«Türkmen sesi» gazetiniň adyny üýtgetmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmen sesi» gazetiniň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 7, 347-nji madda)
Beýik Garaşsyzlygymyzyň halkymyza we dünýä türkmenlerine beren ajaýyp bagtynyň, merdana pederlerimiziň milli ýörelgeleriniň, ata Watanymyzyň baý taryhynyň, dünýä ýüzündäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň gazet sahypalarynda çeper beýan edilişini ýokarlandyrmak maksady bilen hem-de giň okyjylar köpçüliginiň haýyşlaryny göz öňünde tutyp, karar edýärin:
«Türkmen sesi» gazetiniň adyny üýtgetdip, ony mundan beýläk «Türkmen dünýäsi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Dünýä türkmenleriniň Gumanitar Saparmyrat
birleşiginiň Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 8-nji iýuly
№ PP-2911