Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

G. T. Gurbanowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

G. T. Gurbanowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G. T. Gurbanowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti"

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 7, 308-nji madda)

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlary, Beýik Garaşsyzlygymyzy we Mukaddes Ruhnamamyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlara dirizýorçylyk etmekde ýokary ussatlygy, şeýle hem ýaş aýdymçylary we sazandalary ýetişdirmekde çeken halal we joşgunly zähmeti üçin, Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktory Gurbandurdy Tirkeşowiç Gurbanowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 16-njy iýuly

№ PP-4311