Giriş maglumatlary
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Muzeýler we muzeý işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1996 ý., № 4, 68-nji madda)
(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we
goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda muzeý işi babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, tebigat ýadygärliklerini, maddy we ruhy medeniýeti, muzeý edaralarynyň işini ylmy taýdan üpjün etmegiň, öwrenmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň hukuk, ykdysady, sosial ýörelgelerini belleýär.
1 BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Muzeýler, olaryň esasy wezipeleri we işiniň ugurlary
Muzeýler - munuň özi tebigat ýadygärliklerini, maddy we ruhy medeniýeti öwrenmek, graždanlary milli hem-de dünýä taryhy-medeni mirasynyň gazananlary bilen tanyşdyrmak üçin niýetlenilen medeni aň-bilim we ylmy-barlag edaralarydyr.
Muzeý işiniň esasy ugurlary şulardan ybaratdyr, ýagny:
medeni aň-bilim, ylmy-barlag işlerinden;
muzeý eksponatlaryny toplamakdan;
ekspozisiýa, fond, neşir, restawrasiýa, ýadygärlik-gorag işlerinden.
Muzeýler ýuridik tarap bolup durýarlar, mundan başga-da olar kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, okuw jaýlarynda döredilýärler we hereket edýärler.
2-nji madda. Muzeý işi
Muzeý işi - munuň özi maddy we ruhy medeniýetiniň ýadygärliklerini toplamak, öwrenmek we peýdalanmak boýunça muzeýler tarapyndan amala aşyrylýan medeni-aň bilim we ylmy işleriň ýörite ugrudyr.
3-nji madda. Milli muzeý syýasaty
Milli muzeý syýasaty - munuň özi döwlet we jemgyýetçilik işiniň muzeý işi babatdaky esasy ugrunyň we ýörelgeleriniň jemidir.
Milli muzeý syýasatynyň esasy ugurlary şulardan ybaratdyr, ýagny:
muzeý işiniň, netijeliligi üçin sosial-ykdysady, hukuk hem-de ylmy şertleri üpjün etmekden;
muzeý işiniň häzirki zaman infrastrukturasyny kemala getirmäge ýardam bermekden;
muzeýler setini goldamakdan we ösdürmekden;
muzeý kadrlaryny taýýarlamagy, olaryň professional hünärlerini ýokarlandyrmagy, olary hukuk we sosial taýdan goramagy üpjün etmekden;
muzeý işini ösdürmegiň döwlet we ýýerli programmalaryny işläp düzmegi hem-de durmuşa geçirmegi býujet taýdan maliýeleşdirmekden (şol sanda paýlaýyn başlangyçlarda) we ilkinji nobatda material-tehniki taýdan üpjün etmekden;
muzeýleri goramagy üpjün etmekden;
muzeý işi bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary goldýamakdan;
muzeý işi babatda halkara hyzmatdaşlygyna ýardam etmekden.
4-nji madda. Muzeýler we muzeý işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Muzeýler we muzeý işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki normatiw hukuk aktlaryndan ybaratdyr.
Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň normalary ulanylýar.
II BÖLÜM. MUZEÝLERIŇ GÖRNÜŞLERI, OLARY DÖRETMEGIŇ TERTIBI WE MATERIAL BAZASY
5-nji madda. Muzeýleriň görnüşleri
Muzeýler özleriniň ugry boýunça şu aşakdaky görnüşlere bölünýärler: taryhy, arheologik, ülkäni öwreniş, tebigaty öwreniş, edebiýat, çeperçilik, etnografik, tehniki, pudaklaýyn we beýleki muzeýlere.
Ýadygärlikleriň we tebigatyň, taryhyň, medeniýetiniň özbaşdak ýadygärlikleriniň sazlaşygynyň, toplumynyň we aýratyn taryhy, ylmy hem-de medeni gymmatlyklaryň esasynda, taryhy we medeni zapowednikler, muzeý-zapowednikleri we beýleki muzeýler döredilip bilner.
Şeýle muzeýler bolup biler, ýagny:
Döwlet muzeýleri - olary döredijiler döwlet ýýerine ýetiriji häkimiýetiniň merkezi organlarydyr;
ýerli muzeýler - olary döredijiler ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiniň degişli organlarydyr, kärhanalar, edaralar, guramalar we graždanlardyr.
Döwlet muzeýinde umumydöwlet ähmiýetli ýadygärlikleriň muzeý, ýygyndysy bolýar we ol Türkmenistanyň muzeýler setiniň degişli ugurly toparlarynda medeni aň-bilim we ylmy-barlag işlerini alyp baryjy edara bolýar, oňa Türkmenistanyň milli muzeýiniň statusy berlip bilner.
6-njy madda. Muzeýleriň döredilişi
Muzeýleri döretmek hakyndaky çözgüdi olary döredijiler kabul edýärler.
Muzeý döretmek üçin ony döredijiler şulary üpjün etmelidirler, ýagny:
muzeý ýygyndysyny emele getirmegi;
zähmetiň möhüm şertlerini düretmek üçin zerur bolan material bazany ekspozisiýalar üçin jaýlary we muzeýiň fond saklanylýan jaýyny;
muzeýi goramak üçin şertleri;
muzeýiň işlemegi üçin onuň maliýeleşdirilmegini we kadrlar bilen üpjün edilmegini;
muzeýiň takyk raspisaniýe boýunça işlemegini.
Muzeýi döredijiler muzeýiň ýuridik tarap bolup durmaýan filiallaryny we bölümlerini döredip bilerler.
Muzeý döretmek üçin ýer uçastoklary we beýleki zerur bolan serişdeler peýdalanmaga kanunçylyk tarapyndan bellenilen tertipde berilýär.
7-nji madda. Muzeýiň ustawy
Muzeý ony döreden ýa-da döredijiler tarapyndan tassyklanylan ustawy (düzgünnamasy) esasynda hereket edýär.
Muzeýiň ustawynda (düzgünnamasynda) şular kesgitlenilýär, ýagny:
muzeýiň ady, onuň statusy, ony döredenleriň düzümi, olaryň hukuklary we borçlary;
guramaçylyk taýdan gurluşy, esasy wezipeleri we işiniň ugry;
serişdeleriň gelýän çeşmeleri we olary peýdalanmagyň tertibi, muzeýiň, emläginiň, düzümi, muzeýi gaýtadan guramagyň we ýatyrmagyň tertibi, muzeý ýatyrylan halatynda ondaky zatlary saklamagyň şertleri;
muzeýiň işiniň beýleki şertleri.
8-nji madda. Muzeýleriň döwlet belligine alnyşy
Eýeçiligiň haýsy görnüşindedigine garamazdan, muzeýleriň döwlet bellige alnyşy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýär.
Muzeýleriň bellige alynýanlygy üçin töleg girizilýär, onuň möçberi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.
Muzeýi bellige aldyrmak üçin şu aşakdaky dokumentler berilýär:
muzeýi döredendikleri hakynda döredijiniň (döredijileriň) çözgüdi;
şol muzeýe degişli ustaw (düzgünnama);
döwlet belligine alnanlygy üçin töleg dokumenti;
maliýeleşdirilmeginiň çeşmelerini görkezýän, muzeýiň işlemegi üçin gerekli bolan .möhüm dokumentler.
Bellige almak işi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär.
Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, okuw jaýlarynyň ýanynda döredilýän muzeýler bellige alynmaga degişli däldirler. Şolar ýaly muzeýleri döretmegiň we hasaba almagyň tertibini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi kesgitleýär.
9-njy madda. Muzeýleriň ýatyrylmagy we gaýtadan guralmagy
Muzeýleriň ýatyrylmagy ony döredeniň çözgüdi boýunça, şeýle hem hereket edýän kanunçylykda göz öňünde tutulan halatlarda suduň karary boýunça amala aşyrylýar.
Döwlet eýeçiliginde bolup durýan muzeýler ýatyrylanda olaryň eksponatlaryny mundan beýläk peýdalanmagyň tertibini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşmak esasynda oňa hak-hukukly adam kesgitleýär. Eýeçiligiň döwletiňki däl görnüşine esaslanýan muzeýler ýatyrylan halatynda muzeý eksponatlaryny almaga bolan artykmaç hukuk döwlete degişli bolup durýar.
Muzeýleriň (goşulmagy, birikmegi, aýrylmagy, bölünmegi, täzeden döredilmegi) gaýtadan guralmagy hereket edýän normatiw-hukuk aktlaryna laýyklykda bolup biler.
Muzeýleriň gaýtadan bellige alynmagy muzeýiň eýeçilik babatdaky görnüşiniň ýa-da onuň özüniň görnüşiniň üýtgän halatynda geçirilýär we ol onuň bellige alynmagy üçin bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
10-njy madda. Muzeýiň territoriýasy
Muzeý üçin bölünip berlen territoriýada onuň bellenilen wezipesine ýa-da muzeý eksponatlarynyň saklanyşynyň ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirip biljek işler, şeýle, hem medeniýet edarasy bolan muzeý işi bilen bir ýere sygyşmaýan başga bir iş gadagan edilýär. Bu territoriýa üçin muzeýiň ustawyna laýyklywda şeýle zonalar bölünip berlip bilner, ýagny:
goralyp saklanýan zona - has gymmatly taryhy-medeni kompleksleri we aýry-aýry obýektleri saklamak we goramak üçin;
ekspozision zona - iri göwrümli muzeý predmetlerini stasionar ýagdaýda görkezmek we medeni-öwreniş maksatlary bilen peýdalanmak üçin;
ylmy zona - ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin;
rekreasion zona - muzeýe gelýänleriň dynç almagy we olara hyzmat etmek üçin;
hojalyk zonasy - kömekçi hojalyk obýektlerini ýerleşdirmek üçin.
11-nji madda. Tebigy çeşmelerden peýdalanylyşy
Muzeý ýerden, beýleki tebigy çeşmelerden peýdalanýar we ol şolary goramagyň we olardan tygşytly peýdalanmagyň normalaryny -.berjaý etmek boýunça hereket edýän kanunçylyga laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
12-nji madda. Muzeýleriň maliýeleşdirilişi
Muzeýleriň maliýeleşdirilmegi eýeçiliginiň görnüşine görä, Türkmenistanyň döwlet býujetiniň, ýerli býujetleriň we kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, graždan birleşmeleriniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Muzeýleri maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmsleri şular bolup durýar, ýagny:
muzeýlere, sergilere gelip görmek üçin tölegler, muzeý edarasynyň kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, graždan birleşmeleriniň, we aýry-aýry graždanlaryň zakazlary boýunça ýerine ýetiren ylmy-barlag işleri we beýleki görnüşli işler üçin alýan serişdeleri;
ýadygärlik önümleriniň, neşir işleriniň satylmagyndan gelýän düşewüntler;
kino we surata düşürmeler üçin tölegler;
beýleki çeşmeler, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda walýuta girdejileri.
13-nji madda. Muzeýleriň material-tehniki taýdan üpjün edilişi
Muzeýleriň eýeleri olary muzeýleriň işlemegi üçin bildnrilýän talaplara laýyk gelýän jaýlar (desgalar), şeýle hem degişli enjamlar we transport bilen üpjün etmäge borçludyrlar.
Umumydöwlet we ýerli muzeýleriň umumydöwlet we munisipal eýeçilikde bolup durýan jaýlary olara operatiw ýagdaýda dolandyrmak hukugy bilen berilýär. Olar muzeýlere diňe şolara barabar bolan başga jaýlar berlen şertlerinde alnyp bilner.
Muzeý jaýlary taslananda we ulanylmaga berlende çagalaryň, maýyplaryň, ýaşy bir çene baran graždanlaryň medeniýet ýadygärlikleriniň ýanyna baryp bilmäge bolan islegleri göz öňünde tutulýar.
III BÖLÜM. MUZEÝLERIŇ DOLANDYRYLYŞY WE ÖZ-ÖZÜNI DOLANDYRYŞY, MUZEÝLERIŇ EMLÄK HUKUKLARYNYŇ KEPILLERI
14-nji madda. Dolandyryşyň döwlet organlary
Muzeý işi çygrynda dolandyryşyň döwlet organlary Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bolup durýar.
15-nji madda. Muzeý işi çygrynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň garamagyna şular degişlidir, ýagny:
muzeý işini ösdürmegi maliýeleşdirmek;
bu çygyrda dolandyryşyň döwlet organyny döretmek;
muzeý işi çygrynda kadrlary taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmagyň döwlet sistemasyny guramak;
muzeý işi çygrynda zerur bolan material-tehniki bazany döretmek;
Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary tarapyndan onuň ygtyýar1yklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.
16-njy madda. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyna şular degişlidir, ýagny:
Türkmenistanda milli muzeý syýasatyny durmuşa geçirmek;
muzeý işi çygrynda guramaçylyk-metodik ýolbaşçylygy amala aşyrmak;
Türkmenistanyň territoriýasynda döredilen muzeýleriň döwlet statistiki hasabaty boýunça talaplary düzmek;
muzeý hyzmatynda we normatiwlerinde döwlet isleglerini onuň bolmaly derejesine görä kesgitlemek;
muzeýleriň ylmy-metodik we material-tehniki taýdan üpjünçiligi üçin ýöriteleşdirilen guramaçylyk düzümlerini döretmek;
muzeýleri bütewi informasion sistema birleşdirmek boýunça sazlaşyk işlerini amala aşyrmak;
muzeý işgärlerini okatmagy olaryň hünär taýýarlyklaryny amala aşyrmak;
döwlet muzeýleriniň işine, Türkmenistanyň muzeý fondunyň hasabynyň ýöredilişine we saklanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmak;
muzeýleri öwrenmek babatda ylmy barlaglary guramak.
17-nji madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň muzeý işi çygryndaky ygtyýarlyklary
Welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň garamagyna muzeý işi çygrynda şular degişlidir, ýagny:
muzeýler setini ösdürmek boýunça çäreleri görmek;
özleriniň territoriýasyndaky muzeýleriň material-tehniki bazasyny pugtalandyrmaga ýardam bermek;
Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary tarapyndan onuň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.
18-nji madda. Muzeýleriň öz-özüni dolandyrmagy
Muzeýleriň öz-özüni dolandyryşyň şeýle organlaryny döretmäge hukugy bardyr: ylmy, metodik, muzeý-pedagogik çeperçilik, restawrasiýa we beýleki sowetleri, şonda olar dürli hünärli spesialistleri olaryň işine çekip bilýärler.
19-njy madda, Muzeýleriň emläk hukuklarynyň kepilleri
Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki muzeýleriň emläk hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär. Muzeýlerden fondlary we olara berkidilen beýleki emläkleri almak işi diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda amala aşyrylyp bilner.
IV BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ MUZEÝ FONDY
20-nji madda. Türkmenistanyň muzeý fondy
Türkmenistanyň muzeý fonduna şular girýär, ýagny:
ylmy, taryhy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni gymmatlyklary (mundan beýläk- ýadygärlikler) bolup, olaryň görnüşine, döredilen ýerine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan we Türkmenistanyň territoriýasynda saklanylýan tebigatyň, material we ruhy medeniýetiň gozgalýan ýadygärlikleriniň, (etnografik gymmatlyklar, arheologik tapyndylar, bezeg-amaly haşam sungatynyň eserleri, golýazmalar we beýlekiler) jemi.
gozgalmaýan ýadygärlikleriň Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan jemi (taryhy we memorial obýektler, monumental sungatyň eserleri, bütewi tebigy-taryhy ýadygärlikler, döwlet taryhy-medeni zapowednikleri we beýleki ýadygärlikler).
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda saklanýan we halkara şertnamalary boýunça Türkmenistana gaýtarylyp berilmäge degişli ýadygärlikler hem Turkmenistanyň Muzeý fonduna degişli bolup biler.
Türkmenistanyň Muzeý fondy döwletiňki bolup durýan we döwletiňki bolup durmaýan böleklerden durýar.
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň, döwletiňki bolup durýan bölegine döwlet eýeçiliginde bolup durýan muzeý eksponatlary we aýry-aýry ýadygärlikler degişlidir.
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň döwletiňki bolup durmaýan bölegine eýeçiligiň, başga görnüşlerine esalanýan muzeý eksponatlary, şol sanda jemgyýetçilik, dini guramalaryň, aýry-aýry graždanlaryň we olaryň birleşmeleriniň eýeçiliginde bolup durýan ýadygärlikler degişlidir.
Muzeýleriň eýeleri bolup durýan ýuridik we fiziki taraplar Türkmenistanyň Muzeý fondunuň abatlygyny üpjün etmäge we onuň üstüniň, doldurylyp durulmagy üçin ýardam etmäge borçludyrlar.
21-nji madda. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň Milli medeni mirasynyň Döwlet reýestriniň düzümindäki ýadygärlikleri
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň örän seýrek duş gelýän, şeýle hem ajaýyp ylmy, taryhy, çeperçilik ýa-da başga medeni ähmiýeti bolan ýadygärlikleri eýeçiligiň görnüşine we saklanýan ýerine garamazdan, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan milli medeni mirasyň Döwlet reýestrine girizilýär.
Milli medeni mirasyň, Döwlet reýestri hakyndaky Düzgünnama, milli medeni emlägiň Döwlet reýestrine girýän ýadygärlikler hakyndaky ustaw we olaryň saklanylyşynyň şertleri Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
22-nji madda. Milli arhiw fondunyň ýadygärlikleriniň hasaba alnyşy, saklanylyşy we peýdalanylyşy
Muzeýlerde saklanylýan we Milli arhiw fonduna degişli ýadygärlikleri hasaba almak, saklamak we peýdalanmak işleri "Türkmenistanyň Milli arhiw fondy hakyndaky" Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan düzgünleşdirilýär.
23-nji madda. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň emele getirilişi
Türkmenistanyň Muzeý fonduny emele getirmek işi şeýle ýollar bilen amala aşyrylýar, ýagny:
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan, beýleki ministrlikler we wedomstwolar, olaryň ýerlerdäki organlary tarapyndan ýadygärlikleri döwlet býujetiniň hasabyna we muzeýleriň özleriniň, hususy serişdeleriniň hasabyna satyn almagy bilen;
arheologik, etnografik, ylmy-tebigaty öwreniş we beýleki ekspedisiýalar, gurluşyk, remont ýa-da restawrasiýa işleri wagtynda ele salnan ýadygärlikleri, şol sanda gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan bolan ýadygärlikleri hem-de genji-hazynalary bellenilen tertipde muzeýlere bermek ýoly bilen;
ýadygärlikleriň kärhanalar, edaralar, guramalar we graždanlar tarapyndan muzeýlere mugt berilmegi bilen;
hereket edýän kanunçylyga laýyklykda konfiskasiýa edilen ýadygärlikleriň muzeýlere berilmegi bilen;
gözlenilýän, bikanun äkidilen ýadygärlikleriň Türkmenistana gaýtarylyp berilmegi bilen;
gümrükhanada alnyp galnan ýadygärlikleriň berilmegi bilen;
hereket edýän kanunçylyga ters gelmeýän beýleki usullar arkaly muzeý eksponatlarynyň üstüniň doldurylmagy bilen.
24-nji madda. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärlikleriniň hasaba alnyşy
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň, ýadygärlikleri hasaba alynmaga degişlidir. Tňrkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärliklerini hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.
25-nji madda. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärlikleriniň berlişi
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň eýeçiligiň umumydöwlet, munisipal we beýleki görnüşlerine esaslanýan muzeýlerde saklaýan ýadygärliklerini Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik saklamak üçin beýleki muzeýlere we guramalara bermek işi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.
26-njy madda. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň abatlygy
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärlikleriniň eýeleri ýa-da oňa ygtyýarly organlar şol ýadygärlikleriň degişli hasabatyny we abatlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärliklerini degişli derejede saklamagy üpjün etmek maksady bilen olaryň eýeleri ýa-da oňa ygtyýarly organlar degişli şertler döretmelidirler, ýadygärlikleri saklamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörite düzgünini ýola goýmalydyrlar, olaryň konserwirlenmegini hem-de restawrirlenmegini geçirmelidirler.
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärliklerini ýok etmäge ýol berilmeýär.Türkmenistanyň Muzeý fondunyň hukuk taýdan goralyşy hereket edýän kanunçylyk arkaly kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň döwlet eýeçiliginde bolup durýan ýadygärlikleri hususylaşdyrmaga degişli däldir.
27-nji madda. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärliklerini Türkmenistanyň, çäklerinden daşary çykarmagyň tertibi
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärliklerini sergilerde görkezmek üçin ýa-da restawrirlemek üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň rugsat bermegi bilen serhetden aňyrda wagtlaýyn bolmagyndan başga halatlarda Türkmenistanyň çäklerinden daşary çykarmak gadagan edilýär.
28-nji madda. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärlikleriniň strahowaniýesi
Türkmenistanyň Muzeý fondunyň sergilerde görkezmek üçin ýa-da restawrasiýa üçin Türkmenistanyň çäklerinden wagtlaýyn çykarylýan ýadygärlikleri hökmany strahowaniýe edilmäge degişlidir.
Olaryň kesilen we strahowaniýe bahasyny bellemegiň tertibi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyet we maliýe ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.
29-njy madda. Türkmenistanyň Muzeý fondunyň ýadygärlikleriniň konserwirlenmegi we restawrirlenmegi
Türkmenistanyň Muzeý gorunyň ýadygärlikleriniň konserwirlemek we rejelemek işlerini diňe Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň ýöriteleşdirilen edaralary, muzeýleriň rejeleýiş bölümleri, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginden ygtyýarnamasy bolan ýöriteleşdirilen kärhanalar, guramalar we aýry-aýry rejeleýjiler ýerine ýetirip bilerler.
Muzeý işi babatdaky işi (işleri, hyzmatlary) amala aşyrmaga ygtyýarnama bermegiň, ony gaýtadan resmileşdirmegiň, togtatmagyň, dikeltmegiň, hereketini bes etmegiň we ýatyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýär.
Döwlet rejeleýji işgärlerini taýýarlamakda, ýöriteleşdirilen rejeleşdiriş edaralarynyň ulgamyny ösdürmekde ýardam edýär.
V BÖLÜM. MUZEÝLERIŇ IŞI BABATDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY
30-njy madda. Muzeýleriň işi babatda halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň muzeýleri muzeý işi babatda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda halkara medeni hyzmatdaşlyga gatnaşýarlar.
Muzeýleriň halkara medeni hyzmatdaşlyga gatnaşmagy bellenilen tertipde şu ýollar bilen amala aşyrylýar, ýagny:
halkara ylmy programmalary işläp düzmek we amala aşyrmak esasynda bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek bilen;
muzeý informasiýalaryny, sergileri özara alyşmagy, muzeý işini guramagyň halkara tejribesini öwrenmegi amala aşyrmak bilen;
halkara konferensiýalaryny, kongreslerini, simpoziumlaryny, sergilerini geçirmek we olara gatnaşmak bilen;
muzeý işgärlerini bilelikde taýýarlamagy, neşir işini ösdürmegi guramak bilen;
Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna ters gelmeýän bolsa, ylalaşyk esasynda başga işleri-de bilelikde amala aşyrmak bilen.
VI BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ MUZEÝLER WE MUZEÝ IŞI HAKDAKY KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANLYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK
31-nji madda. Türkmenistanyň Muzeý fonduna ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik
Graždanlar ýa-da ýuridik taraplar tarapyndan muzeýe ýetirilen maddy zyýanyň öwezi hereket edýän kanunçylyga laýyklykda dolunýar.
32-nji madda. Türkmenistanyň muzeýler we muzeý işi hakyndaky kanunçylygynyň bozulanlygy üçin jogapkärçilik
Muzeýler we muzeý işi hakyndaky kanunçylygy bozmakda günäkär taraplar hereket edýän kanunçylyga laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 20-nji dekabry
№ 184-1