Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 11.08.2026

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň ýazgysynyň täze redaksiýasyny tassyklamak hakynda

11.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

1 madda. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň ýazgysynyň täze redaksiýasyny tassyklamaly.

2 madda. «Türkmenistanyň «Galkynyş» ordenini döretmek hakynda» 1994 ýylyň 23 sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň ýazgysyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997- nji ýylyň 15-njy maýy

№ 217-1

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň

ýazgysy

«Galkynyş» ordeni on alty burçluk görnüşinde bolup, ol iki sany bir-biriniň arasyndan geçýän sekiz burçlukdan ybaratdyr.

Ordeniň ortasynda diametri 23 millimetrden ybarat bolan tegelek şekillendirilýär. Ol şekiliň çep tarapynda lawr şahasy¸ sag tarapynda iki sany bugdaý sünbüli, tegelegiň aşaky böleginde üç sany pagta hanasy we iki sany gowaça ýapragy, tegelegiň ortasynda Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň sag gapdala seredýän profil portreti ýerleşdirilýär.

Ordeniň ýüz tarapyndaky şekiller kümüşden ýasalýar. Içki sekiz burçlugyň ýüzi altyn zynjyrjyk bilen jäheklenýär,

«Galkynyş» ordeni bürünç metalyň ýüzüne altyn çaýmak arkaly ýasalýar. Onuň diametri 39,5 mm.

Orden halkajyk arkaly bürünç metaldan ýasalan we daşyna altyn çaýylan kolodka birleşdirilýär. Kolodka iki bölekden ybarat bolup, ýokarky bölegi, ini 8,8 mm, boýy 28,8 mm. bolan gönüburçlukdyr. Onuň içinde gyzyl syrça çaýylan ýüzüne bäş sany haly gölleri şekillendirilýär. Kolodkanyň aşaky bölegi, ýokarky tarapy 25 mm, gapdal taraplary 18 mm. ybarat bolan üçburçlukdyr. Ol ýaşyl syrça bilen reňklenendir.

Ordeniň arka tarapynda döwlet dilinde (täze elipbiýde) «GALKYNYŞ» we «TÜRKMENISTANYŇ ORDENI» diýen ýazgylar bar.

Salgylanýar