Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmen nebitini we gazyny halkara bazarlaryna daşamak üçin turboprowodlaryň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça Konsorsiumy döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmen nebitini we gazyny halkara bazarlaryna daşamak üçin turboprowodlaryň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça Konsorsiumy döretmek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmen nebitini we gazyny halkara bazarlaryna daşamak üçin turboprowodlaryň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça Konsorsiumy döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 11, 1632-nji madda)

«On ýyl abadançylyk» programmasyny netijeli durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň halkara ykdysadyýetine goşulyşmagyny çaltlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen nebitini we gazyny halkara bazarlaryna daşamak üçin niýetlenilen turboprowodlar baradaky işleri geçirmek we olary gurmak üçin «Ýu-ES-SI-AI-ES-WЕNÇURS INK» (ABŞ), «WEÝWMЕG» (Şweýsariýa, ABŞ) we «Bridas» (Argentina) kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanalarynyň düzüminde Konsorsium döretmeli.

Konsorsiumyň işine ýolbaşçylyk etmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazowyň baştutanlygynda şu aşakdaky düzümde Komitet döretmeli: N. T. Söýünow - Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hökümetiniň şahsy wekili, Aleksandr Heýg, Karlos Bulgeroni, Maýkl Ansari we Eduard Gendelman.

2. Truboprowodyň beýleki gyzyklanýan döwletler bilen ylalaşylan has amatly marşrutyny işläp taýýarlamagy Konsorsiuma tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 23-nji noýabry

№ PP-1065