Ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga moratoriý girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga moratoriý
girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 1, 2-nji madda)
Türkmenistany demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde döretmegiň, we ösdürmegiň esasy ýörelgelerini mundan beýläk-de durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda halkara hukugynyň, umumylykda ykrar edilen kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky Guramanyň ýörelgelerine we maksatlaryna yzygiderli eýerýändiginden we olary durmuşa geçirýändiginden ugur alyp, adamkärçilik, hoşniýetlilik, adalatlylyk taglymlaryny goldanyp we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Adam hukuklary baradaky ählumumy jarnamasyny kabul etmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
1. 1999 ýylyň 1 ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň ähli ýerinde ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga moratoriý girizmeli.
2. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 66 maddasynyň ikinji böleginiň 2 punktuna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi şu Permany ulanmak bilen baglanyşykly meselelere kanunda göz öňünde tutulan tertipde garamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 6-njy ýanwary
№ PP-2736