Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

A. A. Saryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

A. A. Saryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A. A. Saryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 8, 1991-nji madda)

Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny ýokarlandyrmaga we dünýä ýaýmaga, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, türkmen sportunyň inçe tälimlerini we nusgalyk ýollaryny ýaş nesillere öwretmäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamaga goşan aýratyn şahsy goşandyny, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Ahmet Akmuradowiç Saryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň awgust aýynyň 17-i.

№ PP-860