«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly
ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 4, 2508-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda atçylygy ösdürmekde, adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde, tohum atlaryň önümçilik sypatlaryny saklamakda we ýokarlandyrmakda, olaryň baş sanyny artdyrmakda, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny, at-owazasyny has-da belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkeziniň seýisi Bäşim Ballyýewiç Ballyýewe;
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň önümçilik bölüminiň atbakary Döwletmyrat Berdimuhammedowiç Atahanowa;
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň önümçilik bölüminiň uly atbakary Şiraly Rahymowa;
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Seýisçilik bölüminiň seýisi Rejepmyrat Agamyradowa;
Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjysy, hususy atşynas Mälikguly Taýlyýewe.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2013 ý. aprel aýynyň 28-i
№ PP-6319