Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 17.06.2016

Ilaty iş bilen üpjün etmek hakynda

Official text as of 17.06.2016

Updated on the portal · 12.08.2026

Giriş maglumatlary

«Ilaty iş bilen üpjün etmek hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen № 411-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Ilaty iş bilen üpjün etmek hakynda

(Türkmenistannyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary 1991 ý., № 16, 173-nji madda)

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV kanuny

esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

I. bölüm UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistanda graždanlaryň iş bilen üpjünçiligi

1. Iş bilen meşgullanmak – munuň özi graždanlaryň öz şahsy we jemgyýetçilik isleg-hajatyny kanagatlandyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirýän¸ özem häzirki ulanylýan kanunlara ters gelmeýän hem-de düzgün bolşy ýaly özlerine pul formasynda ýa-da başga hili formada iş haky¸ gazanç¸ posobiýe we önüm (natural) görnüşde girdeji getirýän işidir.

2. Türkmenistanda graždanlaryň kanun boýunça gadagan edilmedik işiň haýsy görnüşini saýlap alaýyn diýse¸ ony erkin saýlap almaga haky bardyr. Olaryň öndürijilik we döredijilik zähmeti barasynda öz ukyp zehinine erk etmäge aýratyn hukugy bardyr. Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda adamlaryň zähmet çekmäge haýsydyr bir formada adminstratiw tertipde mejbur edilmegine ýol berilmeýär. Graždanlaryň iş bilen meýletin meşgullanmazlygy olaryň adminstartiw¸ jenaýat jogapkärçiligine we gaýry jogapkärçilige çekmek üçin esas bolup hyzmat edip bilmez.

3. Türkmenistanda iş bilen üpjünçilikli ilata şu aşakdaky graždanlar degişlidir:

kärhanalaryň¸ edaralaryň we guramalaryň¸ şol sanda kolhozlaryň we sowhozlaryň haýsy eýeçilik formasyna degişlidigine garamazdan¸ şolarda hakyna durup işleýänler¸ bileleşikli kärhanalarda we guramalarda¸ erkin hususy iş başyny tutujylyk zonalarynda¸ Türkmenistandaky daşary ýurtlardaky halkara hem-de daşary ýurt guramalarynda hakyna durup işleýänler;

özüni iş bilen üpjün edýänler¸ şol sanda hususy iş başyny tutujylar¸ indiwidual zähmet we döredijilik işi bilen meşgullanýan adamlar¸ kooperatiw çlenleri¸ şahsy kömekçi we indiwidual daýhan (fermer) hojalygynda işleýän ýa-da möwsümleýin işde işleýänler hem-de olaryň önümçilige gatnaşýan maşgala çlenleri;

döwlet ¸ häkimiýet¸ dolandyryş organlarynda¸ jemgyýetçilik guramalarynda we ybadat edaralarynda hak tölenilýän wezipä saýlananlar¸ bellenenler ýa-da tassyklananlar;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, serhet goşunlarynda, döwlet howpsuzlygy hem-de içeri işler edaralarynda gullugyny geçýänler;

umumy bilim berýän mekdeplerde¸ professional-tehniki uçilişelerde¸ ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda¸ gündizki okuwyň beýleki görnüşlerinde okaýanlar;

hak tölenýän jemgyýetçilik işini ýerine ýetirýänler;

çagalary terbiýelemek¸ näsaglara¸ inwalidlere¸ şol sanda hem çagalykdan inwalidlere we garry graždanlara ideg etmek bilen¸ öý hojalyk işini alyp barmak bilen meşgullanýarlar;

Türkmenistanyň territoriýasyna wagtlaýyn gelýän we işleýän hem-de ilçihanalaryň we missiýalaryň işini üpjün etmek bilen baglanyşykly bolmadyk wezipeleri ýerine ýetirýän beýleki ýurtlaryň graždanlary;

özleriniň hak alýan işi bolan¸ ýöne welin näsaglygy¸ rugsatda bolmagy¸ iş taşlaýyş¸ önümçiligiň wagtlaýyn işsiz durmagy sebäpli işde waglaýyn bolmaýanlar.

2-nji madda. Işsizler

1. Türkmenistanda işe ukyply ýaşda işe ukyply bolan¸ ýöne özüne bagly bolmadyk sebäplere görä işi¸ gazanjy (zähmet girdejisi) bolmadyk¸ iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet gullugynda* (*Mundan beýläk – iş bilen üpjün ediş gullugy diýlip atlandyrylýar) iş gözleýän adam hökmünde bellige alnan (registrirlenen)¸ işlemäge ukyply we işlemäge taýýar hem-de şol gulluk tarapyndan özlerine ýararly iş hödürlenmedik graždanlar işsizler hasaplanylýar.

Ýararly iş bermek mümkin bomadyk mahalynda işsize kesp-kär taýýarlygyny ýa-da täzeden taýýarlygy geçmek¸ öz hünärini ýokarlandyrmak teklip edilip bilner.

2. Graždanlary iş gözleýän adamlar hökmünde bellige almagyň (registrirlemegiň) tertibi¸ şeýle hem olara degişli posobiýeler bermegiň şertleri Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kesgitlenilýär.

3-nji madda. Graždanlaryň özlerine ýararly (laýyk) iş

1. Işini we gazanjyny (zähmet girdejisini) ýitiren graždanlaryň kesp-kär taýýarlygyna laýyk gelýän¸ ýaşyny¸ saglyk ýagdaýyny¸ iş stažyny hem-de öňki kärindäki tejribesini¸ täze iş ýeriniň transport bilen barmaga amatlydygyny nazarda tutýan¸ ýagny jemgyýetçilik transporty iş ýerine öz wagtynda (1¸5 sagada çenli) barmagy üpjün edýän iş olar üçin ýararly iş hasap edilýär. Şol adamlaryň ýararly işiniň iş haky we beýleki zähmet şertleri şol hünär (kär) boýunça şol ýerdäki ortaça derejä laýyk gelmelidir.

2. Graždan öz hünäri (käri) boýunça iş bermek mümkin bolmadyk mahalynda işsizlik zerarly posobiýe tölemegiň ilki başky döwri gutarandan soň¸ şol graždan üçin onuň ukybynyň¸ ozalky tejribesiniň we onuň üçin elýeterli öwrediş serişdeleriniň nazara alynmagy bilen hünäriniň (käriniň) üýtgedilmegini talap edýän iş ýararly iş hasap edilýär.

3. Ilkinji gezek iş gözleýän¸ hünäri (käri) ýok adamlar üçin deslapky hünär taýýarlygyny talap edýän iş ýararly iş hasaplanýar. Şeýle taýýarlygy bermek mümkin bolmadyk mahalynda bolsa graždanlaryň ýaş we beýleki aýratynlyklarynyň¸ zähmet hakyndaky kanunlaryň talaplaryny nazarda tutup¸ başga bir hak tölenilýän iş (şol sanda wagtlaýyn häsiýetdäki iş) ýararly hasap edilýär.

4. Häkimlikleriň karary esasynda ýokardaky ýararly işiň graždanalaryň sosial taýdan goralmagyny güýçlendirýän başga hili ölçegleri – şertleri hem bellenip bilner.

4-nji madda. Ilaty iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet syýasatynyň esasy prinsipleri

Ilaty iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet syýasatynyň esasy prinsipleri aşakdakylardan ybaratdyr:

graždanlaryň jynsyna¸ aýal-erkekligine¸ dine garaýşyna¸ ýaşyna¸ syýasy ynam-ygtykatyna¸ milletine¸ sosial ýagdaýyna garamazdan¸ Türkmenistandaky ähli graždanlara zähmet çekmek we işi erkin saýlap almak hukugyny amala aşyrmakda deň mümkinçilikleri üpjün etmek;

zähmet çekmegiň meýletinligi; şu meýletinlige laýyklykda hem graždanlaryň iş bilen meşgullanmagy olaryň öz erkini erkana bildirmegine esaslanýar;

ilatyň netijeli we erkin saýlanyp alnan iş bilen üpjün edilmegine ýardam etmek hem-de işsizligiň öňüni almak;

iş bilen üpjünçilik barasynda graždanlaryň sosial taýdan goralmagyny üpjün etmek¸ özlerine iş gözlemekde kynçylyk çekýän graždanlaryň iş bilen üpjün bolmagyna ýardam edýän ýörite çäreleri geçirmek;

iş bilen üpjün etmek barada alnyp barylýan işi ykdysady we sosail syýasatyň beýleki ugurlary bilen utgaşdyrmak;

professional soýuzlaryň¸ hususy iş başyny tutujylaryň (kärhana eýeleriniň) assosiasiýalarynyň (soýuzlarynyň) iş bilen üpjün etmek çärelerini işläp düzmäge¸ durmuşa geçirmäge we olaryň ýerine ýetirilişine kontrollyk etmäge döwlet dolandyryş organlary bilen bileleşikli gatnaşmagy;

ilatyň iş bilen üpjün bolmagy baradaky¸ şol sanda hem Türkmenistanyň graždanlarynyň daşary ýurtlarda we daşary ýurt graždanlarynyň Türkmenistanda iş alyp barmagy baradaky meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak.

5-nji madda. Iş bilen üpjün etmek hakyndaky kanunlar

1. Türkmenistanda ilaty iş bilen üpjün etmek ugrundaky gatnaşyklar Türkmenistanyň Konstitusiýasy¸ şu Kanun we Türkmenistanyň şolara laýyklykda kabul edilen beýleki kanunçylyk aktlary bilen düzgünleşdirilýär.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda ýa-da ylalaşygynda Türkmenistanyň iş bilen üpjün etmek hakyndaky kanunlarda göz öňünde tutulan kadalardan başga hili kadalar bellenen bolsa¸ onda halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň normalary ulanylýar.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylyk aktlaryndan başgaça gelip çykmaýan bolsa¸ onda iş bilen üpjün etmek hakyndaky kanunlar Türkmenistanda hemişe ýaşaýan daşary ýurt graždanlaryna hem we graždanlygy bolmadyk adamlara hem degişli edilýär.

II bölüm TÜRKMENISTANYŇ GRAŽDANLARYNYŇ IŞ BILEN ÜPJÜN BOLMAK BARADAKY HUKUGY

6-njy madda. Türkmenistanyň graždanlarynyň işe ýerleşmek we maglumat almak hukugy

1. Türkmenistanyň graždanlarynyň işe ýerleşmek hukugy hem-de özüniň hünärine we kwalifikasiýasyna laýyklykda kärhana¸ edara¸ gurama (olaryň haýsy eýeçilik formasyna we hojalygy ýöretmegiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan)¸ indiwidual daýhan (fermer) hojalyklaryna gös-göni ýüz tutmak arkaly¸ şeýle hem iş bilen üpjün ediş gullugynyň mugt araçylygy arkaly iş ýerini erkin saýlap almaga hukugy bardyr.

Işe ýerleşdirmekde şertnama baglaşmagyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň graždanlarynyň iş bilen üpjün ediş gullugy organlaryndan kärhanalardaky¸ edaralardaky we guramalardaky boş orunlar we boş wezipeler hakynda¸ olaryň zähmet şertleri hem-de düzgünleri hakynda doly maglumat almaga haky bardyr.

7-nji madda. Graždanlaryň hünär barada maslahat almak¸ kesp-kär taýýarlygyny we täzeden taýýarlygy geçmek hukugy

Iş bilen üpjün ediş gullugynda iş gözleýän adam hökmünde bellige alnan Türkmenistanyň graždanalarynyň kesp-käriň¸ hünäriň haýsydyr bir görnüşini we iş ýerini saýlap almak maksady bilen¸ hünär barada mugt maglumat almaga¸ kesp-kär taýýarlygyny we täzeden taýýarlygy geçmäge haky bardyr.

8-nji madda Graždanlaryň daşary ýurtlarda işlemek hukugy

Türkmenistanyň graždanlarynyň daşary ýurtda wagtlaýyn bolan döwründe (şol sanda hem iş bilen üpjün ediş gullugynyň araçyllyk kömegi bilen) işlemäge¸ şeýle hem öz hukuklaryny we bähbitlerini goramaga haky bardyr.

Şeýle graždanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň tertibi¸ şeýle hem olara araçyllyk kömegini bermegiň şertleri Türkmenistanyň kanunlary arkaly kesgitlenilýär.

9-njy madda. Graždanlaryň zähmet babatynda sosial taýdan goralmak hukugy

Türkmenistanyň graždanalarynyň zähmet babatynda sosial taýdan goralmaga hukugy bardyr. Bellenen tertipde işsiz diýlip hasap edilen adamlaryň işsizlik zerarly posobiýe almaga haky bardyr.

10-njy madda. Iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet gullugynyň hereketleri babatynda şikaýat etmek hukugy

Türkmenistanyň graždanlarynyň iş bilen üpjün ediş gullugynyň işgärleriniň hereketi barada Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde tabynlylyk boýunça ýokarda durýan organa¸ şeýle hem suda şikaýat etmäge haky bardyr.

III. bölüm IŞ BILEN ÜPJÜN ETMEK BARADAKY KEPILLER

11-nji madda. Zähmete bolan hukugyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegi

1. Türkmenistan öz çäginde ýaşaýan graždanlara şu aşakdakylary kepillendirýär:

käri erkin saýlap almagy hem-de esassyz ýerden işden boşadylmakdan hukuk taýdan goralmagy;

öz ukybyna¸ kesp-kär taýýarlygyna we bilimine laýyklyda özüne ýararly işi saýlap almakda mugt kömek bermegi;

hünär we iş almakda¸ iş bilen üpjünçilik hem-de zähmet şertlerini saýlap almakda her hili kemsidilmelerden goralmagy hem-de ähli graždanlara deň mümkinçilikleri üpjün etmegi;

döwletiň ýörite orta we ýokary okuw jaýlaryny¸ professional-tehniki uçilişelerini tamamlaýan ýaş spesialistlere¸ ýagny iş berijiler tarapyndan öňünden zaýawka berlen şol spesilalistlere azyndan üç ýyl ýararly iş berilmegini;

iş bilen üpjün ediş gullugynyň beren haty (naprawleniýesi) boýunça täzeden taýýarlyk geçen adamlara kärhanalar we guramalar bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda iş bermegi;

iş bilen üpjün ediş gullugynda iş gözleýän hökmünde registrirlenen we onuň beren haty (naprawleniýesi) boýunça beýleki okuw jaýlarynda (stipendiýa tölemek arkaly kesp-kär (professional) gözükdirilmegini¸ taýýarlygyny¸ täzeden taýýarlygy geçmegiň we hünäri ýokarlandyrmagyň mugt üpjün edilmegini;

häzirki ulanylýan kanunlara laýyklykda başga ýere işe iberilmegi bilen baglanyşykly maddy harajatlaryň öwezini tölemegi;

möhletli zähmet şertnamalaryny baglaşmak mümkinçiligini hem-de graždanlaryň ýaş we gaýry aýratynlyklary nazara alnyp guralýan jemgyýetçilik işlerine (haky tölenilýän) gatnaşmagyny.

2. Döwlet organalry boş iş orunlary we boş wezipeler hakynda ilaty doly we dogry habar-maglumat bilen üpjün edýärler¸ işçi güýjüniň hödürlenmegi we oňa bolan hyrydarlyk hakyndaky¸ işe ýerleşdirmegiň¸ kesp-kär taýýarlygyny we täzeden taýýarlygy geçmegiň¸ hünäre gözükdirmegiň we sosial-zähmet babatyndaky bozulan hukugyň dikeldilmeginiň mümkinçilikleri hakyndaky statistiki maglumatlaryň hem-de informasion materilalaryň çap edilmegini üpjün edýärler.

12-nji madda. Aýry-aýry kategoriýalar üçin iş bilen üpjün etmegiň goşmaça kepilleri

1. Türkmenistan sosial taýdan goralmaga mätäç hem-de zähmet bazarynda deň şertlerde bäsdeşligi başarmaýan işe ukyply ýaşdaky işe ukyply graždanlaryň¸ şol sanda hem ýaşlaryň¸ kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary ýa-da inwalid çagalary terbiýeleýän ýalňyz we köp çagaly ata-eneleriň¸ pensiýa ýaşyna golaýlan adamlaryň (aýallar – elli üç ýaşyna ýetende¸ erkek adamlar – elli sekiz ýaşyna ýetende) internasoinalist esgerleriň¸ maýyplaryň¸ uzak wagtlap işsiz ýören adamlaryň¸ jeza çekilýän ýa-da suduň karary boýunça özüni mejbury bejerdýän edaralardan boşan adamlaryň* (*Mundan beýläk – sosial taýdan goralmaga mätäç adamlar diýlip atdalndyrylýar) goşmaça iş orunlaryny we ýöriteleşdirilen kärhanalary¸ şol sanda hem maýyplaryň zähmet çekip bilýän kärhanalaryny¸ sosial-dikeldiş (reabilitasoin) merkezlerini döretmek¸ iş öwretmegiň – okatmagyň ýörite maksatnamalaryny guramak hem-de beýleki çäreler arkaly iş bilen üpjün bolmagyň goşmaça kepillerini üpjün edýär.

Şunuň üçin häkimlikler işe kabul etmek, şol sanda maýyplara ýörite iş orunlaryny döretmek üçin, her ýyl kärhanalara, edaralara we guramalara iş orunlarynyň umumy mukdarynyň bäş göterimine çenli bölünip berilýän möçberi belleýärler.

2. Kärhanalaryň¸ edaralaryň we guramalaryň üýtgedilip guralmagy ýa-da işgär sanyny (ştatyny) kemeltmek çäreleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde iş berijiler tarapyndan işden boşadylýan graždanlara işden boşadylandan soň ozalky işleýän ýerinde ýaşaýyş jaýyny almak (ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak) üçin duran nobatynyň¸ şeýle hem wedomstwolara degişli medisina we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar edaralaryndan peýdalanmak hukugynyň iki ýyllap saklanmagy kepillendirilýär.

3. Kollektiw şertnamalarda (ylalaşyklarda) iş bilen üpjün etmegiň şu Kanuna ters gelmeýän zähmetkeşleriň sosial taýdan goralmagyny güýçlendirýän başga kepilleri¸ şol sanda hem iş berijileriň öz serişdeleriniň hasabyna posobiýe tölemegiň möhletiniň uzaldylmagy hem-de onuň möçberiniň¸ şeýle hem okadylýan – öwredilýän döwürde stipendiýalaryň möçberleriniň köpeldilmegi (hak töleýän jemgyýetçilik işlerinde çekilen zähmet üçin pul tölemek) göz öňünde tutulyp bilner.

IV bölüm ILATYŇ IŞ BILEN ÜPJÜN EDILMEGINI DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GURAMAK

13-nji madda. Iş bilen üpjün etmegi düzgünleşdirmek

1. Netijeli we erkana saýlanyp alnan işiň ösdürilmegine ýardam etmek maksady bilen¸ Türkmenistan şu aşakdakylary göz öňünde tutýar:

öndüriji güýçleri paýhasly ýerleşdirmäge¸ zähmet resurslarynyň ýagdaýa görä çalt gerek ugra ugrukdyrylmagyny güýçlendirmäge hem-de işçi güýjüniň hünärlilik derejesini ýokarlandyrmaga¸ ownuk kärhanalaryň¸ daýhan (fermer) hojalyklarynyň¸ hususy iş başyny tutujylygyň (kärhana eýeçiliginiň)¸ halk hünärmentçiliginiň döredilmegini höweslendirmäge¸ zähmetiň çeýe düzgünlerini¸ doly däl iş wagtyny¸ işi öýe alyp işlemek düzgünini ulanmaga¸ hyzmat ediş ugurlaryny ösdürmäge¸ sosial taýdan goralmaga mätäç adamlar üçin iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen maliýe-kredit¸ inwestision we salgyt çäreler sistemasyny hem-de iş orunlary sistemasynyň saklanylmagyna we ösdürilmegine ýardam edýän beýleki çäreleri;

işgärleriň zähmet hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek¸ olara kepiller bermek¸ önümçilikde amalty şertleri döretmek¸ ilatyň iş bilen üpjünçiligi we zähmet hakyndaky kanunlary kämilleşdirmek esasynda iş üpjünçiligini saklamaga we oňa ýardam etmäge gönükdirilen hukuk taýdan düzgünleşdiriş işini;

ykdysadyýetiň strukturasy barada analitiki we ylmy barlaglary geçirmegi hem-de iş bilen üpjünçiligiň geljekde nähili üýgtejekdigini¸ işçi güýjüniň hiliniň we paýlanyşynyň nähili derejede boljakdygyny çaklamagy;

iş bilen üpjün etmek baradaky respublikan we regional porgrammalary işläp taýýarlamagy hem-de durmuşa geçirmegi;

Türkmenistanda daşary ýurt işçi güýjüni işe çekmegi we peýdalanmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça bellenilen möçberler esasynda düzgünleşdirmegi.

2. Ilatyň iş bilen üpjün edilmegini düzgünleşdirmek baradaky çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen¸ Türkmenistanda ýeke-täk döwlet statistiki hasabaty bellenilýär¸ onda bolsa zähmet bazarynyň hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýagdaýy beýan edilmelidir.

14-nji madda. Iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet maksatnamalary

1. Ilatyň iş bilen üpjün bolmagyna ýardam etmek¸ graždanlaryň işe bolan islegini kanagatlandyrmak¸ işsizligi azaltmak we onuň öňüni almak we onuň getirýän netijelerinden sosial taýdan goramak makdsady bilen¸ häkimlikler we Türkmenistanyň Hökümeti ilaty iş bilen üpjün etmek maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar.

15-nji madda. Ileri tutulyp ösdürilmeli çäk

Türkmenistanyň Hökümeti iş orunlarynyň artdyrylmagy döwlet tarapyndan aýratyn höweslendirilýän çäkleri kesgitleýär. Belli bir döwrüň dowamynda şeýle çäkler ileri tutulyp ösdürilmeli çäkler statusyna alýar.

Şol görkezilen çäklerde önümçiligi¸ şahamçalary¸ iş orunlaryny döredýän iş berijilere Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän tertipde we şertlerde maliýe we maddy-tehniki kömegi berilýär.

16-njy madda. Iş bilen üpjün etmäge ýardam beriji koordinasion komitetler

Iş bilen üpjün etmek syýasatyny kesgitlemek we durmuşa geçirmek barada ylalaşyga gelnen kararlary işläp taýýarlamak maksady bilen¸ iş bilen üpjün etmäge ýardam beriji koordinasion komitetler döredilýär¸ olaryň sostawy bolsa professional soýuzlaryň¸ iş berijileriň we döwlet dolandyryş organlarynyň deň sandaky wekillerinden ybarat bolýar.

Koordinasion komitetleriň ygtyýarlary we wezipeleri taraplaryň ylalaşmagy esasynda kesgitlenilýär.

17-nji madda. Iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet gullugy

1. Ilaty iş bilen üpjün etmek syýasytyny durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň bütin çäginde graždanlara degişli kepilleri üpjün etmek üçin iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet gullugy döredilýär.

2. Iş bilen üpjün ediji edara Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde etrap, şäher, welaýat we döwlet derejelerinde döredilýär we işleýär.

Üçünji we ýedinji bölekleri Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

4. Graždanlary iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly hyzmatlar iş bilen üpjün ediş gullugy tarapyndan mugt edilýär.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde diňe degişli görnüşli işleri amala aşyrmak üçin bellenilen ygtyýarnamany alan edara görnüşindäki telekeçi taraplar Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary edip bilerler.

6. Iş bilen üpjün ediş gullugy (profsoýuz organlary bilen bilelikde) iş berijileriň işgärleri köpçülikleýin boşatmak hakyndaky kararlaryny alty aýa çenli togtatmak hakynda häkimliklere teklip girizýär – munuň özi eger olaryň soňra işe ýerleşdirilmegi kärhananyň şol gaýra süýşürmek neitjesinde çekýän ýitgileriniň öwezini ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna bir wagtyň özünde kem-käsleýin ýa-da doly tölemek bilen kynlaşýan bolsa şeýle edilýär.

18-nji madda. Iş berijileriň iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy

1. Iş berijiler şu aşakdakylar esasynda:

Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunlaryna laýyklykda zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän şertnamalaryň (ylalaşyklaryň) şertlerini berjaý etmek esasynda;

şolarda işleýän graždanlaryň kesp-kär taýýarlygyny geçmegi¸ hünärini ýokarlandyrmagy üçin şert döretmek esasynda iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet syýasatynyň geçirilmegine ýardam edýärler.

2. Iş berijiler özlerinde boş duran iş orunlarynyň bardygy hakynda we zähmetkeşleriň işden boşadylmagynyň mümkinligi hakynda maglumat berýärler. Şeýle maglumat iş bilen üpjün ediş gullugyna we profsoýuz guramasyna her aýda¸ şeýle hem işden boşatmagyň ýaramaz netijelerini gowşatmak barada maslahatlaşylar¸ (konsultasiýalar geçirer) ýaly hem-de öz wagtynda çäre görer ýaly zerur bolşuna görä berilýär.

3. Iş berijiler iş bilen üpjünçilik hakyndaky statistiki habarlary – maglumatlary ýaşyranlygy we ýoýup görkezenligi üçin kanunda bellenen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

4. Iş berijiler şu aşakdakylara borçludyrlar:

şu Kanunyň 12-nji maddasynda kesgitlenen kwota (norma) laýyklykda inwalidler üçin ýörite iş orunlaryny döretmäge hem-de sosial taýdan goralmaga mätäç adamlaryň işe ýerleşdirilmegini üpjün etmäge;

iş bilen üpjün ediş gullugy bilen şertnama esasynda onuň haty (naprawleniýesi) boýunça taýýarlygy we täzeden taýýarlygy geçen graždanlaryň işe ýerleşdirilmegini üpjün etmäge.

5. Şu maddanyň 4-nji punktynda göz öňünde tutulan talaplar ýerine ýetirilmedik mahalynda¸ şeýle hem ýokary¸ ýörite orta we professional – tehniki okuw jaýlaryny tamamlanlaryň ozal zaýawka berlenlerini işe kabul etmekden boýun gaçyrylan mahalynda¸ iş berijiler iş bilen üpjünçilik fonduna Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bellenen tertipde belli maksada gönükdirilen maliýe serişdelerini geçirýärler¸ bu serişdeleriň möçberi her bir işe ýerleşdirilmedik adam we kwotanyň hasabyna döredilmedik her bir iş orny üçin kärhanada¸ edarada¸ guramada işgäriň alýan ortaça ýyllyk iş hakyna barabar edilýär.

6. Sosial taýdan goralmaga mätäç adamlar üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek¸ şol adamlary taýýarlamak we täzeden taýýarlamak barada iş berijileriň çeken harajatlarynyň öwezi häkimlikleriň serişdeleriniň¸ şeýle hem iş bilen üpjünçilik fondunyň serişdeleriniň hasanbyna baglaşylan şertnamalara laýyklykda tölenilip we gaýry serişdeleriň hasabyna tölenilip bilner.

Ýokarda görkezilen iş orunlary häkimlikleri bilen ylalaşylyp ýatyrylyp bilner.

18-nji maddanyň ýedinji bölegi Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

19-njy madda. Ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýardam beriş işine profsoýuzlaryň gatnaşmagy

1. Professional soýuzlar iş bilen üpjün etmek baradaky döwlet syýasatyny¸ ýagny Türkmenistanyň degişli kanunçylyk aktlaryna hem-de häkimlikleriň kararlaryna laýyk gelýän şeýle syýasaty işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar.

2. Döwlet dolandyryş organlary¸ hojalyk organlary we professional soýuzlar iş bilen üpjün etmek meseleleri barada yzygiderli suratda bileleşikli maslahatlar (konsultasiýalar) geçirip durýarlar. Şolaryň netijeleri boýunça kollektiw şertnamalar (ylalaşyklar) baglaşylyp bilner¸ şolara bolsa iş bilen üpjünçiligine ýardam bermäge we ony saklamaga¸ işden boşadylýan işgärleri¸ şeýle hem sosial taýdan goralmaga mätäç adamlary goramaga gönükdirilýän çäreler¸ iş bilen üpjün etmek syýasatyny geçirmegiň ykdysady¸ maliýe şertleri hakynda habar-maglumat bermek barada döwlet dolandyryş organlarynyň borçnamalaryny hem-de iş bilen üpjünçilik babatynda zähmetkeşleriň bähbitlerini gozgaýan beýleki meseleler girizilýär.

20-nji madda Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

21-nji madda. Jemgyýetçilik işlerini guramak

Häkimlikler iş bilen üpjün ediş gullugynyň teklibi boýunça we onuň gatnaşmagynda özleriniň eýeçiliginde durýan kärhanalarda¸ edaralarda¸ guramalarda hem-de şertnamalar esasynda – beýleki kärhanalarda¸ edaralarda¸ guramalarda hak berilýän jemgyýetçilik işlerini geçirmegi guraýarlar.

Jemgyýetçilik işleri diýlende graždanlaryň elýeterli¸ düzgün bolşy ýaly¸ ýörite hünär taýýarlygyny talap etmeýän¸ meýletin ýerine ýetirýän wagtlaýyn işiniň her hili görnüşlerine düşünilýär.

Jemgyýetçilik işlerine gatrnaşmak isleýän adamlaryň işe ýerleşmek meselesi çözülýänçä¸ olar bilen taraplaryň ylalaşmagy esasynda iki aýa çenli möhlete (ony uzaltmak hukugy bilen) şertnama baglaşylýar. Işsizler hökmünde bellige alnan (registrirlenen) graždanlar şertnama baglaşmakda artyk hukuga eýe bolýarlar.

Jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirenlerinde graždanlara olaryň ýerine ýetiren işlerine görä zähmet haky kepillendirilýär¸ onuň möçberi şu Kanunyň 28-32-nji maddalarynda işsizlik boýunça bellenen posobiýäniň on bäş göterim artdyrylanyndan az bolmaly däldir¸ şeýle hem olara şol işleriň wagtynyň umumy we üznüksiz iş stažyna goşulmagy kepillendirilýär. Olara sosial kepiller¸ şol sanda hem pensiýa üpjünçiligi baradaky hukuk we işe wagtlaýyn ýarawsyzlygy üçin posobiýe almak hukugy degişli edilýär.

Jemgyýetçilik işleri ýerli býujetiň serişdeleriniň hasabyna hem-de iş bilen üpjünçilik fondunyň serişdelerini (işsizleriň zähmetine hak tölemek barasynda) şertnama esasynda şol işler özleri üçin ýerine ýetirilýän iş berijileriň serişdelerini çekmek arkaly maliýeleşdirilýär.

Jemgyýetçilik işlerini guramagyň tertibi we olary geçirmegiň şertleri Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kesgitlenilýär.

22-nji madda. Işlemeýän graždanlara kesp-kär öwretmek¸ olary täzeden taýýarlamak we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak

1. Iş gözleýänler hökmünde iş bilen üpjün ediş gullugynda bellige alnan (registrirlenen) adamlara kesp-kär öwretmek¸ olary täzeden taýýarlamak we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak işi şu aşakdaky halatlarda amala aşyrylýar¸ eger:

şeýle graždanyň kesp-kär taýýarlygynyň ýa-da zerur hünär kwalifikasiýasynyň ýoklugy sebäpli¸ oňa laýyk iş tapmak mümkin bolmasa;

graždanlaryň kesp-kär werdişlerine laýyk gelýän işiň ýoklugy sebäpli¸ onuň hünärini (kwalifikasiýasyny) üýtgetmek zerur bolsa;

öňki käri boýunça işini ýerine ýetirmek ukybyny ýitiren bolsa.

2. Şeýle adamlara kesp-kär öwretmek we olary täzeden taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak işi iş bilen üpjün ediş gullugynyň beren haty (naprawleniýesi) esasynda şol gullugyň okuw merkezlerinde ýa-da onuň beren haty boýunça başga okuw jaýlarynda iş bilen üpjünçilik fondunda şol maksat üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar. Iş bilen üpjün ediş gullugynyň üsti bilen okuwa – öwrenmäge ibermek barada artyk hukuk öz eklenjinde eklenýänler bolan¸ şeýle hem iş stažy bolan işsizlere hem-de Ýaragly Güýçlerden¸ serhet¸ içerki¸ demir ýol goşunlaryndan we goşunlaryň beýleki görnüşlerinden boşan adamlara berilýär. Kesp-kär öwretmek¸ täzeden taýýarlyk geçmek we hünäriňi ýokarlandyrmak döwri umumy üznüksiz iş stažyna goşulýar.

V bölüm. IŞGÄRLER IŞINI ÝITIRENDE BERILÝÄN SOSIAL KEPILLER

23-nji madda. Iş berijiler tarapyndan boşadylan işgärlere maddy goldaw bermegiň aýratyn kepilleri

1. Kärhanalaryň¸ edaralaryň¸ guramalaryň üýtgedilip guralmagy we ýatyrylmagy¸ ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky çäreleriň durmuşa geçirilmegi¸ ýa-da işgär sanynyň (ştatyň) kemeldilmegi sebäpli zähmet şertnamasy ýatyrylanda iş berijiler tarapyndan boşadylýan işgärlere olar işden boşadylan gününden beýläk iki hepdäniň içinde iş bilen üpjün ediş gullugynda iş gözleýän adamlar hökmünde bellige alnan (registrirlenen) wagtynda¸ olara şu aşakdakylar kepillendirilýär:

iş gözlenilýän döwürde¸ ýöne üç aýdan artyk bolmadyk döwürde ozalky işleýän ýerindäki ortaça iş hakyny we üznüksiz iş stažyny saklamak¸ şunda oňa işden boşadylanda berilýän posobiýe hem ýöreýär. Üç aý möhlet geçenden soň¸ eger işden boşadylan işgäre ýararly iş hödürlenmedik bolsa¸ oňa işsiz diýen status berilýär;

täze iş ýerinde oňa önümçilikden aýrylmak şerti bilen hünär öwredilmeginiň ýa-da hünärini artdyrmagyň bütin döwründe ozalky işleýän ýerindäki ortaça iş hakyny saklamak;

kanunlarda bellenen zerur umumy iş stažy bolup¸ pensiýa ýaşyna ýetmegiň öň ýanynda duran adamlar (muňa saýlawly wezipede ygtyýarlaryň tamamlanmagy sebäpli işden boşaýan adamlar hem girýär) üçin kanunlarda bellenen möhlete bir ýyl galanda möhletinden öň pensiýa çykmak hukugy.

2. Işden boşadylýan işgär üç aýyň dowamynda özüne teklip edilen ýararly işiň ikisinden boýun gaçyran wagtynda¸ şeýle adam üç aýlyk döwür geçmänkä özüniň ortaça iş hakynyň saklanmagyna bolan hukugyny ýitirýär.

23-nji maddanyň üçünji bölegi Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

4. Kollektiwleýin şertnamalarda (ylalaşyklarda) işden boşaýan işgärlere¸ şol sanda hem kärhanalaryň- edaralaryň batmagy netijesinde işden boşaýan işgärlere goldaw bermek baradaky ýörite fondlaryň iş berijileriň serişdeleriniň hasabyna döredilmegi göz öňünde tutulyp bilner.

5. Ýatyrylýan kärhanalaryň¸ edaralaryň we guramalaryň işden boşaýan graždanlar bilen hasaplaşmak üçin niýetlenen serişdeleri bolmadyk mahalynda¸ kompensasiýa tölemek işi kanunlarda bellenen tertipde we şertlerde geçirilýär.

6. Tebigy heläkçiligiň¸ önümçilikde betbagtçylygyň bolmagy ýa-da özlerine bagly bolmadyk sebäplere görä kärinden kesel tapynmagy (professional keselleme) netijesinde işini ýitiren hem-de işe ýerleşdirilmegine¸ kesp-kär taýýarlygyny geçmäge¸ täzeden taýýarlanmagyna we hünäriniň ýokarlandyrylmagyna mätäç adamlar işden boşadylan adamlar bilen deňleşdirilýär.

24-nji madda. Graždanlary kesp-kär(professional) taýýarlygyny geçýän¸ täzeden taýýarlygy geçýän we hünärini ýokarlandyrýan döwründe tölenilýän stipendiýanyň möçberleri

1. Işini we gazanjyny (zähmet girdejisini) ýitiren¸ özem iş bilen üpjün ediş gullugynda iş gözleýän adamlar hökmünde registrirlenen graždanlara kesp-kär taýýarlygyny geçýän¸ täzeden taýýarlygy geçýän we hünärini ýokarlandyrýan döwründe ozalky işleýän ýerinde alýan ortaça iş hakynyň azyndan elli göterimi möçberinde stipendiýa tölenilýär.

Şunda stipendiýanyň möçberi kanunda belenilen iň pes iş hakyndan az we respublikada emele gelen ortaça iş hakyndan köp bolmaly däldir.

2. Ilkinji gezek iş gözleýän¸ zähmet düzgün-nyzamyny bozanlygy üçin işden çykarylan¸ şeýle hem bir ýyldan köp işlemedik hem-de kesp-kär taýýarlygyny geçmäge¸ täzeden taýýarlygy geçmäge we hünärini ýokarlandyrmaga mätäç graždanlara sitpendiýa kanunda bellenen iň pes iş haky möçberinde bellenilýär.

25-nji madda. Işsizlik zerarly posobiýe tölemegiň şertleri we möhletleri

1. Işsizlik zerarly posobiýe şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda işsiz diýlip hasap edilen graždanlara iş bilen üpjün ediş gullugynda iş gözleýän hökmünde registrirlenen gününden soň on birinji günden başlap onuň işe ýerleşmek meselesi çözülýänçä tölenilýär.

2. Posobiýe on iki aý döwrüň içinde azyndan ýigrimi alty kalendar hepdä tölenilýär.

Işini we gazanjyny (zähmet girdejisini) ýitiren graždanlar üçin işsizlik zerarly posobiýe – eger olar işsizligiň başlanmazyndan ozal on iki aýyň dowamynda¸ doly iş güni (hepdesi) şertlerinde ýa-da doly däl iş güni (hepdesi) şertlerinde (doly iş günli (hepdeli) on iki kalendar hepdesine hasaplanyp geçirilen) azyndan on iki kalendar hepdesine barabar hak tölenýän işi (zähmet girdejisi) bar bolan bolsa.

3. Posobiýe işsiz aýda azyndan iki gezek täzeden registrasiýa etdirende aýda iki gezek tölenilýär.

4. Işsiz posobiýe alýan döwründe iş bilen üpjün ediş gullugynyň kesgitleýän tertibinde we şertlerinde işe ýerleşjek bolup jan etmäge borçludyr.

26-njy madda. Pensiýa almaga hukuk berýän iş stažy bolan graždanlara işsizlik zerarly posobiýe tölemegiň möhletini uzaltmagyň tertibi

1. Türkmenistanyň pensiýa hakyndaky kanunlaryna laýyklykda umumy iş stažy pensiýa almaga (şol sanda ýeňillikli şertlerde pensiýa almaga) hukuk berýän graždanlar üçin işsizlik zerarly posobiýe tölemek döwrüniň dowamlylygy pension staždan artyk işiň her ýyly üçin bellenen ýigrimi alty kalendar hepdeden daşgary iki kalendar hepde artdyrylýar¸ ýöne ol elli iki kalendar hepdeden köp bolmaly däldir.

26-njy maddanyň ikinji bölegi Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

27-nji madda. Işsizlik zerarly berilýän posobiýäniň möçberini kesgitlemegiň tertibi

1. Işini we gazanjyny (zähmet girdejisini) ýitiren adamlar üçin posobiýe ozalky işlän ýerinde orta hasap bilen bir ýyl üçin hasaplanyp çykarylan esasy iş hakyna prosent gatnaşygynda bellenilýär.

Başga ähli halatlarda¸ şol sanda hem ilkinji gezek iş gözleýän graždanlar üçin işsizlik zerarly posobiýe iň pes (minimal) iş hakyna prosent gatnaşygynda bellenilýär.

2. Öz eklemeginde adamlar bolan işsizlere berilýän posobiýäniň we stipendiýalaryň möçberi eklençde durýan her adam üçin on prosent möçberinde artdyrylýar¸ ýöne ol soňky işlän ýerindäki ortaça gazanjynyň möçberinden artyk bolmaly däldir.

3. Iş hakyna koeffisient bellenen raýonlarda ýaşaýan adamlara işsizlik zerarly berilýän posobiýeleriň möçberi şol raýonda önümçilik däl pudaklaryň işgärleri üçin bellenen koeffisienti ulanmak arkaly olaryň şol raýonda ýaşaýan döwrüne laýyk kesgitlenilýär.

4. Işsizlik zerarly berilýän posobiýäniň möçberi bellenen tertipde indeksasiýa edilmelidir.

5. Suduň çykaran hökümine ýa-da çözgüdine laýyklykda işsizlik zerarly berilýän posobiýeden aliment tutulyp alynýar we ýetirilen zyýan töletidirlýär.

6. Türkmenistanyň Hökümeti umumy iş stažyny¸ maşgala ýagdaýyny we beýleki ýagdaýlary nazara alyp¸ işsizlik zerarly berilýän posobiýeleriň möçberini¸ olary tölemegiň möhletini artydyryp biler.

28-nji madda. Işini we gazanjyny ýitiren adamlar üçin işsizlik zerarly berilýän posobiýäniň iň pes möçberi

1. Işini we gazanjyny (zähmet girdejisini) ýitiren mahalynda işsizlik zerarly posobiýe almaga hukugy bolan graždanlara olaryň öňki işlän ýerinde alan esasy iş hakynyň azyndan elli prosenti möçberinde¸ ýöne welin kanunda bellenilen iň pes iş hakyndan az bolmadyk möçberde posobiýe bermek kepillendirilýär.

2. Graždanyň işsizlik zerarly posobiýe alan döwründe onuň üznüksiz iş stažynyň arasy kesilmeýär.

29-njy madda. Ýaragly Güýçlerden boşan adamlar üçin işsizlik zerarly berilýän posobiýäniň iň pes möçberi

Ýaragly Güýçlerden goşun gullugyndan¸ şeýle hem serhet¸ içerki¸ demir ýol goşunlaryndan we goşunlaryň beýleki görnüşlerinden¸ içeri işler we döwlet howpsuzlygy organlaryndan boşan graždanlaryň Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan şertlerde posobiýe almaga hukugy bardyr.

Şunda posobiýäniň möçberi Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen iň pes iş hakyndan az bolmaly däldir.

30-njy madda. Ilkinji gezek iş gözleýän adamlar üçin işsizlik zerarly berilýän posobiýäniň iň pes möçberi

Ilkinji gezek iş gözleýän we işsizlik zerarly posobiýe almaga hukugy bolan graždanlara iş bilen üpjün ediş gullugy kesp-kär taýýarlygyny geçirmek ýa-da işe ýerleşmek üçin mümkinçilik bermedik halatynda¸ kanunda bellenen iň pes iş hakynyň azyndan ýetmiş bäş prosenti möçberinde posobiýe bermek kepillendirilýär.

31-nji madda. Uzak arakesmeden soň iş gözleýän adamlar üçin işsizlik zerarly berilýän posobiýäniň iň pes möçberi

Uzak arakesmeden soň täzeden işe başlajak bolýan graşdanlara¸ şeýle hem jeza çäresi ýerine ýetirilýän ýa-da suduň karary boýunça özlerini mejbury bejerýän edaralardan boşan adamlara şu aşakdaky möçberlerde posobiýe bermek kepillendirilýär:

hünäri (käri) bolan adamlar¸ şeýle hem hak alýan işi on iki aýyň içinde on iki kalendar hepdeden az bolan adamlar üçin umumy iş stažy azyndan bir ýyl bolanda¸ özem olaryň işe ýerleşdirilmegi kesp-kär taýýarlygyny geçmegi¸ hünärini ýokarlandyrmagy ýa-da täzeden başga kär öwrenemgi talap etmeýän bolsa – ilkinji on üç kalendar hedpäniň dowamynda kanunda bellenen iň pes iş hakynyň ýüz prosentinden az bolmadyk möçberde we soňky on üç kalendar hepdäniň dowamynda - ýetmiş bäş prosentinden az bolmadyk möçberde;

beýleki halatlarda¸ şol sanda hünäri (käri) bolmadyk adamlar üçin hem – iş bilen üpjün ediş gullugy kesp-kär taýýarlygyny geçmek üçin mümkinçilik bermedik mahalynda kanunda bellenen iň pes iş hakynyň ýetmiş bäş prosentinden az bolmadyk möçberde.

32-nji madda. Kesp-kär taýýarlygyny we täzeden taýýarlygy geçip gutaran adamlar üçin işsizlik zerarly berilýän posobiýäniň iň pes möçberi

Önümçilikden aýrylmak şerti bilen kesp-kär taýýarlygyny we täzeden taýýarlygy geçip bolandan soň işsiz diýlip hasap edilen¸ işini we gazanjyny (zähmet girdejisini) ýitiren adamlaryň şu Kanunyň 28-nji maddasynda göz öňünde tutulan şertlerde¸ ilkinji gezek ýa-da uzak arakesmeden soň iş gözleýänleriň bolsa – kanunda bellenen iň pes iş haky möçberinde işsizlik zerarly posobiýe almaga hukugy bardyr.

33-nji madda. Işsizlik zerarly posobiýe tölemegi togtatmak we bes etmek

1. Işsizlik zerarly posobiýe tölemek şu aşakdaky halatlarda üç aýa çenli togtadylýar:

kärhanalardan¸ edaralardan we guramalardan boşadylanda ýitirilen gazanjyň kem-käsleýin ýa-da wagtlaýyn öwezini dolmagy üpjün edýän şol kärhanalar¸ edaralar we guramalar graždana bellenen tertipde işden boşadylanda berilýän kömek puluny we beýleki tölegleri tölände;

Türkmenistanda Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksiniň 33-nji maddasynyň birinji bölegini 3¸4¸7¸8-nji punktlarynda¸ 34- nji maddasynyň 1-nji böleginiň 3-nji punktynda göz öňünde tutulan esaslarda işden çykarylanda;

şu Kanunyň 25-nji maddasynyň 4-nji punktynyň şertleri bozulanda.

2. Şu aşakdaky halatlarda işsizlik zerarly posobiýe tölemek bir ýyllap togtadylýar:

özüne ýararly hödürlenen işiň ikisinden hem-de iş bilen üpjün ediş gullugynyň haty bilen kesp-kär okuwyny (täzeden başga käri öwrenmegi) geçip gutarandan soň hödürlenen şeýle işiň ikisinden işsiz boýun gaçyranda; iş bilen üpjün ediş gullugyna gaýtadan ýüz tutandan kesp-kär taýýarlygyny geçmekden boýun gaçyranda;

işsizlik zerarly posobiýe alýan döwründe iş bilen üpjün ediş gullugyna mälim etmän wagtlaýyn işe ýerleşende;

işsizlik zerarly posobiýäni aldawlyk bilen alýan wagtynda;

3. Işsizlik zerarly posobiýe tölemek şu aşakdaky halatrada bes edilýär:

azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza berlende;

suduň karary boýunça kesel bejeriş – zähmet profilaktorisine iberilende.

34-nji madda. Maddy kömek

Işsiziň eklenjinde durýan maşgala çlenlerine¸ şeýle hem posobiýe tölemegiň bellenen möhletiniň geçmegi sebäpli işsizlik zerarly posobiýe almak hukugyny ýitiren graždanlara maddy we gaýry kömek berlip¸ şol sanda ýaşaýyş jaýyndan¸ kommunal hyzmatlardan¸ jemgyýetçilik transportyndan peýdalanylanlygy üçin datasiýa berlip bilner. Maddy we gaýry kömek bermegiň tertibi hem-de şertleri döwletiň Hökümeti¸ häkimlikleriň kararlary¸ şeýle hem kollektiw şertnamalar (ylalaşyklar) esasynda kesgitlenilýär.

35-nji madda. Iş bilen üpjünçiligiň meýletin strahowaniýe edilmegi

Graždanlar işiň ýitiriläýen halaty üçin döwlet starhowaniýe organlary bilen şertnama baglaşyp bilerler. Şeýle şertnamalary baglaşan graždanlar işsizlik zerarly posobiýe almak ýa-da kesp-kär taýýarlygyny we täzeden taýýarlygy geçýän döwründe stipendiýa almak hukugyny ýitirmeýärler.

Strahowaniýe etdirmegiň tertibi¸ onuň näçe döwre baglaşylmalydygy we şertleri Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kesgitlenilýär.

Iş berýänler öz işgärleriniň işini ýitiräýen halaty üçin olary strahowaniýa etdirmäge haklydyr.

VI bölüm. «ILATY IŞ BILEN ÜPJÜN ETMEK HAKYNDAKY» TÜRKMENISTANYŇ KANUNYNYŇ BOZULMAGYNA KONTROLLYK ETMEK WE ONUŇ ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

36-njy madda. Kontrollyk edýän organlar

Şu Kanunyň durmuşa geçirilişine häkimlikler¸ degişli döwlet organlary¸ professional soýuzlar kontrollyk edýärler.

37-nji madda. «Ilaty iş bilen üpjün etmek hakyndaky» Türkmenistan Kanunynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Türkmenistanyň kanunlarynda «Ilaty iş bilen üpjün etmek hakyndaky» Türkmenistan Kanunynyň bozulmagy üçin düzgün-nyzam¸ adminstratiw we jenaýat jogapkärçiligi bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazow

Aşgabat şäheri

1991-nji ýyl, 12-nji noýabr

№ 598- XII

References