyny döretmek we ösdürmek;

- kitaphana işiniň çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna ýardam еtmek.

Kitaphanalaryň işiniň we kitaphana işiniň çygrynda milli syýasatyň iň möhüm ugry golýazmalary, çap neşirlerini we Türkmenistanyň halkynyň milli medeni emlägi bolup durýan beýleki maglumatlaryň saklanylyşyna we peýdalanylyşyna kepillikler döretmekdir.

Aýratyn gymmatly we seýrek çap neşirleri we kitaphana hazynalarynyň beýleki maglumatlary bellenilen tertipde taryhy we medeni ýadygärlikler diýlip yglan edilip we milli medeni emläge degişli zatlaryň düzümine girizilip bilner.

4 madda. Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu kanundan hem-de kitaphanalaryň işi we kitaphana işi çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda kitaphanalar we kitaphana işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulandaka garanda gaýry kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

5 madda. Kitaphanalaryň işi we kitaphana işi çygrynda döwlet dolandyrylyşy

Kitaphanalaryň işi we kitaphana işi çygrynda döwlet dolandyrylyşyny Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ýerli ýerine ýetiriş we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlarynyň çäklerinde amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:

- kitaphanalar we kitaphana işi çygrynda ýeke-täk milli syýasaty durmuşa geçirmek;

- kitaphanalaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek;

- kitaphanalaryň we kitaphana işiniň ösüşini maliýeleşdirmek;

- kitaphana işgärleriniň işgärlerini taýýarlamak we hünär derejelerini ýokarlandyrmak, olaryň zähmetine häk tölemek, şeýle hem kitaphanalaryň işgärleri üçin durmuş kepilliklerini we ýeňilliklerini bellemek babatynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

-kitaphana işi babatda ylmy barlaglara we usuly taýdan üpjünçilige ýardam etmek;

- döwlet kitaphana ölçeglerini we kadalaryny bellemek;

- kitaphana işini habar taýdan üpjün etmegiň ulgamyny guramak;

- Türkmenistanyň kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:

- Türkmenistanda kitaphanalaryň geriminiň döredilmegini we ösdürilmegini guramak, olaryň netijeli kitaphana, habar we maglumat - bibliografik taýdan hyzmatyna ýardam etmek;

- kitaphanalara we kitaphana işine umumy metod beriş taýdan ýolbaşçylyk etmek;

- kitaphanalaryň işini utgaşdyrmak;

- kitaphanalaryň döwlet statistik hasaba alnyşy boýunça usuly görkezijileri işläp taýýarlamak;

- kitaphana hyzmatynda döwlet talaplaryny we onuň degişli derejesini kepillendirýän kadalaşdyryjylary kesgitlemek;

- kitaphanalaryň işini maddy-tehniki we ylmy-usuly taýdan üpjün etmek üçin ýöriteleşdirilen guramaçylyk gurluşlaryny döretmek;

- kitaphana işgärleriniň işgärleriniň taýýarlanylmagyny we olaryň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guramak;

- döwlet kitaphanalarynyň işine gözegçiligi amala aşyrmak;

- Türkmenistanyň ýeke-täk kitaphana hazynasynyň saklanylmagyny üpjün etmek.

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-ozüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlarynyň çäklerinde kitaphana hyzmatynyň elýeterliligini üpjün edýärler, kitaphana hazynalarynyň saklanylmagy üçin zerur maddy-tehniki we guramaçylyk şertlerini döredýärler, kitaphanalaryň işini maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözýärler.

II bölüm. Türkmenistanyň kitaphanalar ulgamy

6 madda. Türkmenistanyň kitaphanalar ulgamy

Türkmenistanda kitaphanalar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny emele getirýärler.

Türkmenistanyň kitaphanalar ulgamyna aşakdakylar girýär:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy;

jemagat (köpçülik) kitaphanalary;

ylmy edaralaryň kitaphanalary;

bilim edaralarynyň kitaphanalary;

ýöriteleşdirilen kitaphanalar.

Türkmenistanyň kitaphanalar ulgamyna şu Kanun we kitaphana işiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda bellenilen tertipde döredilen beýleki görnüşdäki kitaphanalar hem girip biler.

Jemagat (köpçülik) kitaphanalary ýerleşýän ýerine, hyzmat etmek we habar bermek işiniň bellenilen düzgünlerine hem-de möçberine laýyklykda, welaýat kitaphanasyna, etrap merkezi kitaphanasyna, merkezi şäher kitaphanasyna, oba kitaphanalaryna hem-de kitaphana şahamçasyna bölünýär.

7 madda. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy - munuň özi Türkmenistanyň umumydöwlet ähmiýetli kitaphanasy bolmak bilen, çap neşirleriniň we beýleki habar beriş çeşmeleriniň görnüşine, many-mazmunyna, neşir edilişiniň usulyna garamazdan ählisini toplaýan hem-de saklaýan milli gaznahanadyr, we türkmen milli neşir önümleriniň arhiw gaznasynyň hemişelik saklanylmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy maksady raýatlaryň habarlar babatdaky köpugurly talaplaryny kanagatlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň halkynyň taryhy, edebi-çeper mirasyny abat saklamak, ýurdumyzyň we dünýä medeniýetiniň ylmyny we bilimini ösdürmek üçin kitaphana, habar beriş, bibliografiýa we ylmy-usuly işlerini guramak bolup durýar:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy wezipeleri aşakdakylar bolup durýar:

- çap neşirleriniň arhiw gaznasyny döretmek we hemişelik saklamak, şeýle-de ýurdumyzyň we daşary ýurt çap neşirleriniň hem-de beýleki habar beriş çeşmeleriniň has doly ýygyndysy bilen gaznanyň üstüni doldurmak, olardaky ylmy maglumatlary saklaýan maglumatlar binýadyny işläp taýýarlamak we ýaýratmak;

- milli neşirleriň maglumatlar gorunyň elektron ulgamyny döretmek;

- Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hakyndaky Düzgünnamada göz öňünde tutulan işleriň dürli görnüşlerini peýdalanmak bilen, milli ylmyň, medeniýetiň we bilimiň ösüşine ýardam etmek;

- Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasynyň alyp barýan esasy wezipesi bolan, çap neşirleriniň we maglumat saklaýjy beýleki resminamalaryň döwlet tarapyndan hasaba alnyşyny guramakda utgaşdyryjy edara hökmünde çykyş etmek, zerur wagtynda bu işi özbaşdak alyp barmak;

- kitaphana-bibliografiýa işini öwreniş, okamagy öwreniş, kitabyň ähmiýeti we habarlary ýaýratmak ugurlary babatynda ylmy-barlag we ylmy-usuly işleri amala aşyrmak;

- edara tabynlygyna ýa-da eýeçiligiň görnüşine garamazdan Türkmenistanyň kitaphanalaryna usuly kömek bermek;

- kitaphana işiniň hünärmenleriniň hünär derejesiniň hem-de ylmyň we bilimiň kämil gazananlaryny özleşdirmek arkaly olaryň alyp barýan işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam bermek;

- dünýä kitaphanalarynyň maglumat beriş çeşmeleriniň hem-de habar beriş çeşmeleriniň görnüşlerini emele getirmek we olardan okyjylaryň peýdalanmagyny guramak üçin, bellenilen düzgünlere esaslanyp halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.

8 madda. Jemagat (köpçülik) kitaphanalary

Jemagat (köpçülik) kitaphanalary belli bir dolandyryş çäkde döredilýän we işiniň ugry ilatyň kitaplara, habarlara bolan talaplaryny kanagatlandyrmaklyga gönükdirilýän köpugurly we umumy elýeter kitaphanalardyr.

Jemagat kitaphanalary degişli çäkde kitaphana işini ösdürmegiň milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, ilata kitaphana, habar beriş hyzmatyny amala aşyrýar, çap neşirleriniň we beýleki maglumat saklaýjy çeşmeleriň köpugurly gaznasyny toplaýar hem-de saklaýar, Türkmenistanyň umumy döwlet kitaphana gaznasy bilen alyş-çalyş işiniň ýola goýulmagyny üpjün edýär.

Jemagat kitaphanalaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň häkimlikleri bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Jemagat kitaphanasy hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

9 madda. Ylmy edaralaryň kitaphanalary

Ylmy edaralaryň kitaphanalary okyjylaryň ylym, tehnika, ykdysadyýet, taryh, medeniýet, bilim ulgamlaryndaky talaplarynyň we ylmyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň ýörite habarlara bolan talaplarynyň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýär.

Ylmy edaralaryň kitaphanalary ylmy edaranyň işiniň ugurlaryny we esasy wezipelerini nazara almak bilen, kitaphana işiniň köpugurly görnüşlerini amala aşyrýarlar.

Ylmyň aýratyn ýa-da birnäçe pudaklary boýunça toplumlaýyn habarlary öz içine alýan kitaphana gaznasyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda merkezi ylmy kitaphana döredilip bilner.

Ylmy edaralaryň kitaphanalary hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan tassyklanylýar.

10 madda. Bilim edaralarynyň kitaphanalary

Bilim edaralarynyň kitaphanalary okuwçylaryň, talyplaryň aspirantlaryň, mugallymlaryň şeýle-de bilim edaralarynyň hünärmenleriniň habarlara bolan talaplaryny üpjün edýän, çap neşirlerini we beýleki maglumat beriş çeşmelerini toplamak, saklamak we ulgamlaýyn tertipleşdirmek, şeýle hem bilim edaralarynyň okuw- terbiýeçilik, ylmy we usuly wezipelerini amala aşyrmagy maksat edinmek üçin zerur bolan habarlaryň köpugurly çeşmelerini döretmek arkaly başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär okuw mekdeplerinde, umumybilim mekdeplerinde we beýleki bilim edaralarynda döredilýär.

Bilim edaralarynyň kitaphanalarynyň iş tertibi Turkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşylan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

11 madda. Ýöriteleşdirilen kitaphanalar

Okyjylarynyň topar aýratynlyklaryna, kitaphana gaznasynyň düzümine laýyklykda ýöriteleşdirilen kitaphanalar döredilýär, şol sanda türkmen milli taryhynyň we milli medeniýetiniň kitaphanalary, daşary ýurt edebiýatynyň kitaphanasy, çagalar we ýaşlar üçin kitaphanalar, körler we kerler üçin kitaphanalar, ilatyň dürli gatlaklarynyň ruhy-ahlak isleglerini kesgitlemek maksady bilen ýöriteleşdirilen kitaphanalaryň beýleki görnüşleri bellenilen düzgünlere laýyklykda döredilip bilner.

Ýöriteleşdirilen kitaphanalar şu Kanuna we Türkmenistanyň kitaphana işi babatdaky kanunçylyk namalaryna laýyklykda döredilýär.

III BOLÜM. KITAPHANA HAZYNASY. KITAPHANA HAZYNASYNY TOPLAMAK

12 madda. Kitaphana hazynasy

Kitaphana hazynasy - munuň özi çap neşirleriniň we beýleki maglumatlaryň ulgamlaşdyrylan ýygyndysy bolup, olary toplamak okyjylaryň peýdalanmagy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kesgitlenýän tertipde saklamak üçin niýetlenen kitaphananyň wezipelerine we ugruna laýyklykda amala aşyrylýar.

13 madda. Türkmenistanyň umumydöwlet (ýeke-täk) kitaphana gaznasy

Türkmenistanyň umumydöwlet (ýeke-täk) kitaphana gaznasy - munuň özi çap neşirleriniň, beýleki maglumat beriş çeşmeleriniň milli gaznasynyň esasyny düzýän medeni gymmatlykdyr. Ol köpugurly habar beriş çeşmelerini özünde jemleýän we umumy habarlar ulgamynyň esasynda döredilýän kitaphana gaznalarynyň jemidir.

Türkmenistanyň umumydöwlet (ýeke-täk) kitaphana gaznasynyň gurluşy, ony döretmegiň kadalary, bu gaznany toplamakda kitaphanalaryň hukuklary we borçlary we olardan peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň umumydöwlet (ýeke-täk) kitaphana gaznasy hakyndaky Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

Milli arhiw gaznasynyň bir bölegini düzýän kitaphanalaryň resmi iş kagyzlary “Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen düzgünlere laýyklykda bellenilen tertipde saklanylýar we peýdalanylýar.

14 madda. Türkmenistanyň kitaphana hazynasyny toplamak

Kitaphana hazynasyny toplamak - munuň özi mazmuny boýunça kitaphanalaryň wezipelerine we okyjylaryň talaplaryna laýyk gelýän çap neşirleriniň we beýleki maglumatlaryň seçilip alynmagydyr we meýilnama laýyk edinilmegidir.

Kitaphanalar, guramaçylyk - hukuk görnüşlerine we edara tabynlygyna garamazdan, olaryň hazynalaryny toplamagyň ugruna laýyklykda kitaplary, beýleki çap we gaýry maglumatlary bellenilen tertipde ilkinji nobatda edinmäge bolan hukuga eýedirler.

Kitaphanalaryň hazynalaryny kitaplar we beýleki çap neşirleri bilen toplamak Türkmenistanyň Kitap palatasynyň, kitap söwdasy guramalarynyň we edaralarynyň üsti bilen, şeýle hem ýuridik we fiziki taraplaryň kitaphanalara çap neşirlerini we beýleki maglumatlary muzdsuz bermekleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň neşir önüminiň statistik hasaba alnyşyny ýöretmegiň döwlet tarapyndan bibliografik bellige alynmagyny üpjün etmek, kitaphanalary çap neşirleri bilen yzygiderli üpjün etmek hem-de kitaphana hazynalarynyň üstüni doldurmak, olaryň uzak möhletleýin saklanylmagyna ýardam etmek, kitaphana hazynalaryny toplamak maksady bilen hem umumydöwlet ähmiýetli kitaphanalara Türkmenistanda neşir edilýän çap önüminiň hökmany bir nusgasyny ibermek esasynda amala aşyrylýar. Kitaphanalaryň sanawy we hökmany nusgany ibermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

15 madda. Kitaphananyň hemişelik saklanylýan (depozit) gaznasy

Az peýdalanylýan, şol bir wagtyň özünde medeni, ylmy we çeperçilik babatda gymmaty bar bolan çap neşirleri we beýleki maglumat beriş çeşmeleri hemişelik saklanylýan (depozit) gaznasyna tabşyrylyp bilner.

Kitaphananyň hemişelik saklanylýan (depozit) gaznasyny toplamak we oňa çap neşirlerini hem-de beýleki maglumat beriş çeşmelerini tabşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň tassyklan kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda kesgitlenilýär.

16 madda. Kitaphananyň alyş-çalyş gaznasy

Kitaphananyň hyzmat ediş ugurlaryna laýyk gelmeýän, köp nusgadaky, az peýdalanylýan, şeýle hem kitaphananyň kitap gaznasyndaky alyş-çalyş işi üçin niýetlenen çap neşirleri we beýleki maglumat beriş çeşmeleri alyş-çalyş gaznasyna tabşyrylyp bilner.

Çap neşirlerini we beýleki maglumat beriş çeşmelerini alyş-çalyş etmegiň düzgünleri, olary ähli görnüşdäki kitaphanalaryň alyş-çalyş gaznasyna bermegiň we ol kitaphanalardan olary almagyň, şeýle-de bu neşir önümlerini satuwa çykarmagyň tertibi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylan kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

17 madda. Kitaphana hazynalaryny goramak

Kitaphana hazynalaryny saklamagyň şertleri, hasaba almagyň we peýdalanmagyň tertibi kitaphana hazynalaryny hasaba almagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýan kadalary bilen kadalaşdyrylýar.

Golýazmalary, gadymy, seýrek, aýratyn gymmatly çap neşirleriniň we kitaphanalaryň hazynalarynda durýan we Türkmenistanyň milli medeni emläginiň zatlary bolup durýan beýleki maglumatlary hasaba almak, saklamak we peýdalanmak taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen amala aşyrylýar.

18 madda. Neşirleriň döwlet tarapyndan hasaba alnyşyny guramak we baş katalogy döretmek işi

Neşir önümleriniň döwlet tarapyndan hasaba almak işini Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy amala aşyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy neşir önümleriniň döwlet tarapyndan hasaba alnyşy boýunça işi utgaşdyryjy gurama hökmünde ýerine ýetirýär.

Çap neşirleriniň hem-de Türkmenistanyň umumydöwlet (ýeke-täk) kitaphana gaznasynyň düzüminde durýan beýleki maglumat beriş çeşmeleriniň baş katalogyny döretmek Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan amala aşyrylýar.

IV BÖLÜM. KITAPHANA HYZMATY

19 madda. Kitaphana hyzmatyna bolan hukuk

Her bir raýat kitaphana hyzmatyna bolan hukuga eýedir. Raýatyň kitaphana hyzmatyna bolan hukugy aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

- kitaphana hyzmatynyň esasy görnüşlerini mugt amala aşyrýan umumy elýeter kitaphanalaryň döwlet gerimini döretmek bilen;

- kitaphanalaryň görnüşleriniň köp dürlüligi bilen, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalar, edaralar we guramalar hem-de fiziki taraplaryň döredýän kitaphanalarynyň ýöriteleşdirilişine we iş ugurlaryna garamazdan, olaryň işinde döwlet goldawy bilen.

20 madda. Kitaphana hyzmaty babatynda raýatlaryň hukuklary we borçlary

Kitaphanalardan peýdalanyjy raýatlaryň aşakdakylara hukugy bardyr:

- kataloglar ulgamynyň we kitaphana habarlylygynyň beýleki görnüşleriniň üsti bilen kitaphana hazynalarynyň düzümi hakynda doly habar almaga;

- habar çeşmelerini agtarmakda we saýlamakda maslahatlaýyn kömek almaga;

- kitaphana hazynalaryndan çap neşirlerini wagtlaýyn peýdalanmaga almaga;

- kitaphana işini habar taýdan üpjün etmek ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga, şeýle hem kitaphanaara abonementi boýunça resmi kagyzlary ýa-da olaryň nusgalaryny almaga;

- hyzmatlaryň beýleki görnüşlerinden, şol sanda tölegli görnüşlerinden peýdalanmaga; olaryň sanawy kitaphanalardan peýdalanmagyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýan kadalary bilen kesgitlenilýär.

Kitaphanalardan peýdalanyjy raýatlar kitaplara we kitaphana hazynalarynda saklanylýan gaýry maglumatlara aýawly garamaga, olary bellenilen möhletlerde gaýtarmaga, kitaphanalardan peýdalanmagyň beýleki kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

21 madda. Kitaphanalaryň hukuklary we borçlary

Kitaphanalar kitaphana işiniň çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aşakdakylara hukugy bardyr:

- öz işiniň mazmunyny we anyk görnüşlerini kesgitlemäge;

- kitaphanalardan peýdalanyjylara bitirilýän hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek hem-de kitaphanalary jemgyýetçilik-döredijilik taýdan ösdürmek maksady bilen hojalyk işini amala aşyrmaga;

- ýuridik we fiziki taraplar bilen şertnamalaryň esasynda kitaphana hazynalaryny peýdalanmagyň şertlerini kesgitlemäge;

- kitaphana işini ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga;

- beýleki döwletleriň kitaphanalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga, halkara kitaphana we gaýry maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga;

- Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry hereketleri amala aşyrmaga.

Kitaphanalar okyjylara hyzmat etmek bilen baglanyşykly aşakdakylara borçludyrlar:

- okyjylaryň kitaphana hazynalaryna erkin barmagyny we olardan peýdalanmak mümkinçiligini üpjün etmäge;

- okyjylara kitaphana hazynalarynyň düzümi hakynda habar bermäge;

- okyjylaryň habar talaplaryny öwrenmäge hem-de olaryň has doly kanagatlanmagyny üpjün etmäge;

- оkyjylaryň kitaphana, bibliografik we maglumat beriş-habar hyzmatyny kämilleşdirmek boýunça işi amala aşyrmaga.

Öz hazynalarynda taryhy we medeni ýadygärliklere degişli edilen aýratyn neşirleri we ulgamlaýyn ýygyndylary bolan kitaphanalar olaryň saklanylmagyny üpjün edýärler hem-de olaryň kataloglarda öz wagtynda hasaba alynmagy üçin we Türkmenistanyň halkynyň medeni emläginiň bir bölegi hökmünde olaryň bellige alynmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.

22 madda. Kitaphanaara abonementi

Hazynalarda okyjylaryň gerekli çap neşirleri we beýleki maglumatlary bolmadyk mahalynda kitaphanalar olary kitaphanaara abonementi boýunça beýleki kitaphanalardan soraýarlar.

V BÖLÜM. KITAPHANALARY DÖRETMEK WE BELLIGE ALMAK

23 madda. Kitaphanalary döretmek

Kitaphanalar jemgyýetiň we raýatlaryň durmuş-ykdysady, medeni-bilim, ylmy we habar talaplaryna laýyklykda döredilýär.

Kitaphanalary esaslandyryjylar döwlet edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar bolup bilerler.

Kitaphanalary döretmek kitaphana hazynasynyň iň az sany, maddy-tehniki we işgär üpjünçiligi bolanda amala aşyrylýar. Kitaphanalary döretmegiň kadalaşdyryjylary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.

Kitaphanalar ýuridik tarapyň hukuklary bilen özbaşdak edaralar hökmünde kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň gurluş birlikleri hökmünde, şeýle hem merkezi kitaphanalaryň filiallary hökmünde döredilip bilner.

Kitaphanany esaslandyryjy onuň tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklaýar we ony maliýeleşdirmek hem-de maddy-tehniki taýdan üpjün etmek boýunça öz üstüne borçnamalar alýar.

24 madda. Kitaphanalary döwlet tarapyndan bellige almak

Türkmenistanyň çägindäki ähli kitaphanalar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

Kitaphanalary döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.

25 madda. Kitaphanalary üýtgedip guramak we ýatyrmak

Kitaphana ony esaslandyryjynyň karary bilen, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda üýtgedip guralyp ýa-da ýatyrylyp bilner.

Kitaphanany üýtgedip guramak ýa-da ýatyrmak hakynda karar kabul eden edara ýa ýuridik ýa-da fiziki tarap bu hakda Tükmenistanyň Medeniýet ministrligine ýazmaça görnüşde habar berýär we üýtgedip guramagyň ýa-da ýatyrmagyň bellenilen möhletine çenli iki aýdan gijä goýman kabul edilen karar hakynda metbugatda habar çap edýär.

Kitaphana ýatyrylanda onuň kitaphana hazynasyny edinmekde döwlet edaralary, şeýle hem beýleki kitaphanalar artykmaç hukuga eýedirler.

VI BÖLÜM. KITAPHANALARYŇ IŞINIŇ MALIÝE-YKDYSADY ESASLARY. KITAPHANA IŞGÄRLERINIŇ IŞGÄRLERI

26 madda. Kitaphanalary maliýeleşdirmek

Döwlet edaralary, döwlet eýeçiligi görnüşindäki kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan döredilen kitaphanalary maliýeleşdirmek döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Esaslandyryjylary eýeçiligiň döwlete dahylly bolmadyk görnüşindäki ýuridik taraplar, şeýle hem fiziki taraplar bolup durýan kitaphanalary maliýeleşdirmek olaryň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Döwlet şeýle kitaphanalara maliýe we maddy-tehniki goldaw bermäge haklydyr.

Kitaphanalary goşmaça maliýeleşdirmek kitaphanalaryň tölegli hyzmatlary bitirendigi üçin alan serişdelerinden, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki maliýe çeşmelerden amala aşyrylyp bilner.

27 madda. Kitaphanalary otaglar we enjamlar bilen üpjün etmek

Kitaphanalary esaslandyryjylar olary okyjylara hyzmat etmegiň we kitaphana hazynalarynyň saklanylmagyna jogap berýän jaýlar ýa-da gulluk otaglarynyň zerur sany, elektron-tehniki ulgamynyň häzirki zaman serişdeleri, köpeldiji tehnika we beýleki enjam bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

28 madda. Kitaphanalary ösdürmegiň serişdeleri

Kitaphanalaryň işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmäge ýardam etmek maksady bilen kitaphanalary ösdürmegiň döwlet we döwlete dahylly bolmadyk serişdeleri döredilip bilner. Bu hazynalary esaslandyryjylaryň serişdeleri, kärhanalardan, edaralardan, guramalardan düşýän düşewüntler, raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyr-sahawat serişdeleri, ýörite lotereýalary, auksion we beýleki täjirçilik çärelerini geçirmekden alnan girdejiler olary düzmegiň çeşmesidir.

Görkezilen maýalaryň serişdeleri kitaphana işini ösdürmek, kitaphanalaryň işini utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny maliýeleşdirmek, bu hazynalaryň ustawlarynda göz öňünde tutulan tertipde gaýry çäreleri maliýeleşdirmek maksady bilen peýdalanylýar.

Kitaphanalary ösdürmek hazynalarynyň serişdeleri guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, islendik kitaphanalaryň işini höweslendirmek maksady bilen peýdalanylyp bilner.

29 madda. Kitaphana işgärleriniň işgärleri

Kitaphana işgärleriniň işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak degişli ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.

Kitaphanalarda wezipelere bellenilende ýokary we ýörite orta kitaphana bilimli ýa-da degişli ýörite bilimli beýleki adamlar artykmaç hukuga eýedirler.

VII BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

30madda. Kitaphanalaryň halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň kitaphanalary Türkmenistanyň halkara şertnamatarynyň esasynda kitaphana işi babatda halkara medeni hyzmatdaşlyga gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň kitaphanalarynyň halkara medeni hyzmatdaşlygy bellenilen tertipde aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

-kitaphanalaryň halkara birleşikleriniň işine gatnaşmak;

-çap neşirleriniň özara alşylmagyny amala aşyrmak;

-kitaphana işini guramagyň halkara tejribesini öwrenmek;

-halkara maslahatlaryny, kongreslerini, ylmy maslahatlaryny, sergilerini geçirmek we olara gatnaşmak;

-Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we kanunçylygyna laýyklykda bilelikdäki gaýry işi amala aşyrmak.

31 madda. Kitaphanalar we kitaphana işi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna bolan jogapkärçilik

Şu kanunyň we kitaphanalaryň işiniň we kitaphana işiniň çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulmagynda günäkär bolan wezipeli adamlar we raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

2000-nji ýylyň 15-nji iýuny

№ 31-II

Ссылается на