Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 11.08.2026

"Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medalyny döretmek hakynda

11.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Giriş maglumatlary

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyjylary we şol ýörişi geçirmegi üpjün edýän adamlary höweslendirmek maksady bilen:

1-nji madda. "Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medalyny döretmeli.

2-nji madda. "Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medaly hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. "Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medalynyň teswirini we onuň plankasynyň ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

2001 ýylyň 15-nji oktýabry

№ 88-II

"Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň

hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň

ýadygärlik ýubileý medaly hakynda

DÜZGÜNNAMA

l. Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medaly Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyjylary we ýörişi geçirmegi üpjün eden adamlary sylaglamak üçin döredildi.

2.“Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja“ diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanýar.

3.Sylaga mynasyp bolan adamlara "Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medaly we şahadatnama gowşurylýar.

4.'Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medaly çep gursaga dakylýar we başga sylaglar bar mahaly şolaryň soňunda ýerleşýär.

"Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medalynyň

TESWIRI

1."Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja" diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medalynyň 32 millimetr diametrli tegelek görnüşi bar. Medalyň altyn çaýylan ýüz tarapynyň ýokarsynda garaşsyz bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekili, şeýle hem Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň kuwwatyny aňladýan asmana gönügen raketalaryň, uçup barýan uçarlaryň we hereket edýän tankyň öňünde eli awtomatly üç esgeriň şekili ýerleşýär. Bu şekiller Türkmenistanyň halkynyň parahatçylykly döredijilikli zähmetiniň nyşany hökmünde iki tarapyndan bugdaýyň aityn sümmülleri bilen gurşalandyr.

2.Medalyň arka ýüzüniň ortasynda ýarymaýyň we bäş ýyldyzyň şekili bar. Şolaryň ýokarsynda "2001 ýyl" diýen ýazgyly lentanyň şekili, onuň aşagynda bolsa medalyň aýlawy boýunça «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen harby ýörişiniň gatnaşyjysy» diýen ýazgy ýerleşýär.

3.Medal halka we iki sany gulajyk arkaly kolodka birleşýär, ol bolsa beýikligi 15 mm., ini 25 mm. bolan köpburçlukdyr. Kolodkanyň ýüz tarapy Türkmen halysynyň göli şekilinde ýerine ýetirilendir, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň altyn çaýylan güberçek şekili berkidilendir. Kolodkanyň arka tarapynda medaly eginbaşa berkitmek üçin iňnebagjyk bar.

«Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

«Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramynyň hormatyna harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik ýubileý medalynyň plankasynyň düşegi gyzyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň ýüzünde merkezden çar tarapa ýaýrap gidýän şöhle şekilli çyzyklar şekillendirilendir, plankanyň merkezinden iki tarapa ýaýrap gidýän parahatçylygyň nyşany bolan altyn reňkli zeýtun şahalary, onuň içinde Garaşsyzlyk binasy we «X ýyl» diýen ýazgy ýerleşdirilendir.

Plankanyň daşky gyrasy sary we goňur reňk bilen örtülen.