Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

G.Täçnazarowa we G.Esenowa «Türkmenistanyň senagatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

G.Täçnazarowa we G.Esenowa «Türkmenistanyň senagatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G.Täçnazarowa we G.Esenowa «Türkmenistanyň senagatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 6, 229-njy madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň mähriban halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, Altyn asyrymyzyň senagatyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetlerini hem-de ülkämiziň nebitgaz toplumynyň ösmegine goşan aýratyn goşantlaryny nazara alyp, karar edýärin:

Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Guýçnazar Täçnazarowa,

«Türkmennebitgaz» döwlet söwda korporasiýasynyň Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Güýçmyrat Esenowa «Türkmenistanyň senagatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 5-nji iýuny

№ PP-3873