Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

O. Işangulyýewany "Gurbansoltan eje" ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

O. Işangulyýewany "Gurbansoltan eje" ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

O. Işangulyýewany "Gurbansoltan eje" ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 5, 185-nji madda)

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, Altyn asyrymyzda gazanan döredijilik üstünlikleri, uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmeti, teatr sahnasynda merdana türkmen zenanynyň keşbini döretmekde görkezen ýokary ussatlygy, ýaş sungat işgärlerini ýetişdirmäge hem-de ýaşlary Watanymyza söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge goşan şahsy goşandy üçin, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Oguljeren Işangulyýewany "Gurbansoltan eje" ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 13-nji maýy

№ PP-4260