Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Saglygy goraýyş hünärli ätiýaçdaky serkerdeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hataryna çagyrmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Saglygy goraýyş hünärli ätiýaçdaky serkerdeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hataryna çagyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Saglygy goraýyş hünärli ätiýaçdaky serkerdeleri Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hataryna çagyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 6, 236-njy madda)

"Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň bölümlerinde saglygy goraýyş ugurly boş wezipeleri eýelemek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2005-nji ýylyň sentýabr-dekabr aýlarynda 35 ýaşa çenli, saglygy goraýyş hünärli ätiýaçdaky serkerdeleriň 100-sini 2 ýyl möhlete Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hataryna çagyrmaly.

2. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy bilen bilelikde saglygy goraýyş hünärli ätiýaçdaky serkerdeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hataryna çagyrmagy guramaly.

3. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri şu Permanyň 1-nji bölümine laýyklykda saglygy goraýyş hünärli ätiýaçdaky serkerdeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hataryna çagyrmakda harby wekilçiliklere ýardam etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 10-njy iýuny

№ PP-4276