S. Rozmetowy Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
S. Rozmetowy Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 2, 742-nji madda)
Baky Bitarap Türkmenislan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, eziz diýarymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge goşan şahsy goşandy, türkmen halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan ajaýyp üstünlikleri, ýaş nesillerimizde ata Watana, halal zähmete, topraga söýgi döretmekde bitirýän göreldeli işleri hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli zähmeti üçin, Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň S. Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Sadulla Rozmetowy Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2006-njy ýylyň 7-nji fewraly
№ PP-4455