Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 8, 302-nji madda)

Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň parahat we asuda durmuşyny goramakda bitiren hyzmatlary üçin:

podpolkownik Orazberdi Soltanowy,

maýor Agamyrat Gurbanýazowiç Ýawanowy,

maýor Geldimyrat Kerkiýewiç Gylyjowy,

maýor Agamyrat Kakyşewiç Babaýewi,

kapitan Toýly Babaýewiç Meredowy,

uly leýtenant Döwlet Ataýewiç Atabaýewi,

uly leýtenant Şamuhammet Çaryýewiç Hudaýnazarowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 7-nji awgusty

№ PP-3891