O. Hotjyýewa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
O. Hotjyýewa "Türkmenistanyň at gazanan artisti"
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 2, 59-njy madda)
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, teatr sungatyny ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Orazjemal Hotjyýewa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2005-nji ýylyň 4-nji fewraly
№ PP-4215