Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Soltanşa Atanyýazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Soltanşa Atanyýazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Soltanşa Atanyýazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 8, 310-njy madda)

Baky bitarap Türkmenistan Watanymyzyň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryny, dil, medeni baýlyklaryny ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri, mähriban Watanyna, ene topragyna guwanýan, il-ýurduna berlen, ýürekleri eziz halkyna buýsançdan doly ýaş nesilleri terbiýelemäge goşýan uly goşandy hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli zähmeti üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary Geňesiň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň söz öwreniş we sözlükçilik bölüminiň baş ylmy işgäri Soltanşa Atanyýazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 24-nji awgusty

№ PP-4102