Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

S.K.Abdullini «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

S.K.Abdullini «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

S.K.Abdullini «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 3, 91-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, eziz Diýarymyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny, köp ýyllaryň dowamynda çekýän gujur-gaýratly halal zähmetini nazara alyp, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Şatlyk» çagalar tans toparynyň ýolbaşçysy Salawat Kemalowiç Abdullini «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 25-nji marty

№ PP-4034