Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Salgyt salmagy we maliýe çärelerini ulanmagy tertipleşdirmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Salgyt salmagy we maliýe çärelerini ulanmagy tertipleşdirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Salgyt salmagy we maliýe çärelerini ulanmagy tertipleşdirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 11, 519-njy madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň23.08.2002 ý. çykaran № 5835 karary we Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.03.2005 ý. çykaran № PP-4243 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Türkmen halkynyň altyn asyry bolan XXI asyrda kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, şeýle hem telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň hojalyk işini has-da höweslendirmek we salgyt we beýleki kanunlaryň bozulmagy üçin olar barada maliýe çärelerini ulanmagy tertipleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Edara görnüşindäki taraplar we şahsy adamlar üçin:

buhgalteriýa taýdan hasaba almagyň, hasabatlaryň we balanslaryň ýoklugy ýa-da şeýle hasaba almagyň we hasabatlylygyň bellenilen tertibini bozmak bilen ýöredilmegi üçin kärhanalara, şeýle hem salgyt salynmaga degişli girdejileriň we şol girdejileri almak bilen baglanyşykly çykdajylaryň hasaba alynmazlygy üçin raýatlara býujete tölenilmeli salgytlaryň we beýleki tölegleriň ýüzden 10-y möçberdäki;

buhgalteriýa hasabatlarynyň we balanslarynyň, salgyt hasabatlarynyň, hasaplamalaryň, beýannamalaryň hem-de salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleri hasaplamak üçin zerur beýleki resmi namalaryň tabşyrylmazlygy ýa-da wagtynda tabşyrylmazlygy üçin býujete salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň ýüzden 10-y möçberdäki;

býujete salgytlary ýa-da beýleki hökmany tölegleri tölemek üçin töleg resmi namalarynyň bank edaralaryna tabşyrylmazlygy ýa-da wagtynda tabşyrylmazlygy üçin býujete tölenilmeli salgytlaryň ýa-da beýleki hökmany tölegleriň, şeýle hem salgyt edaralarynyň kärhanalara salýan jerimeleriniň ýüzden 10-y möçberdäki;

hojalygy ýöredijileriň günäsi bilen gözegçileriň netijenamalarynyň ýoklugy üçin hasabat ýyly boýunça býujete tölenilmeli salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň ýa-da býujetden daşary gaznalara beýleki tölegleriň ýüzden 40-y möçberdäki;

gözegçilik-kassa elektron abzallaryny ulanmazdan nagt pul amallarynyň geçirilen halatlary üçin edara görnüşindäki taraplara Türkmenistan boýunça bellenilen iş hakynyň ortaça derejesiniň 50 essesi möçberdäki;

döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň belli bir maksat boýunça peýdalanylmadyk toplaýyş gaznasynyň serişdeleriniň ýüzden 100-i möçberdäki;

salgyt edaralarynda hasaba alynmagy hakynda degişli resmi namany bermezden Türkmenistanyň çäklerinde desgalary gurmak ýa-da beýleki işi amala aşyrmak barada daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, şeýle hem daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplar bilen şertnamalaryň baglaşylmagy üçin ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, edaralara we guramalara şertnamanyň bahasynyň ýüzden 2-si möçberdäki;

harytlary daşary ýurtlara ibermegiň şertnamalary boýunça girdejileriň doly ýa-da wagtynda gowuşmazlygy, ýüklemegiň şertnamada bellenilen möçberleriniň artdyrylmagy üçin harytlary daşary ýurtlara iberijä gowuşmadyk puluň ýa-da şertnamada bellenilen mukdardan artyk ýüklenilen harytlaryň bahasynyň ýüzden 100-i möçberdäki;

harytlary daşary ýurtlardan getirmegiň şertnamalary boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň doly we wagtynda gowuşmazlygy üçin harytlary daşary ýurtlardan getirijä harytlaryň gowuşmadyk möçberiniň bahasynyň ýüzden 100-i möçberdäki maliýe çärelerini ulanmagy ýatyrmaly.

2. Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we edara görnüşindäki tarapy döretmedik telekeçileriň ýörite rugsatnamanyň (ygtyýarnamanyň) alynmagy talap edýän işi görkezilen rugsatnama (ygtyýarnama) bolmazdan amala aşyrmagy alnan peýdanyň (girdejiniň) ýüzden 100-i möçberde jerime salynmagyna eltýär diýip bellemeli.

Ygtyýarnamasyz iş üçin jerimeleriň möçberi Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine tölenilýär.

Ygtyýarnamasyz iş üçin jerimäni degişli ygtyýarnamany berýän döwlet edarasy sud tertibinde ulanýar.

Ygtyýarnamasyz işiň amala aşyrylandygy üçin sud tarapyndan bellenilen jerimeleriň möçberleriniň býujete tölenilişine gözegçiligi üpjün etmek baradaky borç Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň üstüne ýüklenilýär.

Şunda ygtyýarnama berýän döwlet edarasy Türkmenistanyň ähli derejedäki sud edaralarynda işlere garalan mahaly döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.

3. Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

4. Bikanun alnan girdejiniň (jemi girdejiniň ýa-da alnan peýdanyň) ähli möçberini almak görnüşinde Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda maliýe çäreleri ulanylan halatlarda ol şondan hasaplanylan salgytlaryň (bujete beýleki hökmany tölegleriň) möçberine azaldylmaga degişlidir.

5. Salgytlar we beýleki hökmany tölegler bank edaralarynyň günäsi bilen Türkmenistanyň Döwlet býujetine öz wagtynda gelip gowuşmaýan halatlarynda olardan her bir möhleti geçirilen gün üçin salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň möçberinden ýüzden 0,05-e barabar möçberde puşmana puly alynýar diýip kesgitlemeli.

6-njy we 7–nji bölümleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.03.2005 ý. çykaran № PP-4243 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

8. "Söwda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmatlar babatda elektron gözegçilik - pulhana gurallaryny tapgyrma-tapgyr girizmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda çykaran № 2849 kararynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1996-njy ýyl, № 10, 5262-nji madda) 3-nji bölüminiň üçünji bendini aýyrmaly.

9. "Kärhanalaryň we guramalaryň zähmete hak tölemegini düzgünleşdirmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 7-nji aprelinde çykaran № 3084 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1997-nji ýyl, № 4, 5600-nji madda) 4-nji bölümini aýyrmaly.

10. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda çykaran № 4516 karary bilen tassyklanylan, Daşary ýurt pulundaky eksport- import amallaryna gözegçiligi guramak hakyndaky Düzgünnamada (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000-nji ýyl, №1, 61-nji madda) 21-nji we 37-nji bölümleri aýyrmaly.

11-nji bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.08.2002 ý. çykaran № 5835 karary esasynda güýjüni ýitiren.

12. "Türkmenistanda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda çykaran № 4828 kararynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000-nji ýyl, № 9, 466-njy madda):

5-nji bölümde "ýüzden 5-i möçberde" diýen sözleri "ýüzden l-i möçberde" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

Türkmenistanyň çäklerine gümrükde resmileşdirilen mahaly goşulan baha üçin salgyt salmazdan getirilýän harytlaryň sanawyna şu mazmundaky 8-nji bölümi goşmaly:

«8. Bugdaý, tüwi, mekgejöwen, un we oba hojalyk ekinleriniň tohumlary».

13. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

"Türkmenistanda auditorçylyk işiniň meseleleri" hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 11-nji aprelinde çykaran № 1747 kararyny;

"Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulandygy üçin ykdysady çäreler barada" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda çykaran № 2293 kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1995-nji ýyl, № 7, 2705-nji madda);

«Türkmenistana getirilýän we onuň çäklerinden daşaryk alnyp gidilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny almak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 26-njy fewralynda çykaran № 5121 kararyna №1 goşundynyň № 12 «Bugdaý» we № 13 «Un» bölümlerini;

"Salgytlar hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykaran № 3243 kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1997-nji ýyl, № 7, 5836-njy madda);

"Býujete salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak baradaky çäreler hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 1-dekabrynda çykaran № 3415 kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1997-nji ýyl, № 11-12, 6055-nji madda).

14. Şu Perman 2001-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap güýje girýär.

2001-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap şu Permanyň güýje giren gününe çenli jerimeleriň we puşmana pullarynyň hasaplanan möçberleri şu Permanyň düzgünlerini hasaba almak bilen, gaýtadan hasaplanmaga degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 23-nji noýabry

№ PP-3506

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2001-nji ýylyň 23-nji noýabrynda

çykaran № PP - 3506 Permany bilen

tassyklanyldy

Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin

maliýe çäresini ulanmak hakynda

D Ü Z G Ü N N A M A

1. Şu Düzgünnama eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde öz işini wekilçilikleriniň hem-de bölümleriniň üsti bilen amala aşyrýan daşary ýurt edara görnüşindäki taraplarynyň (mundan beýläk - kärhanalar) döwlet nyrh düzgün-nyzamyny bozmagy üçin maliýe çärelerini ulanmagyň, jerimeleri hasaplamagyň we tölemeginiň tertibini kesgitleýär, "Nebitgaz serişdeleri hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işini amala aşyrýan kärhanalar muňa girmeýär.

2. Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagyna ýol beren kärhanalara şu Düzgünnamanyň 3-nji bölüminde bellenilen möçberde maliýe çäresi ulanylýar, ol Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine gönükdirilýär.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň bellän nyrhlarynyň (tarifleriniň) aňryçäk derejesinden ýokarlandyrylmagy önümleri (harytlary, işleri, hyzmatlary) ýerlemekden bikanun alnan pul möçberlerinden ýüzden 100 möçberde maliýe çäresiniň ulanylmagyna getirýär.

Kärhananyň bikanun alan girdejisiniň möçberi önümleri (harytlary, işleri, hyzmatlary) ýokarlandyrylan nyrhlar boýunça ýerlemekden hakykatda alnan girdeji bilen şol önümleriň (harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň) ulanylýan kanunlara laýyklykda bellenilen nyrhlary (tarifleri) boýunça bahasynyň arasyndaky tapawut hökmünde hasaplanylýar.

4. Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak hakyndaky çözgütleri:

umumy möçberi 100 million manatdan geçýän jerimeler boýunça Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň nyrh emele getirmek meseleleri baradaky topary (mundan beýläk - Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi);

100 million manada çenli we 100 million manat möçberdäki jerimeler boýunça welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň Baş ykdysadyýet we maliýe müdirlikleri kabul edýär.

Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak hakyndaky çözgüt onuň ýerine ýetirilmegi üçin kärhananyň ýerleşýän ýerindäki döwlet salgyt gullugy edarasyna iberilýär.

5. Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresi barlagyň namasy esasynda ulanylýar. Barlanylýan kärhananyň ýolbaşçysynyň nama gol çekmekden boýun gaçyrmagy ony we kärhanany jerimäni tölemekden boşatmaýar.

6. Döwlet salgyt gullugynyň edaralary maliýe çärelerini ulanmak hakynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýa-da onuň ýerlerdäki edaralarynyň çözgütlerini alan mahaly 3 gün möhletde degişli pul möçberiniň Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine jedelsiz töletdirilip alynmagy hakyndaky buýrugy bank edarasyna bermäge borçludyr.

7. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň etraplardaky we şäherlerdäki bölümleri döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin hasaplanan hem-de hakykatda tölenilen jerimeleri hasaba alýar.

8. Bank edarasy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň kärhananyň ýerleşýän etrabyndaky we şäherindäki bölümine görkezilen kärhananyň jerimäni töländigini tassyklaýan töleg resmi namasyny iberýär.

9. Eger kärhananyň öz-özüni barlamagynyň barşynda döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmasy bellenilen halatda önümleri (harytlary, işleri, hyzmatlary) ýerlemekden bikanun alnan girdejiniň möçberi şu serişdeleri sarp edijilere gaýtaryp bermek mümkin bolmadyk mahaly kärhananyň özi tarapyndan Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine geçirýär.

10. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň işgärlerine we onuň ýerlerdäki hünärmenlerine olaryň talap edýän bellenilen görnüşler boýunça buhgalteriýa we statistiki hasabat maglumatlarynyň berilmezligi ýa-da ygtybarsyz maglumatlaryň berilmegi üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň hem-de onuň ýerlerdäki edaralarynyň ýazyp bermegi boýunça salgyt gullugynyň edaralary tarapyndan kärhananyň ýolbaşçysyna we baş buhgalterine Türkmenistanyň ulanylýan kanunlarynda göz öňünde tutulan möçberlerde jerime salynýar.

11. Döwlet nyrh düzgün - nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak hakynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň hem-de onuň ýerlerdäki edaralarynyň çözgüdine edara tarapyndan Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligine - maliýe çäresini ulanmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi hakyndaky resmi habarnamanyň berlen gününden başlap 2 aý möhletden gijä galman, şeýle hem Türkmenistanyň Araçy suduna şikaýat edilip bilner.

Eger görkezilen çözgüdi duruzmak hakynda sud kesgitleme çykarmasa, hak isleg arzasynyň berilmegi onuň sudda garalýan wagtynda çözgütleriň ýerine ýetirilmegini duruzmaýar.

12. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň hem-de onuň ýerlerdäki edaralarynyň Türkmenistanyň Araçy sudunyň çözgüdi bilen ylalaşmadyk mahaly Türkmenistanyň kanunlary arkaly bellenilen tertipde şikaýat etmäge hukugy bardyr.

13. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de onuň ýerlerdäki edaralary Türkmenistanyň ähli derejelerdäki sudlarynda işlere garalanda döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.

14. Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine nädogry töletdirilen jerimäniň möçberi, eger şol pul möçberiniň Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine geçirilen pursatyndan ony gaýtaryp bermek baradaky çözgüt çykarylan güni aralykda üç ýyl möhlet geçmezlik şerti bilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýa-da Türkmenistanyň Araçy sudunyň çözgütleri esasynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de onuň ýerlerdäki edaralary tarapyndan gaýtarylyp berilýär.

References