Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ýol fondy hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ýol fondy hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Ýol fondy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 9, 2790-njy madda)

Türkmenistanyň ýol infrastrukturasyny ösdürmegi döwlet tarapyndan goldamagy üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny abatlamak, saklamak olaryň durkuny täzelemek we olary gurmak bilen baglanyşykly çykdaýjylary maliýeleşdirmek üçin 1995 ýylyň 1-nji ortýabryndan başlap Ýol fonduny döretmeli.

2. Ýol fondy hakyndaky düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).* (*Goşundy alynmady).

3. Ýol fondunyň serişdeleri Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejilerinde we çykdajylarynda hasaba alynýar diýip bellemeli.

4. Ýol fonduna tölegleriň wagtynda we doly tölenilişine kontrollyk etmegi Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasynyň üstüne ýüklemeli.

5. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi ulanylýan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky teklipleri bir möhletde taýýarlamalydyr hem-de olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 27-nji sentýabry

№ PP-1647