Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 6, 237-nji madda)

Hukuk düzgün-nyzamyny, kanunylygy we adalatlylygy berkarar etmekde, kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň we kararlarynyň gyşarnyksyz hem-de wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmakda, hukuk döwletimiziň raýatlarynyň hukuklaryny hem-de döwletiň bähbitlerini goramak boýunça wezipeleri amala aşyrmakda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp hem-de Türkmenistanyň prokuraturasynyň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň aýratyn tapawutlanan işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

«Edermenlik» medaly bilen:

Mary welaýatynyň prokurory Hudaýberdi Nedirowy,

Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary Muhammetmyrat Daňatarowy,

Türkmenbaşy şäheriniň düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik baradaky prokurory Mämmetgeldi Mämmedowiç Täçmämmedowy;

«Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň aýratyn möhüm tabşyryklar boýunça kömekçisi Mekan Çarymyradowiç Mämmedowy;

«Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň jenaýat üçin jezanyň ýerine ýetirilişiniň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň başlygy Hudaýnazar Nazarowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüsi Bagtyýar Babaýewiç Gurbanowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory Akmyrat Amanowiç Saparmyradowy,

Aşgabat şäher prokuraturasynyň bölüminiň başlygy Myrat Orazsähedowiç Çaryýewi,

Ahal welaýat prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory Rejep Gazakowy,

Daşoguz welaýat prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça sülçüsi Toýlybaý Satybaldyýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 26-njy iýuny

№ PP-3885