Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 12, 578-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýaşlary Watany söýmek ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary, ýurdumyzda durnuklylygy, halkymyzyň jebisligini we bitewiligini üpjün etmäge goşan goşandy, türkmeniň altyn asyry boljak XXI asyryň bosagasynda bitiren merdana zähmetleri üçin, şeýle hem halkyň arasynda uly abraýyny nazara alyp:

«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Annaberdi Agabaýewe,

Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Kakabaý Ataýewe,

Türkmenistanyň Oba hojalygyny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Amandurdy Borjakowa,

Türkmenistanyň Atamyrat Nyýazow adyndaky Weteranlar guramasynyň başlygy Oraz Nepesowa,

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakabaý Ylýasowa,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap medeniýet bölüminiň müdiri Kakabaý Ylýasowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 7-nji dekabry

№ PP-2988 A