Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 4, 1883-nji madda)

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmekde, atlary ýetişdirmekde we olaryň syna gözelligini kämilleşdirmekde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen gymmatly miras bolan türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde, ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamakda, seýislän bedewi bilen at çapyşyklarynda we atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlarda ýokary ussatlygy hem-de hünäre ezberligi görkezmekde, baýrakly orunlary eýelemekde, ýaş nesillere seýisçilik sungatynyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmekde gazanan uly üstünlikleri we halypalyk etmek işlerine goşan aýratyn saldamly goşantlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi Suwhandurdy Amandurdyýewiç Kuljanowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atçylyk bölüminiň seýsi Derýamyrat Gurbanmyradowiç Saparowa;

«Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň baş seýsi Kakamyrat Agamyradowa,

Aşgabat şäherinden hususy atşynas, seýis Orazguly Babalyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2021 ý. aprel aýynyň 19-y.

№ PP-829