Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ö.A.Ödekowy «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ö.A.Ödekowy «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ö.A.Ödekowy «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 7, 257-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, eziz diýarymyzyň nebitgaz, geologiýa pudagyny ylmy taýdan öwrenmäge we ösdürmäge goşan şahsy goşandy, türkmen halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan ajaýyp üstünlikleri, ýaş nesillerimizde ata Watana, halal zähmete, ylma, bilime söýgi döretmekde bitirýän göreldeli işleri hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halat, tutanýerli zähmeti üçin «Türkmengeologiya» döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag geologiýa gözleg institutynyň direktory Ödek Akjaýewiç Ödekowy «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 6-njy iýuly

№ PP-4074