Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Düýeboýun kanalynyň adyny üýtgetmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Düýeboýun kanalynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Düýeboýun kanalynyň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 6, 280-nji madda)

Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetinde we oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler gün-günden rowaç alýar. Indi türkmen halkymyz öz güýjüne daýanyp, demir ýollary, gara ýollary, suw desgalaryny gurýar. Daşoguz welaýatynda gurulýan, uzynlygy 180 kilometre barabar bolan Düýeboýun kanaly hem şolaryň biridir. Garagum derýamyz ýaly bu desga hem hiç hili nasossyz, emeli güýç ulanmazdan öz akymyna akýar. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda türkmen gudratyndan dörän bu desga müňlerçe gektar täze ekerançylyk ýerlerini özleşdirmäge mümkinçilik berer. Onuň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ilatymyzyň yaşaýyş derejesiniň has-da ösmegi üçin iňňän wajyp ähmiýetini göz öňünde tutup, bolçulygyň we bereketiň çeşmesi bolan suwa mukaddes garap, karar edyärin:

1. Düýeboýun kanalyny mundan beyläk Türkmen derýasy diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we wedomstwolary şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri kartalara we beýleki resmi kagyzlara girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 10-njy iýuny

№ PP-2888