Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

"Türkmenhaly" döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

"Türkmenhaly" döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

"Türkmenhaly" döwlet paýdarlar korporasiýasynyň

kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 5, 195-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň merdana halkynyň milli buýsanjyna öwrülen gadymy nusgawy halylarymyzyň şan-şöhratyny arşa götermäge, taýsyz gözelligi we nepisligi bilen älem meşhurlygyna eýe bolan gadymy hem müdimi milli haly sungatymyzy ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge goşan uly şahsy goşandy, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy hem-de türkmeniň Altyn asyrynda ýaş halyçylary ýetişdirmäge işjen gatnaşýandygy we türkmen halysynyň baýramy mynasybetli:

Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maral Amandurdyýewna Nurmuhammedowany,

Marynyň haly-boýag kärhanasynyň Sakarçägedäki bölüminiň halyçysy Aýna Şahyrowna Agarowany "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly;

Aşgabatdaky çeper-synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gurbangül Baýhanowna Orazowa,

Baharlydaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Annanabat Öwezgylyjowna Tyrrykowa,

Serdar şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulgerek Hojaýewa,

Esengulydaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Nyýazbibi Annamämmedowna Täçmämmedowa,

Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadagdaky bölüminiň halyçysy Annagül Padarowa,

Halaçdaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Rozygül Hemmiýewa "Türkmenistanyň at gazanan halyçysy" diýen hormatly atlary dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 25-nji maýy

№ PP-4270