Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 8, 391-nji madda)
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we agzybir halkymyzyň öňünde bitiren ajaýyp hyzmatlaryny, ata Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna köp ýyllap çeken halal zähmetlerini, gazanan ajaýyp üstünliklerini, ýaş neslimizi Watana, halkymyza beýik söýgi ruhunda terbiýelemekde bitiren asylly işlerini nazara alyp, karar edýärin:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Goranmak ministri Rejepbaý Arazowa,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Rejep Saparowa,
Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň başlygy Aleksandr Nikolaýewiç Grişine,
Türkmenistanyň Bilim ministri, Türkmenistanyň Türkmenbasy adyndaky Milli golýazmalar institutynyň direktory Annagurban Aşyrowa,
Döwlet ministri- «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Güýçnazar Täçnazarowa,
Türkmenistanyň Gahrymany, Döwlet ministri- «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Saparmämmet Weliýewe,
Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky döwlet komitetiň başlygy Ýegen Atagarryýewe¸
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri Mätkerim Rajapowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulysy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 8-nji awgusty
№ PP-3691