O. Nyýazlyýewi III derejeli "Altyn asyr" ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
O. Nyýazlyýewi III derejeli "Altyn asyr" ordeni bilen
sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 7, 501-nji madda)
Berkarar Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem halk hojalygynyň dürli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini has ýokarlandyrmaga goşýan uly goşandy, işi döwrebap guraýandygy hem-de täze özgerişlikler eýýamynyň wezipelerini durmuşa geçirmek ugrunda edýän yhlasly tagallalary üçin, Balkan welaýatynyň häkimi Orazmyrat Nyýazlyýewi III derejeli "Altyn asyr" ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 19-njy iýuly
№ PP-4807