Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

P. A. Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

P. A. Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

P. A. Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 8, 1990-njy madda)

Türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanandygyny, 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländigini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Aleksandrowna Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň awgust aýynyň 17-i.

№ PP-859