Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 11-12, 2089-njy madda)

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, milli medeniýetiň ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünyä «EKSPO-2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de Milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Merdankuli Nurýagdyýewiç Baýramowy,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Ýazberdi Gurbannepesowiç Hydyrowy,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Gurbanmyrat Çaryýarowiç Baýjykowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň başlygynyň orunbasary - Daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň başlygy Serdar Gurbannepesowiç Atagylyjowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Düýpli gurluşyk we ulaglar bölüminiň başlygynyň orunbasary Wepa Ebabakrowiç Karaýewi,

«Tekmil» hususy kärhanasynyň direktory Şanepes Amannepesowiç Amannepesowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 16-njy noýabry.

№ PP-905