Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň suw hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň suw hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň suw hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary

bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 4, 135-nji madda)

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmäge, türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy, bereket çeşmesi bolan suwumyzyň tygşytly, isripsiz ulanylmagyny üpjün etmäge, "Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry" Milli maksatnamamyza laýyklykda güýçli depgin bilen ösdürilýän ýurdumyzyň senagat we oba hojalyk önümçiligini suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge goşan şahsy goşandy, ýokary netijeli zähmeti we hünär ussatlygy üçin, şeýle hem türkmen halkynyň "Suw damjasy - altyn dänesi" milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

"Günbatarsuwhojalyk" gurluşyk birleşiginiň Ahal welaýatyndaky "2-nji göçmesuwgurluşyk" önümçilik dolanyşygynyň ekskawatorçysy Çarymuhammet Kömekowiç Annamyradowy III derejeli "Altyn asyr" ordeni;

"Daşoguzsuwhojalyk" önümçilik birleşiginiň "Boldumsazsuwhojalyk" önümçilik dolanyşygynyň maşinisti Nedirbaý Gurbanbaýewi;

"Marysuwhojalyk" önümçilik birleşiginiň "Maryetrapsuwhojalyk" önümçilik dolanyşygynyň ekskawatorçysy Täçgeldi Bäşimowy "Gaýrat" medaly;

"Lebapsuwhojalyk" önümçilik birleşiginiň "Lebap Altyn Asyr Türkmen köl" önümçilik dolanyşygynyň buldozerçisi Bazarbaý Toýgulyýewi;

"Balkansuwhojalyk" önümçilik birleşiginiň "21-nji göçmesuwhojalyk" önümçiiik dolanyşygynyň ekskawatorçysy Parahat Gurbanowiç Halylowy "Watana bolan söýgüsi üçin" ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 1-nji apreli

№ PP-4247