Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 11.08.2026

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

11.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 12.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

1-nji madda

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 102478,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 104878,5 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 18205,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 20605,5 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň ahyrky derejesini 2400,0 mln. manat möçberde bellemeli.

2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary býujet ýetmezçiliginiň üstüni ýapmak üçin çeşme bolup durýar diýip bellemeli.

3-nji madda

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 94184,9 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 96584,9 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 9911,8 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 12311,8 mln. manat möçberde tassyklamaly.

4-nji madda

5-nji madda

6-njy madda

7-nji madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary 2016-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 21-nji noýabry.

№ 303-V.