Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Hukuk goraýjy we harby edaralaryň tapawutlanan işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Hukuk goraýjy we harby edaralaryň tapawutlanan işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Hukuk goraýjy we harby edaralaryň tapawutlanan işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 1, 11-nji madda)

Mertligini, gaýduwsyzlygyny, watançylygyny, öz gulluk hem-de harby borjuna wepalylygyny, ýurdumyzda howpsuzlygy, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak işinde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, terrorçylygyň üstüni açmak we aýratyn howply jenaýatçylary tutmak işinde görkezen ýokary hünär ussatlygyny belläp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň birinji orunbasary, polkownik Geldimuhammet Aşyrmuhammedowy,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, podpolkownik Atamyrat Gurbanowiç Berdiýewi,

Türkmenistanyň Milii howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, polkownik Nikolaý Wladimirowiç Zabolotnowy,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, maýor Ýusup Şadurdyýewiç Bekjäýewi,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, maýor Myratdurdy Meretdurdyýewiç Kiçikowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüsi Guwandyk Allakowiç Ahmedowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça sülçüsi Döwran Atajanowiç Şagylyjowy «Edermenlik» medaly bilen;

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüsi Şageldi Baýgeldiýewiç Meredowy,

Aşgabat şäheriniň Polisiýa departamentiniň başlygy, polisiýanyň polkownigi Aşyr Ataýewi,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň birinji orunbasary Jumamyrat Amanowiç Annadurdyýewi «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, maýor Myrat Geldiýewiç Agaýewi,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, kapitan Nurgeldi Geldimyradowiç Aşyrowy,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, kapitan Sonýa Aşyrowna Nuryýewany,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, uly leýtenant Muhammetberdi Kakabaýewiç Kulyýewi,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça sülçüsi Nyýazmämmet Saparowiç Arrykowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüsi Gurbanmyrat Jumaberdiýewiç Gylyjowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüsi Maksat Mämmetýarowy.

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça sülçüsi Hydyr Amanmyradowiç Nurmyradowy,

Türkmenisíanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça sülçüsi Nurmyrat Ataýewiç Nursähedowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça sülçüsi Şükürla Hudaýgulyýewiç Hudaýgulyýewi,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy Tuwaknazar Sopyýewi,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy Soltanmyrat Goçgulyýewiç Goçgulyýewi,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy Ataberdi Batyrowiç Annagulyýewi,

Aşgabat şäher kazyýetiniň Başlygynyň orunbasary Goçmyrat Ilamanowy „Watana bolan söýgüsi üçin” ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 24-nji ýanwary

№ PP-3823