Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 10, 2072-nji madda)

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-i

№ PP-902