Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

A.Babaýewi «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

A.Babaýewi «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A.Babaýewi «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 4, 138-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, türkmen halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan ajaýyp üstünlikleri, ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli ösdürmek boýunça özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçmegine we hünärmenleri taýýarlamaga goşan saldamly goşandy, ýaş nesillerimizde ata Watana, ene topraga, halal zähmete söygi döretmekde bitirýän göreldeli işleri hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli zähmeti üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Akmyrat Babaýewi «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 3-nji apreli

№ PP-4043