Oraza baýramy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 10, 1072-nji madda)
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyna aýawly çemeleşmek, onuň gymmatly ruhy baýlygyny gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmek hem-de baýlaşdyrmak mähriban halkymyzyň bitewiligini,agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmek we «Oraza baýramy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran № 2432 Permanyny ýerine ýetirmek üçin, karar edýärin:
Milli baýram bolan Oraza baýramy mynasybetli, 2006-njy ýylyň 14-nji oktýabryny iş güni däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2006-njy ýylyň 14-nji oktýabry
№ PP-4547