G. Alyjanowany III derejeli "Altyn asyr" ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
G. Alyjanowany III derejeli "Altyn asyr" ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 11, 1130-njy madda)
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňündäki aýratyn hyzmatlaryny, ýaş nesillerimizi milli medeniýetimize we sungatymyza söýgi ruhunda terbiýelemekde bitiren işlerini hem-de ata Watanymyzyň batly gadamlaryny wasp edyän aýdymlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň folklor-etnografık studiýasynyň saz toparynyň bagşylarynyň ýolbaşçysy Gülşirin Alyjanowany III derejeli "Altyn asyr" ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2006-njy ýylyň 28-nji noýabry
№ PP-4585