Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 3, 2161-nji madda)

«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna şu Permana goşulýan Sanawa laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2022-nji ýylyň 2-nji marty

№ PP-929

Türkmenistanyň Prezidentiniň,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň

Belent Serkerdebaşysynyň

2022-nji ýylyň 02-nji martynda

çykaran PP-929-njy Permanyna

goşulýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýän hem-de güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän Permanlarynyň

Sanawy

I. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginde:

1) 7-nji bendinde «hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy» diýen sözleri aýyrmaly;

2) 18-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«181) Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni - 6-njy awgust;»;

3) 251-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«252) Türkmen alabaýynyň baýramy - oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi;».

II. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginiň 23-nji, 261-njy bentlerini.

2. «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda çykaran 510-njy Permanyna (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2019-njy ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 1128-nji maddasy) goşulýan Türkmenistanyň Prezidentiniň üýtgetmeler, goşmaçalar girizilýän we güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän Permanlarynyň Sanawynyň I babynyň ikinji böleginiň 3-nji bendini.

3. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanyna üýtgetme, goşmaça girizmek we käbir bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda çykaran 560-njy Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2019-njy ýyldaky 7-8-nji ýygyndysynyň 1222-nji maddasy) birinji böleginiň 1-nji bendini.