Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 10, 406-njy madda)
Garaşsyz Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň hem-de onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, eziz Diýarymyzyň pajarlap ösmegine goşan önjeýli goşandyny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli, göreldeli zähmetini, Altyn asyrymyzda gazanan ajaýyp üstünliklerini, yaş nesli il-günümiziň Baş kitabyna öwrülen mukaddes Ruhnamamyzyň mysalynda ata Watanymyza, ene topragymyza, mähriban halkymyza çuňňur söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren asylly işlerini hem-de welaýat we Aşgabat säher häkimlikleriniň haýyşnamalaryny göz öňünde tutup, karar edýärin:
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gypjak obasynyň ýasulular geňeşiniň başlygy, Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň mütewelisi Atageldi Gulgeldiýewe,
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Mäne obasynyň Halk döredijilik öýüniň müdiri Saparmyrat Annamyradowa,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy Aşyr Potdykowa,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ymamy Nurgeldi Akgaýewe,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap geňeşiniň başlygy Haldurdy Gylyjowa,
Daşoguz welaýatynyň ýaşulular geňeşiniň başlygynyň orunbasary Joşan Emekowa,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň başlygy Abdy Taganowa,
Lebap welaýatynyň Garabekewül şäherçesiniň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Jumadurdy Joraýewe,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Mary şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary Berdi Gulhanowa¸
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kadyr Seýidowa,
Aşgabat şäherindäki Türkmen politehniki institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň binagärlik kafedrasynyň müdiri Ataberdi Gurbanlyýewe,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Aşgabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky Ahalteke athanasynyň seýsi Geldimämmet Annalyýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2004-nji ýylyň 23-nji oktýabry
№ PP-4126