Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 1, 2-nji madda)

Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň we onuň halkynyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, ýokary sport ussatlygy we halkara ýaryşlarynda gazanan görnükli üstünlikleri, Türkmenistanda sporty ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin, şulary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

„Garaşsyzlyk“ ordeni bilen:

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky komitetiniň ýokary ussatlyk mekdebiniň türgenleşdirijisi Igor Orazmuhammedowiç Pirekeýewi;

„Gaýrat“ medaly bilen:

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň türgenleşdiriji mugallymy Nepes Kakaýewiç Gukulowy,

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky komitetiniň sport mekdebiniň türgenleşdirijisi Guwanç Babahanowiç Nurmuhammedowy,

Türkmenistanyň Kikboksiň boýunça milli merkeziniň türgenleşdirijisi Alladurdy Saparowiç Annanurowy,

Türkmenistanyň Kikboksiň boýunça milli merkeziniň türgenleşdirijisi Orazmuhammet Bäşimowy;

„Watana bolan söýgüsi üçin“ diýen medal bilen:

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 3-nji synpynyň talyby Nasiba Egembergenowna Salaýewany.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 6-njy ýanwary

№ PP-3805