«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 5, 191-nji madda)
Türkmenistanda milli halyçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy we ýokary hünär ussatlygy üçin:
Serdardaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulbike Gurbanowa;
Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Jemile Jumadurdyýewa;
Aşgabatdaky çeper-synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulsabyr Kakabaýewa;
Marydaky boýag-çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Enji Saryýewa;
Halaçdaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulgeldi Taňrygulyýewa - «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy»,
Aşgabatdaky çeper-synag halyçylyk kärhanasynyň baş suratkeşi Gurbangeldi Tokarowa - «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly atlary dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2003-nji ýylyň 22-nji maýy
№ PP-3862